TÝL 2015: 24-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar

0
692

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Her kime birden: Tapgyrda bir duşuşykda 2 gezek tapawutlanyp bilen futbolçy ýok.

Deňlikleriň tapgyry: Tapgyrda 3 duşuşyk deňlik bilen tamamlandy.

Her oýunda 2 gol: Tapgyrda derwezelere 10 pökgi geçirildi.

«Meýdanam, ýeňişem biziňki»: Tapgyrda ýeňişli tamamlanan duşuşyklaryň ikisinde hem ýeňiş ýer eýeleriniň tarapynda boldy.

350-ä ýetip barýar: Şu tapgyrdan soňky 23-nji Milli çempionatymyzda derwezelere jemi 346 gol geçirildi.

 

«Hazyna» 3 — 0 «Daşoguz»

Gollar:

1:0, Azat Tagandurdyýew 13’

2:0, Gurban Annaýew 53’

3:0, Didar Durdyýew 90’ (pen.)

 

Bir derwezä 80 gol: Şu tapgyrdaky şowsuzlykdan soň, möwsümde «Daşoguz» toparynyň derwezesine girizilen pökgüleriň umumy sany 80-e çykdy.

20 tapgyrdan soň: Tapgyrdaky dürs ýerine ýetirilen 11 metrlik jerime urgusy Didar Durdyýewiň möwsümdäki 2-nji dürs jerime urgusydyr. Ol birinji gezek 2-nji tapgyrda dürs jerime urgusyny ýerine ýetiripdi.

«Daşoguzdan» möwsümiň täze antirekordy: «Daşoguz» şu möwsümde ilkinji gezek bassyr 8 duşuşykda utuldy. Ýokary ligada şu möwsümde başga bu görkezijini görkezen topar ýok.

«Bizem bar»: Tapgyrda HTTU bilen «Merwiň» utuk ýitirmegi «Hazynanyň» haýryna boldy. Topar indi 6-njy orun ugrundaky bäsdeşlerinden bary-ýogy bir utuk yzda barýar.

Üç duşuşykdan soň: «Hazyna» 8 – 2 «Daşoguz»

 

«Ahal» 2 — 2 HTTU

Gollar:

1:0, Altymyrat Annadurdyýew 7’

1:1, Wezirgeldi Ylýasow 28’

1:2, Begenç Seýitmämmedow 74’

2:2, Mihail Titow 90’.

 

Wezirgeldiniň ilkinji goly: HTTU-nyň merkezi ýarym goragçysy Wezirgeldi Ylýasow şu möwsümde ilkinji goluny geçirdi.

«Ahal» bir ädim öňde: Tapgyrda «Balkanyň» «Altyn asyrdan» utulmagy bilen «Ahal» 2-nji orun ugrundaky göreşde bir ädim öňe saýlandy.

Myhmançylykda 20 gol: Şu tapgyrdan soňra HTTU myhmançylykda 20 we ondan kän gol geçirden 4-nji topar boldy.

«Ahal» hem 10-dan geçdi: Şu tapgyrdan soňra «Ahal» öz meýdanynda 10 we ondan kän gol geçirden 7-nji topar boldy.

Üç duşuşykdan soň: «Ahal» 5 – 5 HTTU

 

«Altyn asyr» 1 — 0 «Balkan»

Gol:

1:0, Serdar Annaorazow

 

Serdaryň ilkinjileri: Serdar Annaorazowyň şu duşuşykda geçiren goly duşuşygyň ilkinji (we iň soňky), özüniň möwsümdäki ilkinji, «Altyn asyryň» düzümindäki ilkinji goludyr.

Ýeňişleriň arasy üzüldi: «Balkan» bassyr 4 duşuşykda ýeňiş gazanansoň, ahyr utulyş bilen hem didarlaşmaly boldy.

Ýeňiş tapgyry dowam edýär: «Altyn asyr» bassyr 3-nji ýeňşini gazandy.

Üç duşuşykdan soň: «Altyn asyr» 6 – 2 «Balkan»

 

«Energetik» 0 — 0 «Aşgabat»

Ýeňşe barabar deňlik: Bassyr 6 tapgyr bäri ýeňlip gelýän «Energetik» üçin bu tapgyrdaky deňligiň hem gymmaty uludyr.

«Aşgabadyň» duşuşyklarynda ilkinji «sessizlik»: Şu ýyl «Aşgabadyň» geçiren duşuşyklarynda ilkinji gezek hasap açylmady

Üç duşuşykdan soň: «Energetik» 2 – 6 «Aşgabat».

 

 

«Şagadam» 1 — 1 «Merw»

Gollar:

0:1, Arslan Ýusubow 2’

1:1, Gahrymanberdi Çoňkaýew 74’.

 

Ikinji minutda ilkinji gol: Arslan Ýusubowyň «Şagadam» özüni dürsäp ýetişmänkä geçiren bu goly diňe bir duşuşygyň däl, futbolçynyň özüniň hem möwsümdäki ilkinji goludyr.

«Şagadam» dört 10-y arka atdy: Şu tapgyrdan soň «Şagadam» möwsümde 40 we ondan kän gol geçiren dördünji topar boldy.

Hatara goşuldy: Arslan Ýusubowyň goly bilen «Merw» möwsümde  myhmançylykda 10 we ondan kän gol geçiren 8-nji topar boldy.

Üç duşuşykdan soň: «Şagadam» 3 – 2 «Merw».

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru