Soňky habarlar

Arhiw

Berdi Şamyradowyň üç pökgüsi “Aşgabada” nobatdaky ýeňşi getirdi

21:3308.09.2015
0
6082

Dünýä çempionaty — 2018-iň Aziýadaky saýlama duşuşyklary sebäpli ara düşen böwşeňlikden soň, Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynyň oýunlary başlandy.

Türkmenistanyň futbol federasiýasynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama böleginde çykyş edýänligi sebäpli milli çempionatyň 22-nji tapgyrynyň duşuşyklary 28—30-njy awgustdan 28-nji noýabra geçirildi.

23-nji tapgyr şu gün paýtagtda “Aşgabat” bilen “Daşogzuň” arasyndaky duşuşyk bilen başlandy. Şu möwsümde bu iki topar öz aralarynda iki duşuşyk geçirdiler. Olaryň ikisinde hem aşgabatlylar 3:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. 8-nji aprelde geçen ilkinji duşuşykda ýeňiji topardan 2 pökgi geçiren milli ýygyndynyň hüjümçisi Berdi Şamyradow tapawutlandy. Ol şu günki duşuşygyň hem esasy gahrymanlarynyň birine öwrüldi. Eýýäm 7-nji minuta çenli Berdi daşoguzlylary derwezesine iki pökgi geçirdi. Soňra, 22-nji minutda myhmanlar Hamza Alamowyň dürs ýerine ýetiren urgusyndan bir jogap pökgüsini geçirdiler. Arakesmeden soň bolsa, B.Şamyradow hasaby gutarnykly 3:1-a ýetirdi. Indi B.Şamyradowyň geçiren pökgüleriniň sany 13-e ýetdi we ol bu görkeziji boýunça iň netijeli hüjümçileriň arasynda G.Abylow (“Hazyna”) bilen 5-nji orny paýlaşýar.

Bu ýeňişden soň 37 utuk toplan “Aşgabat” Türkmenbaşynyň “Şagadamyny” 5-nji orna süýşürdi. “Şagadam” şu tapgyrdaky duşuşygyny 9-njy sentýabrda Aşgabatda “Hazyna” garşy geçirer. Şeýle hem şol gün 23-nji tapgyryň “Merw” — “Ahal”, HTTU — “Altyn asyr” we “Balkan” — “Energetik” duşuşyklary geçiriler.     

 

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

"Aşgabat" – "Daşoguz" – 3:1 (2:1)

8-nji sentýabr. Aşgabat. "Aşgabat" stadiony. 150 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Berdi Şamyradow 4, 7, 61 – Hamza Alamow 22.

Duýduryş alanlar: Meýlis Seýidow 29, Yhlas Aýmämmedow 59, Resul Saparbaýew 65, Muzafar Saburow 76 (hemmesi – "Daşoguz").

Emin: Ruslan Ereşow.

Duşuşygyň inspektory: Çaryýar Ataýew.

 

9-njy sentýabra çenli toparlaryň ýerleşiş tertibi

Iň köp pökgi geçirenler:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 20 (2 – 11 metrlik urgudan).

Süleýman Muhadow ("Altyn asyr") – 18 pökgi.

Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal") – 16.

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 14 (6).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň