FIFA-my ýa-da PES?!

0
1500

Wideo oýunlary ýa-da has ýörgünli ady bilen kompýuter oýunlary häzirki zamanyň iň esasy güýmenjesi hasaplanýar. Aýratynam, ösen ýurtlarda bu oýunlar giňden ýaýrandyr, hatda özbaşyna aýratyn pudak hem hasaplanýar. 1970-nji ýyldan bäri gün saýyn ýaýraýan kompýuter oýunlary uly pudaga eýedir. Bu pudagyň pul aýlanyşygy-da 100 milliard dollara golaýlap barýar. Oýunlardan uruşly, strategik we sport oýunlary has meşhur bolup, şolaryň arasyndan-da futbol oýnunyň muşdaklary öňde baryjylaryň biri diýlip görkezilýär. Futbol oýunlary-da umumylykda FIFA we PES diýlip ikä bölünýär. 

 

FIFA 16

Soňky ýyllarda “EA Sports” kompaniýasynyň garamagyndaky FIFA kompýuter oýny wizual (görüş) taýdan uly öňe gidişlik gazandy. Oýny oýnanyňda  hakykysyna has golaý duýgy bilen oýnamaga mümkinçilik berýär. Bu aýdanlarymyzy oýnuň täze nusgasy FIFA 16 üçinem degişli bolup durýar. Oýun grafik we animasiýa taýdan juda kämil. Bu wideo oýnunda 41-i resmi jemi, 78 dürli stadion bar. Şol stadionlarda dürli howa şertlerinde (güneşli, garly, ýagyşly...) futbol duşuşyklaryny oýnap bolýar. Lisenziýaly toparyň sany 600-e deň. “Windows”, “PlayStation 3”, “PlayStation 4”, “Xbox 360”, “Xbox One” ýaly platformlarda oýnap bolýan oýna özboluşly täzelik hem girizildi. Ýagny FIFA 16-da ilkinji sapar zenan milli ýygyndylaryň arasynda-da duşuşyk geçirip bolýar. Şol sanda FIFA 16-ny “Android” we “iOS” ulgamlarynda-da oýnamak mümkinçiligi bar.

FIFA 16-nyň oýnalyş usulynda esasy ünsi çekýän zat toparlaryň gorag ukybynyň artandygy mese mälim duýulýar. Oýny dolandyrýan “hyýaly akyl” has güýçli gorag we meýdançanyň merkezinde oýnaýan oýunçylaryň özara ysnyşygyny ýokarlandyrýar. Galyberse-de, oýunçylaryň özara paslaşygy, birek-birege geçirýän toplarynyň tizligi geçen ýylky FIFA 15-ä garanyňda, az-owlak peselipdir. Ýagny oýunçylar hakykata has golaý paslaşýarlar. Şol bir wagtyň özünde-de goragçylar has kämil ýagdaýda we guramaçylykly hereket edýärler. Garşydaş toparyň oýunçylaryň hüjümlerini has gowy yza serpikdirýärler. Bir söz bilen aýdylanda, öňki ýyllardaky FIFA oýunlarynda meýdançanyň merkezinden ähli oýunçyny aldap geçmegiň öňüni almak üçin alada bary edilipdir. Başgaça aýdylanda, Messi we Ronaldo ýaly ýyldyzlar hiç hili paslaşman, ýekeje özi ähli oýunçyny aldap bilenok. Umuman alnanda, FIFA oýnunyň täze nusgasy ozalkylar bilen deňeşdireniňde hakyky futbol oýnuna has golaý.

Ýokarda-da belleýşimiz ýaly, FIFA 16-nyň iň uly we esasy täzeligi zenan milli ýygyndylaryň hem oýnuň hataryna girizilmegidir. FIFA 16-da Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Şwesiýanyň, Angliýanyň, Braziliýanyň, Kanadanyň, Awstraliýanyň, Ispaniýanyň, Hytaýyň, Italiýanyň hem-de Meksikanyň zenan milli ýygyndylary bilen duşuşyk geçirip bolýar. Zenan milli ýygyndylary diňe öz aralarynda duşuşyp bilýär. Bu toparlardaky oýunçylar diňe grafik we şekil taýdan däl, eýsem-de oýnaýyş usullary, edýän hereketleri bilenem hakykysyna has ýakyn.

 

PES 16

2000-nji ýyllaryň başlarynda PES (doly ady “Pro Evolution Soccer”) futbol söýüjileriň has gowy görýän wideo oýnudy. Köpler ilki-ilkiler PES-e FIFA-dan has öňräkde diýip garaýardy. Ýöne 2009-njy ýyldan bäri FIFA bu ugurda esasy bäsdeşinden ep-esli öňe saýlanmagy başardy. Göze dokunýan üýtgeşiklikler eden, aýratynam, grafik animasiýalardaky janlylygy bilen tapawutlanýan FIFA häzirki wagtda PES-den öňde barýar. Bäsdeşlikde yza galanyny aňan “Konami” (PES-i öndüriji ýapon şereketi) 2–3 ýyldan bäri gol gowşuryp oturanok. Soňky ýyllarda az-owlak özgeriş girizen PES-i “Windows”, “PlayStation 3”, “PlayStation 4”, “Xbox 360” hem-de “Xbox One” ýaly platformalarda oýnap bolýar. PES 2016 öňkülere garanyňda, has hakykata golaý hasaplanýar. “Konaminiň” inženerleri oýny dolandyrýan “hyýaly akyla” käbir täzelikleri girizipdir. “Fox Engine” atly oýun motory oýnuň hakykatlyk derejesini sazlaýar. Futbolçylaryň beden hereketleri has yzygiderliligi bilen tapawutlanýar. Grafiki animasiýalarda-da göze görnüp duran özgerişlikler bar. Umuman, PES-iň hem bu ýylky nusgasy wizual taýdan uly öňe gidişliklere eýe. PES-iň hemişe diýen ýaly FIFA-dan yzda galýan esasy tarapy lisenziýaly toparlaryň sanydyr. Bu ýagdaý henizem dowam edýär. Ýagny FIFA 16-da lisenziýaly klublaryň sany 600 bolsa, bu görkeziji PES-16-da 200-e deňdir. PES 16-da 21 sany lisenziýaly stadionda duşuşyklary oýnap bolýar. Futbol söýüjiler soňky ýyllarda bolşy ýaly PES 16-da hem UEFA Çempionlar ligasy we Ýewropa ligalarynyň ýaryşlaryny özbaşdak oýnap bilýär.  

 

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru