Dünýä çempionaty — 2018-iň we Aziýanyň Kubogy — 2019-yň saýlama oýunlarynyň başlanmagyna bir aýdan gowrak wagt galanda, Türkmenistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bellenildi. Futbol federasiýasynyň kararyna laýyklykda ýurduň baş toparyna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangylyç Koçumow ýolbaşçylyk eder. Onuň bu wezipä bellenendigi Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan hem tassyklanyldy.
Amangylyç Koçumow ussatlar toparlaryndaky çykyşyna 1983-nji ýylda SSSR-iň çempionatynyň ikinji ligasynda (9-njy zolak), Aşgabadyň “Kolhozçysynda” başlady. Hüjümçi 1989 — 1991-nji ýyllar aralygynda SSSR-iň çempionatynyň ikinji ligasynda (Orta Aziýa zolagy), “Ahalyň” düzüminde oýnady. Ol Türkmenistanyň ýetginjekler, ýaşlar ýygyndylarynda çykyş etdi.
Türkmenistanyň garaşsyzlygyny gazanmagy bilen, A. Koçumow oýunçy hökmünde çykyşlary milli çempionatda dowam etdirdi. Dürli ýyllarda “Ahal”, “Büzmeýin”, “Turan” (toparyň kapitany boldy), “Ekskawatorşik — Lebap”, “Merw”, “Köpetdag” ýaly toparlarda çykyş etdi. 1995-nji ýylda “Turanyň” düzüminde Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy.
Amangylyç Koçumow — ýurdumyzyň çempionatynyň birnäçe gezek baýrak eýesi, Türkmenistanyň milli çempionatynyň taryhynda ilkinji bolup penta-trik (bir oýunda bäş pökgi geçirmek) eden futbolçy. Ol şonça pökgini 1992-nji ýylda Büzmeýiniň “Sportunyň” derwezesinden geçirdi.
1999-njy ýylda A. Koçumow tälimçilik işine geçip, “Ahaly” kabul etdi. Bir ýyldan soň bolsa Türkmenistanyň IIM-niň “Galkanyny” ýokary liga çykardy. 2001-nji ýyldan “Olimp” orta sport mekdebinde işledi, ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysyna tälimçilik etdi. 2002-nji ýylda GDA-nyň we Baltikanyň ýurtlarynyň ýetginjekler sport oýunlarynda biziň toparymyzy güýçli toparlaryň sekizligine düşürip, munuň üçin “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen ada eýe boldy.
2005-nji ýylda A. Koçumow Manamada Aziýanyň Kubogy — 2004-iň ýarym finalçysy Bahreýniň ýygyndysynyň garşysyna geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda baş tälimçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde milli ýygyndymyzy meýdana çykardy. Duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy (5:0).
2007-nji ýylda Amangylyç Koçumow Daşkentde we Kişinýowda iki ýyllyk okuwlary üstünlikli geçip, FIFA-nyň tälimçilik işi boýunça instruktorynyň lisenziýasyny aldy. Şol ýylyň özünde Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (V-17) A. Koçumowyň ýolbaşçylygynda Abu Dabide (BAE) ilkinji gezek Aziýa çempionatynyň final bölegine çykdy we yklymyň iň güýçli toparlarynyň 16-synyň hataryna girdi.
2011-nji ýylda A. Koçumow Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Şonda toparymyz London Olimpiadasyna (2012) birinji saýlama bölekde myhmançylykda (1:3) we Aşgabatda (1:0) Indoneziýanyň olimpiýa ýygyndysyndan üstün çykdy. Soňra bolsa Siriýanyň toparyndan asgyn geldi (2:2, 0:4).
Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň gelen kararyna laýyklykda Amangylyç Koçumow şol bir wagtda özünde olimpiýa ýygyndy toparymyza hem ýolbaşçylyk eder. Şeýle hem ol “Aşgabat” futbol klubundaky işini hem tabşyryp, Türkmenistanda ýurdumyzyň baş toparynyň başga işlerden boşadylan ilkinji tälimçisi boldy.
A.Koçumow milli ýygyndyda öňki belli futbolçylarymyz Çaryýarguly Seýdiýew bilen Tofik Şukurow kömek ederler. Sapar Begnepesow bolsa toparyň naçalnigi wezipesine bellenildi.
14-nji aprelde geçirilen bije çekişlige laýyklykda Türkmenistanyň ýygyndysy dünýä çempionaty — 2018-iň we Aziýanyň Kubogy — 2019-yň saýlama böleginde Eýranyň, Omanyň, Hindistanyň, Guamyň ýygyndy toparlary bilen “D” toparçasynda çykyş eder.
Toparçadaky oýunlar “öz meýdanyňda we myhmançylykda” görnüşinde 2015-nji ýylyň 11-nji iýuny — 2016-njy ýylyň marty aralygynda geçiriler.