TÝL — 2015: 25-nji tapgyryň duşuşyklaryndan öň maglumatlar, hasaplamalar

0
598

«Merw» — «Hazyna»

Soňky tapgyrlarda şowly çykyş edýän we Kubok ýaryşynyň ýarym finalyna çykmagy başaran «ykdysadyýetçiler» tapgyryň ilkinji duşuşygynda gadymy Mary topragynda myhmançylykda çykyş ederler. «Merwdir» «Hazyna» ýaryş tertibinde 7-8-nji orunlary eýeleýärler. Aralarynda-da bir utuk bar. Diýmek, 7-nji ýeri eýelemek, mümkin bolsa 6-njy orna-da geçmek üçin iki toparyň arasynda barlyşyksyz göreşiň gitjegi şübhesiz hakykat. Duşuşykda artykmaçlyk ýer eýeleriniň tarapynda ýaly görünýär. Çünki  «Merw» öz janköýerleriniň arasynda şowly çykyş edip bilýän toparlaryň biri. Ýöne soňky tapgyrlardaky we Kubok ýaryşyndaky oýny bilen güýçli toparlary hem pikirlendiren «Hazyna-da» aňsat-aňsat ýeňşi elden bermese gerek. Eger-de duşuşykda «ykdysadyýetçilere» ýeňiş gazanmak başardaýsa, onda bu ýeňiş olaryň Ýokary ligadaky 10-njy ýeňşi bolar.

Şu ýyl «Merw» bilen «Hazynanyň» arasynda «adalatly» oýun boldy. Toparlaryň ikisi hem öz meýdanynda 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy, şonuň üçin şu ýylky pökgi gatnaşyklary hem 3:3 — deň. Bir «adalatsyz» tarapy Guwanç Abylow («Hazyna») yzda galan iki duşuşykdan soň, iki gezek tapawutlandy. Başga iki gezek tapawutlanan futbolçy ýok.

Göreliň, bu gezek bu deňlikler kimiň peýdasyna bozularka? «Merw» janköýerlerini ýene-de begendirermikä ýa-da «Hazynanyň» «gudratlary» dowam edermikä?

«Aşgabat» — «Altyn asyr»

Kubok ugrundaky ýaryşdan çärýek finalda aýrylan «Aşgabadyň» şu ýyl ýeňip bilmeýän toparlarynyň biri hem «Altyn asyr». Aslynda soňky çempiony ýeňmek nesip eden ýeketäk topar diňe «Şagadam». «Aşgabat» bolsa çempion bilen geçiren duşuşyklarynyň ikisinde-de 1:0 hasabynda ýeňildi. Geçen oýunlardan çen tutsaň, artykmaçlyk ýene «aragatnaşykçylaryň» tarapynda ýaly görünýär. Ýöne «Aşgabadyň» janköýerlerine «garaşylmadyk sowgatlary» edip bilýän topardygyny hem ýatdan çykarmalyň!

Häzir ýaryş tertibinde iň ýakyn bäsdeşinden 14 utuk öňe saýlanan «Altyn asyr» taryhyndaky ikinji çempionlygyna has ýakyn topar. Eger-de şundan soň hem ýoly şu depginde dowam edip bilseler, «aragatnaşykýçylaryň» çempionatyň tamamlanmagyna 4 hepde galandan çempion bolmaga mümkinçiligi bar. «Aşgabat» bolsa 4-nji orun ugrunda «Şagadam» bilen göreşýär. Toparyň toplan utugy edil häzir «Şagadamyňkydan» bir utuk az. Diýmek, «aragatnaşykçylary» ýeňip bilse, topara dördünji orna geçmäge mümkinçilik bar. Eger tersine bolsa, bu ýeňiş «Altyn asyryň» yzygiderli gazanan 4-nji ýeňşi bolar.

Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, şu möwsümde «Aşgabat» bilen «Altyn asyryň» arasynda geçirilen duşuşyklaryň ikisinde hem «aragatnaşykçylar» 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşyklaryň birinde Süleýman Muhadow, beýlekisinde Umytjan Astanow tapawutlandy.

«Daşoguz» — «Energetik»

Hämmiz bilýäris, «Daşoguz» yzda galan 23 duşuşykdan soňra (22-nji tapgyryň duşuşyklary entek geçirilenok) bary-ýogy 4 utuk toplamagy başardy. Şol utuklaryň biri hem birinji aýlawda «Energetik» bilen bolan duşuşykda gazanyldy. «Demirgazyklylar» ýene-de «energetikleri» kabul edýär.

Bu duşuşykdaky ýeňiş ýa-da utulyş toparlaryň ikisiniň hem ýaryş tertibindäki eýeleýän ornuna täsir edenok. Aslynda toparlar bu çempionatdaky ornuny eýýäm belli eden ýaly. Olaryň eýeleýän soňky orunlaryna çempionatda hiç bir topar «dawa edip bilmez». Ýöne «Daşoguz», iň bolmanda, utuklaryny 5-e çykaryp bilermi ýa-da «Energetik» 9-njy basgançakdaky ornuny has berkidermi, şol gyzykly.

Eger duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlansa, «Energetik» şu möwsümde 10 we ondan kän gezek ýeňlen 2-nji topar bolar. olaryň tapgyrdaky garşydaşy «Daşoguzyň» myhmançylykda geçiren duşuşyklarynda 12 ýeňlişi bar, ýagny «Daşoguz» şu ýyl myhmançylykda geçiren duşuşyklarynda utuk gazanyp görenok. Eger şu gezek «Daşoguz» ýene-de ýeňilse, onda öz meýdanynda 10 we ondan kän gezek ýeňlen birinji topar bolar, şeýle hem bu ýeňliş bilen «Daşoguz» öz antirekordyny ýene bir san beýgelder — toparyň yzygiderli utulyşlarynyň sany 9-a çykar.

«Daşoguz» bilen «Energetigiň» arasynda birinji aýlawda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy, ikinji aýlawdaky duşuşyk bolsa 2:1 hasabynda «Eneregtigiň» peýdasyna tamamlandy. Şu ýylky «Daşoguz» — «Energetik» duşuşyklarynda Kerim Hojaberdiýew («Energetik») iki gezek tapawutlanmagy başaran ýeketäk futbolçydyr.

HTTU — «Şagadam»

«Ylalaşykly» toparlaryň ýene bir jübüti hem HTTU bilen «Şagadam». «Talyplar» bilen «kenarlylar» möwsümde geçirilen duşuşyklarda myhmansöýerligini «subut etdiler». Iki topar hem özara duşuşyklarynda myhmançylykda ýeňiş gazandy. Iki duşuşyk hem ýeňijiniň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.

HTTU-a bu gezek «myhmansöýerlik» etmek howply. Çünki onuň çempionatda eýeläp bilen 6-njy ornuna-da iki topar dagy dalaş edýär. «Şagadamam» 4-nji orun ugrunda «Aşgabat» bilen göreşýär. Diýmek, iki topar hem ýaryş tertibinde eýeleýän ornuny saklap galmak üçin göreşer. Eger «kenarlylara» bu başartmasa, onda olar Ýokary ligadaky taryhynda 270-nji gezek ýeňlerler.

Şu ýylky HTTU — «Daşoguz» duşuşyklarynda HTTU-nyň öňki hüjümçisi Hemra Amanmämmedow iki gezek tapawutlandy.

«Balkan» — «Ahal»

Ýene «Balkan», ýene «Ahal». «Ahal» «Balkanyň» öýünde 4 gol geçirtmekden bir zat edip gutuljak bolmaly. Ýogsa düzüminde güýçli hem ýaş hüjümçiler, milli ýygyndymyzyň hataryna goşulyp ýören goragçylardyr derwezewanlar bar hem bolsa, «Ahal» Balkanabatda «Balkana» çäre tapyp bilenoklary. «Balkanyň» BAÝ-lary bolsa topary agyr güne salýar. Meseläniň iň dartgynly tarapy hem çempionlykdan umydy üzen «Balkandyr» «Ahal» ikinji orun ugrunda göreşýärler. Edil häzirlikçe «Ahal» bir ädim öňde. Ýöne «Ahal» ädimleriniň sanyny dörde çykararmy ýa-da «nebitçiler» olary ozup geçip, artykmaçlygyny iki utuk öňe çykararmy, ýa orunlar ýene öňki-öňküligine galarmy, biz myny size 23-nji sentýabr güni oýun tamamlanandan soň aýdyp bileris.

Ýöne şu tapgyrda «Balkan» öz meýdanynda ýeňläýse, bu ýeňliş toparyň Ýokary ligadaky 170-nji ýeňlişi bolar. «Ahal» duşuşykda, bolmanda, ýekeje gol geçirip bilse, myhmançylykda 20 we ondan kän gol geçiren 3-nji topar bolar. «Balkan» ýeňiş gazansa, möwsümde öz meýdanynda 10 ýeňiş gazanan ilkinji topar bolar.

«Balkan» bilen «Ahalyň» arasynda birinji aýlawda geçirilen duşuşyk 4:1 hasabynda «Balkanyň» peýdasyna tamamlanypdy, ikinji aýlawda bolsa «Ahal» bu hasaba 3:1-lik ýeňiş bilen jogap berdi. Şu ýylky «Balkan» — «Ahal» oýunlarynda Altymyrat Annadurdyýew bilen 3-nji aýlawda «Altyn asyra» goşulan Begenç Annagurbanow iki gezek tapawutlanan futbolçylardyr.

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru