15-nji TAPGYRYŇ DUŞUŞYKLARYNDAN SOŇ HASAPLAMALAR

0
904

Tapgyryň umumy görkezijileri:

Ýer eýeleri üstün: Tapgyrda geçirilen 5 duşuşygyň 3-sinde ýer eýeleri, 2-sinde myhman toparlar ýeňiş gazandy.

4 futbolçy 10-a ýetdi: Tapgyrda Berdi Şamyradowyň («Aşgabat») iki gezek tapawutlanmagy bilen şu möwsümde 10 we ondan kän gol geçiren futbolçylaryň sany 4-e çykdy.

90-njy minudyň tapgyry: Tapgyrda iki duşuşygyň ykbaly 90-njy minutdan soň belli boldy. 90-njy minutdan soň derwezelere jemi 4 pökgi girdi.

4 futbolçy «goşalady»: Tapgyrda 4 futbolçy (Berdi Şamyradow, Ruslan Kurbanow (ikisi hem «Aşgabatdan»), Ahmet Ataýew («Altyn asyrdan»), Altymyrat Annadurdyýew («Ahaldan») iki gezek tapawutlanmagy başardy. Şeýle ýagdaýa şu çempionatda ilkinji gezek gabat gelinýär.

Sahy tapgyr: Şeýle diýmäge esas bar, çünki tapgyrda geçirilen 5 duşuşykda derwezelere jemi 18 pökgi geçirildi. Şeýlelikde 15-nji tapgyr 4-nji tapgyr bilen birlikde Iň köp gol geçirilen tapgyrlaryň  sanawynda 2-nji orny eýeleýär. Şu ýylky möwsümde iň köp golly tapgyr bolsa 9-njy tapgyrdyr (20 gol).

Hemmeler 10-a ýetdi: «Altyn asyryň» şu tapgyrda derwezesine bi pökgi geçirtmegi bilen şu möwsümde 10-dan az gol geçirden topar galmady.  

 

"Balkan" - "Altyn Asyr" 1:3 (0:0)

Gollar:

Amir Gurbany (1-0),

Ahmet Atayew (1-1).

Ahmet Atayew  (1-2),

Selim Nurmyradow  (1-3)

 

Balkanyň syry çözüldi: Şu möwsümde öz meýdanynda ýekeje gezek hem ýeňilmedik «Balkanyň» bu syryny ahyrsoňy çempionatyň lideri çözmegi başardy.

Ýeňiş üçin 10 minut ýeterlik: Duşuşygyň tä 85-nji minudyna çenli 1-0 hasabynda ýeňlip barýan «aragatnaşykçylar» soňky 10 minutda 3 gol geçirip, munuň şeýledigini subut etdiler.

Öňdebaryjy has öňde: Bu ýeňişden soň ýaryş sanawymyzyň öňdebaryjysy iň ýakyn bäsdeşinden 7 utuk öňe saýlandy.

Ikinji ýarymyň bereketi: Duşuşykda birinji ýarym «ümsümik» bilen geçdi. Ikinji ýarymda welin janköýerler derwezelere giren 4 goluň şaýady boldular.

Iň netijeli hüjümçiler «dymdy»: Iň netijeli hüjümçileriň sanawynyň başyny çekip gelýän Myrat Ýagşyýew bilen Süleýman Muhadowyň ikisinde-de duşuşykda tapawutlanmak başartmady.

666-njy gezek meýdanda: Bu owadan san «Balkana» degişli. Çünki şowsuz hem bolsa bu duşuşyk ýer eýeleriniň Ýokary ligadaky 666-njy duşuşygydy.

210-njy duşuşyk üstünlik getirdi: Ýeňişli geçen bu duşuşyk «aragatnaşykçylaryň» Ýokary ligadaky 210-njy duşuşygy boldy.

250-nji gol: «Altyn asyr» şu duşuşykda derwezesine milli ýaryşlardaky 250-nji goly geçirtdi.

Ilkinji 40-lykçy: Duşuşykda Amir Gurbanynyň salan ýeketäk goly bilen «nebitçiler» şu möwsümde 40 gola ýeten ilkinji topar boldy.

Bu bolsa ilkinji 15-likçi: Selim Nurmyradowyň «Altyn asyryň» ýeňşini kemsiz berkiden goly bilen «aragatnaşykçylar» şu möwsümde myhmançylykda 15 gol geçirip bilen ilkinji topar boldy.

Ýeňilmezlik dowam edýär: Şeýlelikde, «Altyn asyr» ýene-de myhmançylykda ýene-de ýeňilmedi. Ýatladýarys, «Altyn asyr» myhmançylykda geçiren duşuşyklarynda entek ýeke gezek hem ýeňlenok.  

Selim «Balkany» söýýär: Selim Nurmyradow Balkan bilen bolan iki duşuşykda hem gol geçirdi

Yzly-yzyna 4-nji gezek: Şu duşuşykda «Altyn asyr» bassyr 4-nji ýeňşini gazandy.

«Altyn asyr» ? — ? «Balkan»: Iki aýlawyň netijesinde «Altyn asyr» 5 — 2 «Balkan».

 

"Aşgabat" - "Energetik" 4:1 (1:1)

Gollar:

Berdi Şamyradow (1-0)

Begenç Ýazberdiýew (1-1)

Ruslan Gurbanow (2-1)

Berdi Şamyradow (3-1)

Ruslan Gurbanow (4-1)

 

Bassyr ikinji ýeňiş: Şoňky tapgyrlarda şowly çykyş edýän «Aşgabat» bassyr ikinji ýeňşini gazandy.

Bir möwsümde 3-nji gezek: «Aşgabadyň» tejribeli hüjümçisi Berdi Şamyradow 10 tapgyrdan soň ýene-de bir duşuşykda 2 gol geçirdi. Tejribeli hüjümçi umumylykda bolsa şu möwsümde 3 gezek dubl etdi.

Ilkinji gol: Begenç Ýazberdiýewiň «Energetigi» umytlandyran goly futbolçynyň şu möwsümdäki ilkinji goludyr.

300-e 10 ädim: Şu tapgyrda «Aşgabat» futbol topary milli ýaryşlardaky 290-njy duşuşygyny geçirdi

444: Tapgyrda emele gelen ýene bir owadan san. Üç sany 4-lükden düzülen bu san «Aşgabadyň» ýokary ligada geçiren gollarynyň sany. Ruslan Kurbanow duşuşykdaky ajaýyp dubly bilen toparyň 444-nji goluny öz adyna ýazdyrdy. Ýeri gelende aýtsak, «Aşgabadyň» milli ýaryşlarda geçiren goly 470-e çykdy.

Şamyradowdan «Energetige» 3 gol: Berdi Şamyradow «Energetik» bilen bolan iki duşuşykda-da tapawutlandy. «Aşgabadyň» «energetikçileriň» derwezesine girizen 6 golunyň deň ýarysy tejribeli hüjümçä degişlidir.

«Aşgabat» ? — ? «Energetik»: Iki aýlawyň netijesinde «Aşgabat» 6 — 2 «Energetik».

 

HTTU - "Ahal" 2:3 (1-1)

Gollar:

Begli Meredow (0-1)

Pirmyrat Soltanow (1-1)

Altymyrat Annadurdyyew (1-2)

Nuryagdy Muhammedow (2-2)

Altymyrat Annadurdyyew (2-3)

 

Ilkinji minutlar: Şu möwsümde HTTU-a oýuna girişmek kyn düşýäne meňzeýär. Topar bu tapgyrda-da duşuşygyň ilkinji minutlarynda derwezesinden pökgi geçirtdi.

Ählisiniň başyny başlady: «Ahalyň» HTTU-nyň derwezesinden geçiren 3 golunyň ikinjisini öz adyna ýazdyran Begli Meredow şu möwsümde ilkinji gezek gol geçirdi.

333-njy duşuşyk: Şowsuz hem bolsa bu duşuşyk HTTU-nyň Ýokary ligadaky 333-nji duşuşygydy.

Utulyşlardan halas däl: Şu tapgyrda HTTU öz meýdanynda 4-nji gezek ýeňildi. Bu bolsa şu möwsümdäki iň uly şowsuzlyklaryň biri. HTTU-dan köp diňe «Daşoguz» öz meýdanynda 6 gezek ýeňlen topardyr.

Nurýagdy Muhammedow «Ahala» gol salýar: Tejribeli hüjümçi şu möwsümde  «Ahal» bilen bolan 2 duşuşykda hem tapawutlandy.

HTTU ? — ? «Ahal»: Iki aýlawyň netijesinde HTTU 3 — 3 «Ahal».

 

"Daşoguz" - "Hazyna" 2:1 (0-0)

Gollar:

Elzar Gurbanow (1-0)

Guwanç Abylow (1-1)

Bahram Aýmämmedow (2-1)

Ilkinji ýeňiş: Şeýlelikde, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna wekilçilik edýän topar şu möwsümde ilkinji ýeňşini gazandy.

Milli ýygyndynyň «göreldesi»: Mundan birnäçe gün Daşoguz şäherindäki stadionda milli ýygyndymyz Eýranyň ýygyndysyny kabul edip, güýçli garşydaşa mynasyp garşylyk görkezip bilipdi. Ýerli topar hem şol duşuşykdan ruhlanana meňzeýär. Olar şu tapgyrda şol stadionda ilkinji ýeňşini gazandylar.

Hem ýeňiş, hem ilkinji ädim: «Daşoguza» ýeňiş gollaryny getiren Elzar Kurbanow bilen Bahram Aýmämmedow şu möwsümdäki ikinji gollaryny geçirdiler.

Ýeňdi, ýöne...: Duşuşyk «Daşoguzyň» peýdasyna tamamlanan hem bolsa «Hazynanyň» we milli ýygyndymyzyň tejribeli ýarym goragçysy Guwanç Abylowyň ýer eýeleriniň derwezesine 92-nji minutda geçiren goly «Daşoguzyň» derwezewanlarynyň şu möwsümde geçirden 50-nji goly boldy. Bu «üstünlige» entek başga hiç bir topar ýetenok.

Üçden soň däl, ýediden soň puç ekeni: «Daşoguz» 7 tapgyr dowam eden yzygiderli utulyşdan soň ahyry ýeňdi.

«Daşoguz» ? — ? «Hazyna»: Iki aýlawyň netijesinde «Daşoguz» 2 — 5 «Hazyna».

 

"Merw" - "Şagadam" 1-0

Gol: Toyly Goçnazarow (1-0)

Täze tälimçiniň aýagy düşdi: Ýakynda «Merw» futbol toparynyň baş tälimçiligine bellenen türkmen futbolynyň ýatdan çykmajak oýunçysy Rahman Baýlyýew toparyň başynda geçiren iki duşuşygynda 4 utuk gazandy.

«Merw» 8-likleriň topary: Geliň sanalyň! Toýly Goçnazarow 88-nji minutda hasaby açdy. Iki 8-lik boldumy? Toýlynyň bu goly toparyň Ýokary ligadaky 988-nji goly boldy. Al, saňa ýene iki 8-lik. Toparyň Ýokary ligada öz derwezesine geçirden goly bolsa 888. Indi özüniňiz hasaplap görüň, ýekeje toparda näçe 8-lik bar.

Ilkinji gezek: «Şagadam» şu möwsümde Mary welaýatyna wekilçilik edýän toparlardan ilkinji gezek ýeňildi.

«Merw» ? — ? «Şagadam»: Iki aýlawyň netijesinde «Merw» 1 – 2 «Şagadam».

 

Tapgyryň esasy duşuşyklarynyň biri bolan HTTU — «Ahal» duşuşygyndan taýýarlan fotoreportažymyzy synlamagy ýatdan çykarmaň!

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru