TÝL — 2015: 27-NJI TAPGYRYŇ DUŞUŞYKLARYNDAN ÖŇ KÄBIR MAGLUMATLAR

0
466

Umuman alanyňda, şu tapgyryň duşuşyklary bilen 23-nji milli çempionatymyzyň üçünji aýlawy tamamlanýar, ýöne 22-nji tapgyryň we «Hazyna» futbol toparynyň soňky duşuşyklarynyň möhletiniň süýşürilendigini hem ýene bir ýola ýatladýarys.

HTTU — «Hazyna»

Duşuşygyň senesi üýtgedildi.

 

«Balkan» — «Merw»

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbanynyň şägeirtleri iki tapgyr bäri ýeňiş gazanyp gelýän hem bolsa, şu möwsümde topar «Merw» bilen geçiren duşuşyklarynda görnetin artykmaçlyk gazanýar diýsek ýalňyş bolar. Çünki birinji aýlawda Balkanabatda geçirilen duşuşykda «Merw» 1:2 hasabynda öňe-de geçipdi, ýöne soňky minutlarda goragçy Mekan Saparowyň derwezä gönükdiren iki dürs urgusy ýer eýelerine ýeňşi getirdi. Ikinji aýlawda «Merwiň» meýdanynda geçirilen duşuşyk bolsa 1:1 hasabynda deňlik bilen tamamlandy. Şeýle-de bolsa, «Balkan» mundan iki-üç möwsüm öň öz meýdanynda «Merwi» 7:0 hasabynda ýeňip bilýändigini hem görkezipdi. Şu duşuşykda hem artykmaçlyk ýer eýeleriniň tarapynda bolsa gerek.

Duşuşygyň netijeleri näme berer?! Elbetde, ýaryş tertibiniň öňdebaryjysyndan — «Altyn asyrdan» 15 utuk yzda barýan hem bolsa, «Balkana» öňňüýylky üstünligini gaýtalap, çempionaty kümüş medal bilen tamamlamaga mümkinçilik bar. Şu duşuşykda gazanyljak ýeňiş «Balkanyň» şol mümkinçiligini saklap galar ýa-da artdyrar. «Merw» bolsa ýeňiş gazanan ýa-da deňlik bilen oýnap bilen ýagdaýynda 6-njy orun ugrundaky göreşde HTTU-dan birnäçe ädim öňe geçip biler.

Şu möwsümde geçirilen «Balkan» — «Merw» duşuşyklarynda Mekan Saparowdan başga iki gezek tapawutlanan futbolçy ýok.

 

«Aşgabat» — «Şagadam»

Soňky tapgyrlaryň şowsuz topary bolan «Şagadama» ýene bir kyn synag garaşýar. «Aşgabat» bolsa geçen tapgyrda «Ahalyň» derwezesine 5 gol geçirip, janköýerlerini nobatdaky ýeňişlere ruhlandyrdy. Ýöne gollara höwesjeň toparyň öz goragyny hem berk saklamagy gerek. Eger bu gezek hem öz derwezäňe 3 pökgi goýbertjek bolsaň, «kenarlylar» kän bir «sylap» durmaz.

Iki toparyň Ýokary ligadaky güýji enteg-ä deňeçer ýagdaýda — Aşgabatda bolan duşuşykda «Aşgabat», Türkmenbaşy şäherinde bolan duşuşykda-da «Şagadam» ýeňiş gazandy. «Paýtagtlylaryň» geçen tapgyrdaky uly ýeňişden ruhlanandygyny ýa-da «Şagadamyň» iki utulyşdan netije çykarandygyny oýun görkezer. Ýöne bir zat mälim, şu wagtda çenli bu iki topar ýary tertibiniň 4-nji orny üçin göreşdi. Şu wagt «Aşgabat» bir ädim öňde. Şu duşuşykda:

— «Aşgabat» «Ahalyň» yzyndan ýetip, üçünji orna geçmäge;

— «Şagadam» «Aşagabadyň» elinden 4-nji orny almaga ýykgyn eder. Umuman, netijesi köp zady çözüp biljek duşuşyk.

Şu möwsümde «Aşgabat» — «Şagadam» duşuşyklarynda derwezelere 4 pökgi girizildi. Ýöne enteg-ä 2 gezek tapawutlanyp bilen futbolçy ýok.

 

«Energetik» — «Altyn asyr»

Tapgyryň ikinji gününde çempionatyň soňky orunlardaky toparlar öňdebaryjylary kabul eder. Şolaryň biri hem «Energetik» — «Altyn asyr» duşuşygydyr. Çempionlygyň bosagasyna gelen «aragatnaşykçylaryň» bu duşuşykda hem ýeňiş gazanjakdygyna ynanyp bolar. Şu çempionatda ýekeje duşuşykda asgyn gelen «Altyn asyr» «Energetigi» 2 aýlawda-da uly hasap bilen ýeňdi. Umuman, çempionatda «Energetik» «aragatnaşykçylaryň» 8 goluna Kerim Hojaberdiýewiň ýekeje goly bilen jogap berip bildiler.

Eger Balkanabatdaky duşuşykda «Merw» «Balkany» azda-kände saklap bilse, «Altyn asyram» garaşylşy ýaly, ýeňiş gazansa, «aragatnaşykçylar» doly çempion diýmäge-de hakymyz bar. Galan 10 oýunda azyndan 17 utuk bilen öňe saýlanan «Altyn asyry» ozup geçmek toparlaryň hiç birine-de başartmasa gerek.

Şeýle-de bolsa «Energetigiň» öz meýdanynda «Ahal», «Balkan», HTTU ýaly toparlary saklap bilendigini size ýene bir gezek ýatlatmak isleýäris.

 

«Daşoguz» — «Ahal»

Iki tapgyrdan bäri ýeňiş ýüzüni görmedik «Ahal» ahyrsoňky bu duşuşygyň esasy faworiti. Futbolçylar sazlaşykly oýun gurup bilseler, topara ikinji orna geçmäge-de, iň netijeli hüjümçileriň ýaryşynda öňdebaryjylara juda ýakyn gelen Altymyrat Annadurdyýewe köpräk tapawutlanmaga-da mümkinçilik bar.

Şu ýylky «Daşoguz» — «Ahal» duşuşyklaryna het-trikleriň duşuşyklary diýip bileris. Birinji aýlawda Daşoguz şäherinde geçirilen duşuşykda Mämmedaly Karadanow, ikinji aýlawda Aşgabatda Begli Meredow 3 gezek tapawutlanyp bilipdi. Belki bu gezek kimdir biri şeýle ýokary netijäni görkezip biler.

Ýa-da «Daşoguzyň» nähilidir bir keramat görkezäýmegem ahmal. Çünki «Ahal» soňky iki tapgyrdan utulyşdan soň ynamsyz oýnap biler...

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru