Türkmenistanyň Kubogy — 2015: «Energetik» — «Köpetdag» duşuşygyndan soň, gyzykly hasaplamalar

0
640

Şol bir görkezijiler, ýöne netije başga: Kubok ýaryşynda «Energetik» hem, «Köpetdag» hem dört duşuşyk geçirdi. Toparlaryň ikisi hem şol duşuşyklaryň üçüsinde ýeňiş gazanyp, diňe birinde ýeňildiler. Ýöne, görşüňiz ýaly, netije «Energetigiň» peýdasyna. «Energetik» Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparyndan geçiren gollarynyň sanynyň artykmaçlygy boýunça nobatdaky tapgyra çykmagy başardy.

Hojaberdiýew Kubok ýaryşynyň iň gowusy: Türkmenistanyň Ýokary ligasynda-da «Energetigiň» iň netijeli hüjümçisi Kerim Hojaberdiýew şu duşuşykda iki gezek tapawutlanyp, «Türkmenistanyň Kubogy — 2015» ýaryşynyň iň netijeli futbolçysy boldy. Dört duşuşykdan soňra, Kerimiň 4 goly bar.

«Energetigiň» dörtlükleri: Kubok ýaryşynda häzire çenli dört duşuşyk geçiren «Energetik» garşydaş derwezelere girizen pökgüleriniň sany öz derwezesine geçirdenlerinden 4 gol köp: 6 — 2.

«Şagadam» ýene-de Mary şäherine wekilçilik edýän topar bilen duşuşar: Mälim bolşy ýaly, dörtden bir finala çykmagy başaran «Energetik» çärýek finalda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol toparynyň garşydaşy boldy. «Şagadam» bolsa indiki iki ýyl bäri Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ilkinji duşuşygyny Mary şäheriniň topary bilen geçirýär. Geçen ýyl hem «Şagadamyň» çärýek finaldaky garşydaşy «Merw» futbol topary bolupdy.

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru