Myrat Ýagşyýewiň pokeri «Balkany» öňdebaryja ýakynlaşdyrdy

2
852
6
1

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň ikinji oýun gününde ýer eýeleri myhmansöýerlik görkezmediler. Geçirilen üç duşuşykda myhmanlar bary-ýogy bir utuk gazandylar.

Baýramalyda «Merw» 2:0 hasabynda «Daşoguzdan» üstün çykdy. Pökgüleri 3-nji minutda jerime urgusyndan Begenç Alamow we birinji ýarymyň tamamlanmagyna 4 minut galanda Daýanç Durdyýew geçirdi.

Şeýlelikde, «Merw» üç oýunlyk ýeňlişsiz tapgyrynyň arasyny üzdi we ýaryş tablisasynda altynjy orna geçdi.

Türkmenbaşynyň «Şagadamy» öz meýdanynda Marynyň «Energetiginden» üstün çykyp, bassyr ikinji uly hasaply ýeňşini gazandy — 3:0. 15-nji minutda Gahrymanberdi Çoňkaýew, 57-nji minutda Döwlet Baýramow, 75-nji minutda bolsa 11 metrlik urgudan Hemra Amanmämmedow tapawutlandylar.

Balkanabatda bolan duşuşyk iň uly hasap bilen tamamlandy. «Balkan» «Hazynanyň» derwezesinden jogapsyz dört pökgi geçirdi. Olaryň ählisini Myrat Ýagşyýew öz adyna ýazdyrdy. Bu zehinli hüjümçi 2015-nji ýylyň çempionatynda poker (bir oýunda 4 pökgi geçirmek) görkezen ilkinji oýunçy boldy. Şeýle hem şu möwsümde Myrat Ýagşyýew penta-trik (bir oýunda 5 pökgi geçirmek) we het-trik (bir oýunda üç pökgi geçirmek) bilen tapawutlanan futbolçydyr. Ol bu netijeleri degişlilikde «Daşoguza» hem «Energetige» garşy duşuşyklarda görkezipdi. Netijede ol 14 pökgi bilen netijeli futbolçylaryň arasynda öňe saýlansa, «Balkan» öňde barýan «Altyn asyra» ýakynlady. Bu toparlaryň arasynda bary-ýogy 2 utuk tapawut bar.

Tapgyryň «Ahal» bilen «Altyn asyryň» arasynda geçirilmeli jemleýji duşuşygy 24-nji iýuna geçirildi.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşyklaryň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

«Balkan» – «Hazyna» – 4:0 (1:0)

16-njy maý. Balkanabat. «Sport toplumy». 700 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Myrat Ýagşyýew 43, 46, 73, 90+5.

Duýduryş alanlar: Batyr Atamämmedow 36, Serdaraly Ataýew 40, Nurtagan Mämmedalyýew 60 – Didar Durdyýew 34.

Emin: Alibek Sapaýew.

Gözegçi emin: Rubik Danelýan.

 

«Merw» – «Daşoguz» – 2:0 (2:0)

16-njy maý. Baýramaly. «Sport desgasy». 1 100 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Begenç Alamow 3, Daýanç Durdyýew 41.

Duýduryş alan we oýundan çykarylan ýok.

Emin: Begenç Allaberdiýew.

Gözegçi emin: Eldar Ramazanow.

 

«Şagadam» – «Energetik» – 3:0 (1:0)

16-njy maý. Türkmenbaşy etraby. «Sport Desgasy». 200 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Gahrymanberdi Çoňkaýew 15, Döwlet Baýramow 57, Hemra Amanmämmedow 75 (11 metrlik urgudan).

Duýduryş alanlar: Hemra Amanmämmedow 14 – Rüstem Mämmedow 67.

Emin: Çarymyrat Gurbanow.

Gözegçi emin: Allabergen Sapaýew.

 

11-nji tapgyrdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi

Iň köp pökgi geçirenler:

Myrat Ýagşyýew («Balkan») – 14 pökgi (1 – 11 metrlik urgudan).

Süleýman Muhadow («Altyn asyr») – 10.

Hemra Amanmämmedow («Şagadam») – 9 (4).

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Dawlet83 ( 17/05/2015 )

Балкан 4:0 Хазына 700 зрителей! Не может быть! Было как минимум 1800 зрителей! Стадион вмезшает 10000 один сектор был заполнен!

Рейтинг@Mail.ru