“Türkmen teatrlary” ykjam programma üpjünçiligi

0
3711

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek boýunça alnyp barylýan işlere goşant goşmak hem-de raýatlarymyza amatlylyk döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan “Türkmen teatrlary” atly ykjam programma üpjünçiligi işe goýberildi. Wideomyzyň bu gezekki sanynda şol programma üpjünçiligi barada giňişleýin gürrüň bereris.

Programmanyň maksady näme?

Ýurdumyzyň ähli künjeginde ýerleşýän teatrlar, olarda goýulýan oýunlar, oýunlaryň gün tertibi we wagty (afişa) barada maglumatlary we sahnadan pursatlary özünde jemlemek, şeýle-de orunlary saýlamak bilen oýunlaryň peteklerini internet arkaly hakyky wagt tertibinde (“online” görnüşde) öňünden satyn almak mümkinçiligini döretmek.

Programmany nädip gurnamaly?

Programma “akylly” ykjam enjamlar üçin niýetlenip, “Android” operasion ulgamly enjamlar üçin “Playmarket”-den, IOS operasion ulgamly enjamlar üçin bolsa “AppStore”-dan internet arkaly alyp gurnap bolýar.

Şeýle-de, ulanyjylar üçin türkmen teatrlary atly web saýty hem döredildi. Teatrlar üçin petekleri web saýtyň üsti bilen hem satyn alyp bolýar.

Programmanyň amatly taraplary

1. Hakyky wagt tertibinde teatr oýunlaryna petek satyn almak mümkinçiligi;

2. Oturmak üçin orunlary öňünden saýlamak mümkinçiligi;

3. Teatrlarda goýulýan her oýun boýunça suratly sahna pursatlaryny görmek we petek satyn almazdan oýun bilen içgin tanyşmak mümkinçiligi;

4. Teatrlar, teatrlarda goýulýan oýunlar we olarda çykyş edýän sungat işgärleri barada täzelikleri we habarlary okamak mümkinçiligi;

5. Töleg kassalaryna baryp nobata durmak üçin sarp edilýän wagtyň tygşytlanmagy;

6. Tiz, ygtybarly we amatly.

Elektron petek arkaly teatrlara nädip girmeli?

Programmanyň üsti bilen teatrlara petek satyn alnanda onuň elektron nusgasy “Peteklerim” menýusynda saklanýar, şeýle hem elektron poçtaňyza iberilýär. Teatra baranyňyzda şol petegi kassire görkezmeli, kassir petek belgisini öz programmasy bilen deňeşdirýär, şeýle-de petekdäki QR kody skanirläp, onuň hakykylygyny barlaýar. Şu ädimler üstünlikli ýerine ýetirilenden soň, oýuna tomaşa etmäge girip bilersiňiz.

 

Programma arkaly teatrlara petek satyn almak üçin nämeler zerur?

1. “Akylly” ykjam enjamy (smartfon, planşet) we onuň internete birikdirilen bolmagy;

2. “Altyn asyr” bank kartynyň maglumatlary;

3. “Altyn asyr” bank kartynyň CVC kody;

4. “Altyn asyr” bank kartyna SMS habar hyzmatynyň birikdirilen bolmagy.

 

Biz bilen habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar