TÝL — 2015: 29-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
740

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

100 sany bombardir: Elbetde, bu sözbaşy aýdyljak pikiri has ulaltdy. Ýöne bir zady aýdyp bileris: şu tapgyrdan soň Ýokary liganyň şu möwsüminde tapawutlanan futbolçylaryň sany 100-den geçdi.

Garaşylan çykmady: Oýunlardan öň «Şu tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri ýaryş tertibindäki orunlary üýtgedip biler» diýip ýazypdyk. Tapgyryň netijeleri bolsa, kemteresinden ýekeje toparyň hem eýeleýän ornuny üýtgetmedi. Diňe şunuň özi hem ýaryşyň çekeleşikli barýandygynyň kepili dälmi näme?!

16 gol: Tapgyrda derwezelere 16 pökgi geçirildi. Şolaryň biri 11 metrlik jerime urgusyndandyr, biri hem awtogoldur

Arzuwlar amala aşdy: Dördünji aýlaw dowam edýär. Diýmek toparlar biri-biri bilen şu ýyllykça iň soňky gezek duşuşýarlar. 29-njy tapgyryň duşuşyklarynyň esasy aýratynlygy käbir toparlaryň arzuwlaryny amala aşyranlygyrdyr. Mysal üçin HTTU geçen üç aýlawda hem «Aşgabatdan» ýeňlipdi. Bu gezek bolsa ol möwsümde ilkinji gezek «paýtagtlylardan» üstün çykdy. Ýa-da «Energetigiň» şu möwsümde ilkinji gezek «Şagadam» bilen deňlik hasaba oýnandygyny hem aýdanlarymyza goşup bileris.

Ýer eýeleri ýer eýeleri bolýar: Megerem, şondandyr. Çünki tapgyrda geçirilen oýunlaryň üçüsi ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy, bir duşuşykda bolsa myhmanlar ýeňiş gazandy. Bir duşuşyk deňlik bilen tamamlandy.

425 gol: Şu tapgyrdan soň 23-nji çempionatda derwezelere jemi 425 gol girdi.

 

HTTU — “Aşgabat” — 4:3

Gollar:

1-0_Okan Ersoy 23'

2-0_Azady Annadurdyyew 48' ( öz derwezesine)

3-0_Döwlet Döwletmyradow 52'

3-1_Wugar Abdullayew 61'

4-1_Döwlet Döwletmyradow 64'

4-2_Ruslan Gurbanow 66'

4-3_Ruslan Gurbanow 85' (penalti)

Goragçylar hüjüme çykanda: Sözlemi «...derwezelere 7 gol girjek ekeni» diýip dowam etdirip bileris. Çünki şu duşuşykda gollary geçirenleriň biri hem hüjümçi däl.

Çempionatyň tamamlanmagyna 7 tapgyr galanda: ...HTTU-dan Okan Ersoý we «Aşgabatdan» Wugar Abdullaýew möwsümdäki ilkinji gollaryny geçirdiler.

Döwletmyradowyň ikinji «goşalamasy»: Duşuşykda iki gezek tapawutlanan Döwlet Döwletmyradow, şeýlelikde, möwsümdäki ilkinji dublyny amala aşyrdy.

14 tapgyrdan soň: Şu duşuşykdaky dubl Ruslan Gurbanowyň möwsümdäki ikinji dubludyr. Ol mundan 14 tapgyr öň, ýagny 15-nji tapgyrda bir oýunda iki pökgini geçirmegi başarypdy.

HTTU-da 40 gol geçirdi: Şu tapgyrda «Aşgabadyň» derwezesinden geçiren 4 golundan soňra, HTTU-nyň möwsümdäki gollarynyň sany 42-ä çykdy. Şeýlelikde, topar şu möwsümde 40 we ondan hem kän gol geçiren toparlaryň hataryna ýedinjilik bolup goşuldy.

40-yň ýaryndan geçdi: Möwsümde HTTU-nyň öz meýdanynda derwezesine goýberden gollary hem az däl. Şu tapgyrdaky 3 goldan soň, möwsümde HTTU-nyň öz ýerinde derwezesine geçirilen gollaryň sany 21-e çykdy. Şeýlelikde, HTTU ÖZ MEÝDANYNDA 20-DEN KÄN GOL GEÇIREN TOPARLARYŇ sanawyna üçünjilik bolup goşuldy.

«Aşgabat» hem 30 gol geçirTdi: Möwsümde ilkinji gezek HTTU-dan ýeňlen «Aşgabadyň» derwezesine geçirilen gollaryň sany hem 30-a çykdy. Topar şu möwsümde 30 we ondan kän gol geçiren toparlaryň sanawyna ýedinlijilik bolup goşuldy.

Gollara bereket berildi: Hasapdanam görnüşi ýaly, duşuşykda derwezelere 7 pökgi geçirildi. Şeýlelikde, 29-njy tapgyryň HTTU — «Aşgabat» duşuşygy möwsümiň IŇ KÄN GOLLY DUŞUŞYKLAR sanawynda bäşinji orunda ýerleşdi.

Ýeňilse-de, ýeňildi welin: Şu duşuşykda «Aşgabadyň» myhmançylykda geçiren gollarynyň sany 20-den (22 gol) geçdi. «Aşgabat» şu möwsümde 20 we ondan kän gol geçiren toparlaryň hataryna bäşinjilik bolup goşuldy.

Ýeňlişsiz ýol dowam edýär: Şeýlelikde, HTTU indi 5 tapgyr bäri ýeňlip görmedik az sanly toparlaryň biri boldy.

Dört aýlawdan soňra: HTTU bilen «Aşgabat» şu ýyl diňe Ýokary ligada duşuşdylar. Geçirilen 4 duşuşygyň üçüsi «Aşgabadyň» peýdasyna tamamlandy. HTTU «paýtagtlylaryň» 12  goluna 5 gol bilen jogap berip bildi.

 

"Balkan" — "Hazyna" — 2-0

Gollar:

1-0 _Myrat Ýagşyýew 25’

2-0 _Mekan Saparow 57’

Ýagşyýewiň täze menzili: Möwsümiň bombardirligini enteg-ä hiç kime bermän gelýän Myrat Ýagşyýew şu ýyl 25 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy.

Ýaşyýewiň täze menzili 2: Şu duşuşykdan soňra M.Ýagşyýew soňky dört möwsümiň netijesi boýunça 50 gol geçiren 7-nji futbolçy boldy.

Bäş tapgyr bäri: «Balkan» indi 5 tapgyr bäri ýeňlip görmedik az sanly toparlaryň biridir.

Dört aýlawdan soňra: «Balkan» bilen «Hazyna» şu ýyl diňe Ýokary ligada duşuşdylar. Geçirilen 4 duşuşygyň ählisi hem «Balkanyň» peýdasyna tamamlandy. «Hazyna» «nebitçileriň» 11  goluna 3 gol bilen jogap berip bildi.

 

"Merw" — "Daşoguz" — 2-1

Gollar:

1-0_Şanazar Tirkişow 2'

2-0_Şanazar Tirkişow 17'

2-1_Begli Öwezow 84'

«Merwiň» ýene bir ýaş zehini: Ýadyňyzdadyr, «Merw» geçen möwsümiň ahyrynda ýaş zehin Toýly Goçnazarowy orta çykarypdy. Möwsüm gutarýança birnäçe goly geçirmegi başaran Toýly bu ýyl-a sussupesräk görünýär, toparyna kän bir kömek edip bilenok. Şu duşuşykda bolsa «Merwde» Şanazar Tirkişow — täze ýaş ýyldyz bary-ýogy 17 minudyň içinde derwezä iki gol geçirip, möwsümdäki ilkinji goluna we ilkinji gublyna «gol çekdi».

Begli Öwezowyň ilkinji goly «Daşoguzy» umytlandyrdy: Şol «Daşoguzy» umytlandyran goluň awtory Begli Öwezow Ýokary ligada ilkinji gezek gol geçirdi.

Ýeňişli 680-nji oýun: Ýeňiş bilen tamamlanan duşuşyk «Merwiň» Ýokary ligadaky 680-nji duşuşygydyr.

Ýene minimal hasap: Şeýlelikde, «Merw» ýene-de «Daşoguzy» uly hasap bilen ýeňip bilmedi. Şu ýyl «Merw» diňe ýekeje duşuşykda «Daşoguzdan» iki gol öňe saýlanyp gördi. Galan üç duşuşykda ýekeje gol artykmaçlygy bilen ýeňiş gazandy.

300-e ýekeje ädim galdy: «Daşoguz» bilen bolan duşuşykda gazanylan ýeňiş «Merwiň» Ýokary ligadaky 299-njy ýeňşidir. Diýmek, ýubileý ýeňşe ýetmek üçin ýekeje ädim galdy.

27-nji 2-likçi: Şanazar Tirkişow Ýokary liganyň 23-nji möwsüminiň dublçylarynyň hataryna 27-njilik bolup goşuldy. Höwri kän bolsun!

Dört aýlawdan soňra: «Merw» bilen «Daşoguz» şu ýyl diňe Ýokary ligada duşuşdylar. Geçirilen 4 duşuşygyň ählisi hem «Merwiň» peýdasyna tamamlandy. «Daşoguz» «Merwiň» 7  goluna 2 gol bilen jogap berip bildi.

 

"Şagadam" — "Energetik" — 1-1

Gollar:

1-0_Yhlas Magtymow

1-1_Batyr Jumaýew

Magtymow dolanýar: Harby gullugy geçen ýyllarynda Ýokary liga arakesme berip, ýene-de «Şagadama» dolanyp gelen Yhlas Magtymow möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.

Jumaýewiň ilkinji goly: «Energetige» arzyly deňligi getiren gol Batyr Jumaýewiň şu möwsümdäki ilkinji goludyr.

«Energetik» — möwsümiň deňlikçisi: Topar eýýäm 9-njy duşuşygynda deňlik bilen oýnady. Möwsümde «energetikçilerden» başga beýle netijäni görkezen topar ýok.

Şowsuzlyk tamamlandy: «Energetik» şu tapgyra çenli 3 oýun yzly-yzyna ýeňlipdi.

Dört aýlawdan soň: Dört aýlawyň netijeleri boýunça «Şagadam» 10:4 «Energetik». Üç oýun «Şagadamyň» peýdasyna tamamlandy, bir oýun bolsa deňlik bilen tamamlandy.

 

"Ahal" — "Altyn asyr" — 0-2

Gollar:

0:1_ Süleýman Muhadow 71'

0:2_ Süleýman Muhadow 86'

«Altyn asyr» — 70 utuk: Şu ýeňişden soň, «Altyn asyryň» 23-nji çempionatymyzda gazanan utuklarynyň sany 70-e çykdy.

Muhadow ýene-de ikinji: Şu duşuşykdaky dublyndan soňra, 23-nji çempionatdaky gollarynyň sanyny hem 23-e çykaran Süleýman Muhadow bombardirleriň sanawynda Altymyrat Annadurdyýewi yzda galdyryp, ikinji orna çykdy. Indi Süleýmanyň öňdebaryjy M.Ýagşyýew bilen iki gol tapawudy bar.

Ýubileý: Şu tapgyrda «Altyn asyr» Ýokary ligadaky 120-nji ýeňşini gazandy.

Muhadow «goşalamagy» söýýär: Muny onuň yzda galan 29 tapgyryň 8 duşşuygynda pökgüleri tora goşa-goşadan geçirenligi hem görkezýär. Enteg-ä dubllar meselesinde Süleýman iň öňdäki orunda. Möwsüm tamamlanýança, onuň yyzndan ýetjek hem tapylmasa gerek. Çünki «dublçylaryň» sanawynda ikinji orunda barýan Altymyrat Annadurdyýewiň «goşalamalarynyň» sany Süleýmanyňkynyň deň ýary.

«Ahalyň» derwezesine 40-njy gol: Duşuşykda Süleýman Muhadowyň geçiren ikinji goly «Ahalyň» derwezesine şu möwsümde geçirilen 40-njy gol boldy. «Ahal» möwsümde derwezesine 40 gol goýberden toparlaryň sanawyna bäşinjilik bolup goşuldy.

Bassyr 7-nji ýeňiş: «Altyn asyr» bassyr 7-nji ýeňşini gazandy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, möwsümiň ýeňiş rekordy hem «aragatnaşykçylara» degişli. Olar şu möwsümde bassyr 8 oýunda ýeňiş gazanyp görüpdiler.

Dört aýlawdan soňra: «Ahal» bilen «Altyn asyr» şu ýyl diňe Ýokary ligada duşuşdylar. Ýakyn günlerde bolsa olaryň möwsümdäki bäşinji duşuşygy geçiriler. Şol duşuşyk Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogynyň eýesini belli eder. Edil öňünden hasaplanylan ýaly, toparlaryň ýokary ligada «Altyn asyryň» meýdanynda geçirilen duşuşyklarynyň ikisi hem şol bir hasap bilen (1:1) deňlikde tamamlandy. «Ahal» bolsa öz meýdanynda «aragatnaşykçylardan» iki gezek hem 2:0 hasabynda ýeňildi. Şeýlelikde, şu ýylky «Ahal» — «Altyn asyr» duşuşyklarynyň pökgi gatnaşygy 4:0 — «Altyn asyryň» peýdasyna.

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru