Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy gurlar

06:3109.05.2024
0
4447

Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň gündogar tarapynda 320 orunlyk çagalar bagynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Berk Gala Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Kararda gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň maý aýynda başlamak we çagalar bagyny 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem Aşgabadyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Comments
To leave a comment, log in or register