TÝL — 2015: 33-nji tapgyryň duşuşyklaryndan öň käbir sanlar, maglumatlar

0
815

«Aşgabat» — «Energetik»

Milli ýygyndymyzyň geçiren gyzykly duşuşyklaryndan soň, Ýokary liga ýene-de öňki şowhuny bilen dowam edýär. Arada galan iki tapgyry dekabr aýyna süýşürip, 30-njy tapgyrdan göni 33-nji tapgyra bökýäris. Tapgyr «Aşgabat» — «Energetik» duşuşygy bilen başlar. Elbetde, ýaryş tertibine seretseň-ä, duşuşykda artykmaçlyk «paýtagtlylaryň» tarapynda. Ýöne geçen aýlawda «Energetik» öz meýdanynda «Aşgabat» bilen deňme-deň oýnap, Ýokary liganyň garaşylmadyk hasaplara baý çempionatdygyny ýene bir ýola subut etdi.

Şeýle-de bolsa, ýer eýelerine ýeňiş juda zerur. Edil häzir «Ahal», «Aşgabat» we «Şagadam» Ýokary liganyň 23-nji möwsümini üçünji orunda tamamlamagyň gaýgysynda. Munuň üçin barlyşyksyz göreş hem alnyp barylýar. Tapgyrda «Ahalyň» we «Şagadamyň» ýeňil bolmadyk garşydaşlar bilen duşuşýandygyny hasaba alsak, häzir ýaryş tertibiniň dördünji basgançagyny eýeleýän «paýtagtlylaryň» üçünji orna çykmaga mümkinçiligi bar. Ýöne «tereziniň beýleki tarapynda» duran deňlik ýa ýeňliş diýen bir zadam bar. Olar «geläýse» welin, «Aşgabada» eýeleýänje ornuny gidirmek howpy hem abanýar.

Utsa ne ýagşy, ýöne utulyşdan hem «Energetigiň» gidirjek zady ýok. Çünki toparyň eýeleýän orny — 9-njy orun anyk elinde. «Hazyna-ha» yzyndan ýeterden has alysa, «Daşoguz» bilen hem aralyk ep-eslije bar.

Duşuşykda emele gelip biläýjek käbir sanlar:

— «Aşgabat» şu tapgyrda Ýokary liga taryhynda 280-nji gezek ýaşyl meýdana çykar;

— Bu duşuşyk «Energetik» üçin hem ýubileý oýun. «Energetikçiler» «paýtagtlylaryň» meýdanynda Ýokary ligadaky 30-njy duşuşygyny geçirer;

— Şu duşuşykda «Aşgabadyň» futbolçylary «Energetigiň» derwezesinden ýekeje pökgini geçirip bilse, paýtgatyň adybir topary şu möwsümde öz meýdanynda 30 we ondan kän pökgi geçiren üçünji topar bolar;

— «Paýtagtlylar», janköýerleriniň garaşyşy ýaly, duşuşygy ýeňiş bilen tamamlap bilseler, onda «Aşgabat» şu möwsümde öz meýdanynda 10 ýeňiş gazanan ikinji topar bolar.

Şu möwsümde geçirilen «Aşgabat» — «Energetik» duşuşyklarynyň netijeleri:

6-njy tapgyr (11.04.2015 ý.), «Energetik» – «Aşgabat» 1:2

15-nji tapgyr (27.05.2015 ý.), «Aşgabat» — «Energetik» 4:1

24-nji tapgyr (16-njy sentýabr), «Energetik» — «Aşgabat» 0:0

«Daşoguz» — «Hazyna»

Möwsümiň 15-nji tapgyrynda «Daşoguz» ilkinji ýeňşini gazanypdy. Şonda haýsy topary ýeňeni ýadyňyzdadyr-la! Ynha, ýene şol oýun — «Daşoguz» — «Hazyna». Belki öz meýdanynda 4:0, 3:0 hasaby bilen ýeňendir, ýöne «Hazyna» «Daşoguz» bilen Daşoguzda oýun etmeli däldigine gowuja göz ýetiren bolsa gerek.

Ýokary ligada «Daşoguzyň» eýeleýän ornuna «dawa» edýän adsam ýok. «Hazyna» welin, Ýokary ligadaky ilkinji möwsümini iň bolmanda ýedinji orunda tamamlamagyň aladasynda. Eger bu gezegem geçen oýundaky ýaly säwlik goýberilse, ýedinji orun hem arzuwlygyna galyp biler.

Duşuşykda emele gelip biläýjek käbir sanlar:

— Didar Durdyýew («Hazyna») şu duşuşykda ýekeje pökgi geçirip bilse, soňky dört möwsümde 70 gol geçiren ikinji futbolçy bolar. 2012-nji ýyldan bäri diňe Süleýman Muhadow 70-den kän pökgi geçirip bildi;

— Duşuşyk ýer eýeleri üçin taryhyny oýun bolar. Çünki şu tapgyrda «Daşoguz» Ýokary ligadaky 600-nji duşuşygyna çykar;

— «Daşoguz» duşuşykda ýeňilse, şu ýyl öz meýdanynda on gezek utulan ilkinji topar bolar.

Şu möwsümde geçirilen «Daşoguz» — «Hazyna» duşuşyklarynyň netijeleri:

6-njy tapgyr (11.04.2015 ý.), «Hazyna» – «Daşoguz» 4:0

15-nji tapgyr (27.06.2015 ý.), «Daşoguz» — «Hazyna» 2:1

24-nji tapgyr (15-nji sentýabr), «Hazyna» — «Daşoguz» 3:0

«Balkan» — «Altyn asyr»

21-nji noýabr — dünýäniň iň gowy ligalarynda iň gowy duşuşyklaryň geçirilýän güni. Ispaniýada «El Klassiko», Italiýada «Ýuwentus» — «Milan», Angliýada «Mançester Siti» — «Liwerpul», Germaniýada «Şalke 04» — «Bawariýa»... Türkmenistan olardan kem galarmy?! Ine, saňa «Balkan» — «Altyn asyr» duşuşygy. Ýokary liganyň liderleri möwsümde soňky gezek duşuşýarlar.

Dogry, Kubok ýaryşynyň ýarym finalyndaky düýşe-de girmejek ýeňlişden soň «Balkan» «aragatnaşykçylardan» heder etmän duran däldir. Ýöne, elbetde, öz meýdanyňda olaryň «gözüne görkezmek» islegem bardyr. «Balkan» «gözüne görkezip» bilermi ýa-da «Altyn asyr» ýene-de ýeňşini gaýtalarmy? Belki hiç haýsam bolmaz, deňlik bolar... Bu çaklamalar çaklamadygyna galýar. Bir zat weli mälim, «Balkan» — «Altyn asyr» — TAPGYRYŇ DUŞUŞYGY.

Ýeňiş ýa ýeňliş toparlaryň ikisi üçin hem howply däl. «Altyn asyr-a» «Balkandan» 14, «Balkanam» üçünji orundaky «Ahaldan» 9 utuk öňde.

Duşuşykda emele gelip biläýjek käbir sanlar:

— Duşuşyk «Balkanyň» peýdasyna tamamlansa, «nebitçiler» şu möwsümde 60 utuk gazanan ikinji topar bolup biler;

— Eger duşuşyk ýene-de «Altyn asyryň» peýdasyna tamamlansa, birinji we ikinji orunlardaky toparlaryň aratapawudy 17 utuga ýeter;

— Duşuşykda Süleýman Muhadow («Altyn asyr») ýekeje gezek tapawutlanyp bilse, «Altyn asyryň» düzüminde soňky üç möwsümde iň kän gol geçiren ikinji futbolçy bolar. Häzir Süleýman bu toparda 23 pökgini geçirdi. Toparyň 2013-nji ýyldan bäri iň kän gol geçiren oýunçysy bolsa häzir «Hazynada» çykyş edýän Didar Durdyýewdir (41 gol);

— Duşuşykda «Balkan» utulsa, bu utulyş toparyň Ýokary ligadaky 170-nji utulyşy bolar;

— Eger duşuşyk deňlikde tamamlansa, bu deňlik «Altyn asyryň» Ýokary ligadaky 40-njy deňligi bolar.

Şu möwsümde geçirilen «Altyn asyr» — «Balkan» duşuşyklarynyň netijeleri:

6-njy tapgyr (10.04.2015 ý.), «Altyn asyr» – «Balkan» 2:1

15-nji tapgyr (27.05.2015 ý.), «Balkan» — «Altyn asyr» 1:3

24-nji tapgyr (16-njy sentýabr), «Altyn asyr» — «Balkan» 1:0

«Merw» — «Şagadam»

Ýokary ligada çekeleşikli geçýän duşuşyklaryň biri. Şu ýylky hasabatlarda her toparyň bir ýeňşi bar. Türkmenbaşy şäherindäki soňky duşuşyk bolsa deňlik bilen tamamlandy.

Biri-birinden utuk taýyndan tapawutly bolsalar-da bu iki topar ýaryş tertibinde yzygider barýar. Ýöne «Merwiň» häzirlikçe esasy aladasy «Şagadamyň» yzyndan ýetmek däl-de, eýeleýän ornuny HTTU-a gidermezlikmikä diýýäris. Munuň üçin hem, elbetde, utmak gerek. Eger duşuşyk edil Türkmenbaşydaky ýaly deňlik bilen tamamlansa, onda bu «Şagadamyň» şu möwsümdäki 10-njy deňligi bolar.

Şu möwsümde geçirilen «Merw» — «Şagadam» duşuşyklarynyň netijeleri:

6-njy tapgyr (11.04.2015 ý.), «Şagadam» – «Merw» 2:0

15-nji tapgyr (27.06.2015 ý.), «Merw» — «Şagadam» 1:0

24-nji tapgyr (16-njy sentýabr), «Şagadam» — «Merw» 1:1

HTTU — «Ahal»

«Ahalyň» Naýbaşy Kubokdaky oýny toparyň janköýerleriniň ynamyny gaçyrdy. Möwsüme güýçli depginde başlan, AFK-da türkmen futbolynyň abraýyny gorap çykyş eden «Ahal» indi Ýokary liganyň aşaky orunlardaky toparlaryna çäre tapmakda hem kynçylyk çekýär. Bu gezekki garşydaş hem HTTU. Birinji, ikinji aýlawlarda «talyplardan» kynlyk bilen üstün çykan hem bolsa, üçünji aýlawda duşuşygy deňlige tamamlamak «Ahala» ýeňil düşmedi. Her niçik hem topar topar şu ýyl HTTU-dan ýeňlip görenok. Ýene ýeňilmese ne ýagşy, ýeňilse welin, üçünji orny hem «Aşgabada» gidirip biler. Öz meýdanynda geçiriljek duşuşykda ýeňiş gazanmak HTTU üçin hem zerur. Ýedinji orna dalaş edib-ä yzdan «Hazyna» gelýär, HTTU-nyň özüniň hem altynjy orna geçmäge mümkinçiligi ýok däl. Bu duşuşygyň hem tapgyryň iň gyzykly oýunlarynyň biri boljakdygy gürrüňsiz.

Duşuşykda emele gelip biläýjek käbir sanlar:

— Duşuşykda «Ahal» ýeňiş gazansa, möwsümde 50 utuk toplan üçünji topar bolup biler;

— Duşuşyk deňlik bilen tamamlansa, bu «Ahalyň» Ýokary ligadaky 60-njy, şu möwsümdäki 10-njy deňligi bolar;

— HTTU utulsa, bu toparyň Ýokary ligadaky 80-nji utulyşy bolar;

— Duşuşykda «Ahala» iň bolmanda ýekeje pökgi geçirtmek başartsa, topar şu möwsümde 60 gol geçiren üçünji topar bolar.

Şu möwsümde geçirilen «Merw» — «Şagadam» duşuşyklarynyň netijeleri:

6-njy tapgyr (10.04.2015 ý.), «Ahal» – HTTU 0:1

15-nji tapgyr (27.06.2015 ý.), HTTU — «Ahal» 2:3

24-nji tapgyr (15-nji sentýabr), «Ahal» — HTTU 2:2

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru