19-njy sentýabrda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň çärýek finalynyň jogap duşuşyklary geçiriler

0
691

«Balkan» ­— «Ahal» (Birinji duşuşygyň netijesi 1:3)

Köplenç bolşy ýaly, «Balkan» myhmançylykda garşydaşlaryny ýeňip bilmegiň syryny çärýek finalyň ilkinji duşuşygynda hem çözüp bilmedi. Gaýtam, topar öz derwezesine 3 pökgi goýbertdi. Ýöne «Balkan» — «Ahal» duşuşygy diýlende «nebitçileriň» şu ýyl Ýokary ligada «Ahaly» uly hasap bilen ýeňendigi janköýerleriň ýadyna düşýän bolsa gerek. Şonuň üçin hem «Balkan» ýarym finala çykmak mümkinçiligini ýitirdi» diýip anyk kesgitlemek kyn. Çünki topar öz meýdanynda «Ahalyň» derwezesine 4 pökgi geçirip bilýändigini Ýokary ligada görkezdi. Bu duşuşykda bolsa ýarym finala çykmak üçin ýer eýelerine garşydaşlarynyň derwezesine jogapsyz 2 pökgi geçirmek hem ýeterlik. Ýöne ýurdumyzyň Kubogyna 2 ýyl bäri mynasyp bolup gelýän «Ahal» hem dörän nobatdaky mümkinçiligi aňsat-aňsat elden bermese gerek.

Ýarym finala «Balkan» çykarmy ýa-da «Ahal»?! Muny öňünden çaklamak kyn. Bir zat welin aýan, geçen ýyl Kubok ýaryşynyň finalyna çenli baryp ýeten bu toparlaryň birinden biri bu ýyl Kubok bilen çärýek finalda hoşlaşmaly bolar. Bu bolsa ýarym finala çykyp bilen beýleki toparlaryň işini ýeňilleşdirer. Şu duşuşyk «Balkanyň» Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda geçirjek 102-nji, «Ahalyň» 42-nji duşuşygy bolar.

«Altyn asyr» — HTTU (Birinji duşuşyk 3:1)

Aslynda «Altyn asyr» ýarym finala birinji duşuşykdan soň çykdy diýip bileris. HTTU-nyň «Altyn asyryň» meýdançasynda jogapsyz 3 pökgi geçirjekdigine ynanmak kyn. Dogry, geçen ýyl HTTU jogap duşuşygynda «aragatnaşykçylary» 2:0 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykyp bilipdi. Ýöne bu ýyl 2:0 hem ýeterlik bolmaz. Üstesine-de HTTU-nyň geçen ýyl ýeňiş gazanan düzüminden birnäçe egsiklikler bar. Iki toparyň arasynda şu ýyl geçirilen duşuşyklarda bolsa HTTU azyndan 2 pökgi tapawudy bilen asgyn geldi. Şeýle-de bolsa futbolyň garaşylmadyk hasaplarynyň birine şaýat bolaýmagymyzyň ähtimallygyny hem ýatdan çykarmaly däl.

Şu jogap duşuşygy «aragatnaşykçylaryň» Türkmenistanyň Kubogyndaky 31-nji, HTTU-nyň 52-nji duşuşygy bolar.

«Aşgabat» — «Hazyna» (Birinji duşuşyk 2:3)

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky şu ýylky ýaryşyň iň köp pökgi geçirilen duşuşygynda «ykdysadyýetçiler» mynasyp ýeňiş gazanmagy başarypdylar. Ýöne «Aşgabadyň» derwezesine üç pökgi geçirip bilenem bolsalar, bu ýeňiş olary arkaýynlaşydyryp bilmedi. Jogap duşuşygynda «Hazyna» 1:0 hasabynda ýeňilmegem howply. Öz meýdanynda aňsat-aňsat ýeňilmeýän «Aşgabat» üçin hem ýeňiş zerur. Çünki çempionatda birinjilige indi «Altyn asyrdan» başga topar garaşýan däl bolsa gerek. Diýmek, hemmeler, şol sanda «Aşgabat» hem Kubokdan umytly. Şu jogap duşuşygynda «Aşgabat» Türkmenistanyň Kubogyndaky 27-nji duşuşygy geçirer. «Hazyna» bolsa 4-nji duşuşygyna çykar.

«Energetik» — «Şagadam» (Birinji duşuşyk 0:1)

Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda ýeňlenem bolsa «Energetik» üçin entek mümkinçilik bar. Ýöne «Energetiň» öňünde iki şert dur. Topar hem-ä ýeňmeli, hem-de özüne pökgi geçirtmejek bolmaly. Diýmek, berk gorag galasy bilen, hem ugurtapyjy, hem ýokary tizlikli hüjüm gerek. Çynyny etse, «Energetik» bulary tapyp bilýän topar.

«Şagadamam» çempionlykdan umydyny üzüp, gözüni Kuboga diken toparlaryň biri. Çärýek finalda Kubok ýaryşynyň iň ejiz hasaplanylýan topary bilen duşuşyp, ýarym finala çykmaga esasy dalaşgär görkezilýän «Şagadam» öz meýdanynda gazanan mümkinçiligini bu gezek hem elden bermese gerek.

Ýatladýarys, şu duşuşykda «Energetik» Türkmenistanyň Kubogynyň taryhynda 6-njy gezek ýaşyl meýdana çykýar, «kenarlylar» bolsa şu jogap oýnunda Kubok ýaryşlaryndaky 74-nji duşuşygyny geçirer.

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru