TÝL – 2015, 15-nji tapgyr: sanlar, çaklamalar

0
684

«Daşoguz» — «Hazyna»

«Ahal» toparynyň senesi süýşürilen duşuşyklaryndan soňra, Ýokary liganyň duşuşyklary ýene-de doly düzümde dowam edýär. 15-nji tapgyryň duşuşyklarynyň ählisi hem 27-nji iýunda geçiriler. Şeýle-de bolsa,  oýunlaryň Türkmenistanyň futbol federasiýasy tarapyndan düzülen tertipnamada tapgyryň ilkinji duşuşygy hökmünde «Daşoguz» bilen «Hazynanyň» arasyndaky duşuşyk görkezilýär. Şu möwsümde entek ýeňiş gazanyp görmedik ýer eýelerine bu gezek hem 3 utuk gazanmak kyn düşse gerek. Çempionatda umuman şowsuz çykyş edip gelýän-de bolsa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary bassyr iki duşuşykda ýeňiş gazandy. Soňky duşuşygynda bolsa olar çempionlygyň esasy dalaşgärleriniň biri — Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» ýeňlişe sezewar etdiler.

Öňünden hem çaklanylyşy ýaly, duşuşykda ýeňiş artykmaçlygy «Hazynanyň» elinde ýaly görünýär. Eger şeýle bolsa topara 6-njy orna çenli çykmaga mümkinçilik döräp biler. Çünki häzirki wagtda 6-njy we 7-nji orunlary paýlaşýan «Merw» bilen HTTU bu tapgyrda güýçli garşydaşlar bilen duşuşar we olaryň ýeňiş gazanmak mümkinçiligi çäklidir. HTTU-dyr «Merwiň» haýsydyr biriniň oýny deňlik bilen tamamlanaýanda-da «Hazyna» eýeleýän ornuny ýokarlandyrmaga mümkinçilik dörär.

Eger-de ýer eýelerine deňlik bilen oýnamak başartsa, olar şu möwsümdäki 2-nji utugyny gazanar. Ýöne «Daşoguz» ýeňilse welin, bu toparyň bassyr 8-nji ýeňlişi bolar. Şu möwsümde bassyr 8 gezek ýeňlen başga topar ýok.

Şu duşuşykda «Daşoguz» derwezesinden ýekeje pökgi geçirtse, toparyň möwsümde umumy geçirden gollarynyň sany 50-ä çykar. Bu bolsa möwsümdäki ilkinji şeýle netije bolar.

Ýatladýarys: «Daşoguz» bilen «Hazynanyň» arasynda 1-nji aýlawda bolup geçen duşuşykda «Hazyna» 4:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

 

«Aşgabat» — «Energetik»

Ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän «Energetigiň» oýunlaryny şowsuz alyp barýandygyndan ugur alsak, bu duşuşykda ýer eýeleriniň ýeňşine garaşyp bolar. Eger «Aşgabat» ýeňiş gazansa, topara 3-nji orunda ymykly ýerleşmek mümkinçiligi bar.

Eger-de duşuşyk deňlik bilen tamamlansa, bu «Energetigiň» şu möwsümdäki 7-nji deňligi bolar. Ozal hem aýdyşymyz ýaly, şu möwsümde iň köp duşuşygy deňlik bilen tamamlanan topar «Energetikdir». «Aşgabat» bolsa diňe bir duşuşykda deňlik hasap bilen oýnady.

Myhmançylykda geçiren duşuşyklarynyň entek ýekejesinde-de ýeňip görmedik «Energetigiň» janköýerleri bu gezek ýeňşe garaşyp bilermi? Az-da bolsa umyt bar. Ýöne bu ýeňiş toparyň ýaryş sanawyndaky ornuna täsir etmez.

Ýatladýarys: toparlaryň arasynda 1-nji aýlawda geçen duşuşyk 2:1 hasabynda «Aşgabadyň» ýeňşi bilen tamamlanypdy.

 

«Balkan» — «Altyn asyr»

«Nebitçiler» bilen «aragatnaşykçylaryň» arasynda geçjek duşuşyk, gürrüňsiz, tapgyryň iň esasy duşuşygy bolar. Başgaça bu duşuşygy ýaryş sanawnamasynyň başyny çekýän toparlaryň duşuşygy diýip hem, iň köp gol geçirmek ugrunda ýaryşýan netijeli hüjümçileriň (Myrat Ýagşyýew — Süleýman Muhadow) duşuşygy hem diýip atlandyryp bileris.

«Altyn asyrdan» tapawutlylykda şu möwsümde öz meýdanynda ýekeje gezek hem ýeňlip görmedik «Balkan» topary bu gezek hem ýeňşe bir ädim ýakyn görünýär. Eger şeýle bolsa, onda «nebitçiler» lider bilen aralygy bir utuga çenli ýygryp biler (häzir «Altyn asyryň» 33, «Balkanyň» 29 utugy bar). Myhmanlar ýeňse welin, «Altyn asyr» iň ýakyn bäsdeşinden 7 utuk öňe saýlanar. Bu bolsa topar şondan soň iki oýunda ýeňläýende-de öňdeligi hiç kime bermez diýildigidir. Ýöne bu ýeňliş «Balkanyň» eýeleýän ornuna täsir etmez. Diňe üçünji orundaky topar bilen utugyny ýakynlaşdyrar.

Şu tapgyrda «Altyn asyr» topary Ýokary ligadaky 210-njy duşuşygyna çykar. «Balkanyň» futbolçylarynyň garşydaş derwezä girizip bilen ýekeje goly toparyň şu möwsümdäki 40-njy pökgüsi bolar. Şeýlelikde, «Balkan» şu çempionatda 40 gol geçiren ilkinji topar bolar.

Eger-de duşuşykda «Balkan» ýeňiş gazansa, ol toparyň bassyr ikinji ýeňşi bolar. «Altyn asyr» ýeňse welin, bu ýeňiş «aragatnaşykçylaryň» yzly-yzyna gazanan dördünji ýeňşi bolar. «Altyn asyryň» öňki iň gowy ýeňiş tapgyry hem 4 oýundyr.

«Balkan» topary şu möwsümde entek öz meýdanynda ýeňlip görenok, «Altyn asyr» bolsa myhmançylykda ýeňlenok. Göreliň, olar bu ýeňilmezliklerini bu duşuşykda hem saklap bilermikä?

Ýatladýarys: toparlaryň arasynda 1-nji aýlawda geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda «Altyn asyryň» ýeňşi bilen tamamlandy.

 

«Merw» — «Şagadam»

Şu möwsümde Mary welaýatyna wekilçilik edýän toparlardan enteg-ä ýeňilmedik «Şagadam» özüniň Döwlet Baýramowyny, Tirkiş Orazmuhammedowyny, Annageldi Weliýewini, Meýlis Rizaýewini öňki oýnan toparyna garşy Mara alyp barýar. Ýöne bu duşuşyga öz meýdanynda aňsat-aňsat ýeňilmeýän «Merw» hem ykjam taýýarlyk gören bolsa gerek. Ýeňiş iki topar üçin hem gerek. Ýaryş sanawnamasynda eýeleýän orunlaryny saklap galmak üçin toparlara deňlik heme ýeterlik bolman biler. Häzir «Şagadam» «Aşgabat» topary bilen 3-4-nji, «Merw» bolsa HTTU bilen 6-7-nji orunlary paýlaşýar.

«Merw» topary milli ýaryşlarda 1000-nji pökgini derwezesinden geçirtmäge ýakyn geldi. Häzir milli ýaryşlarda «Merwiň» derwezesinden 999 gol geçirildi.

Ýer eýeleriniň derwezesine giriziljek ýekeje gol «Şagadam» üçin hem gyzykly sany ýüze çykarýar. «Şagadamyň» oýunçylary şu duşuşykda ýekeje gezek tapawutlanyp bilseler, olaryň şu möwsümde myhmançylykda geçiren gollarynyň sany 15-e deň bolar. Bu bolsa şu çempionatdaky iň ýokary görkezijidir (myhmançylykda gol geçirmekde).

«Merw» geçen möwsümde-hä öz meýdanynda «Şagadamdan» ýeňilmedi. Ýöne gyşky arakesme döwründe iň esasy oýunçylarynyň käbirini bu günki myhmanlaryna beren «Merw» şol ýeňilmezligi saklap bilermikä?

Ýatladýarys: toparlaryň arasynda 1-nji aýlawda geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda «Şagadamyň» ýeňşi bilen tamamlandy.

 

HTTU – «Ahal»

Möwsümiň başynda geçen ýylky çempiondan hem gowy netije görkezip, AFK-nyň Kubogynda toparçalara girmegi başaran «Ahal» topary soňky döwür şowsuzlyklardan halas däl. Ol şu tapgyrda ýene bir şowsuz çykyş edýän topara – HTTU-a myhman bolar. Göräýmäge, «Ahalyň» düzümi HTTU-nyňkydan güýçli. Ýöne 1-nji aýlawda HTTU güýçli garşydaşlaryny garaşylmadyk ýerde ýeňdi oturyberdi we islendik pursatda garaşylmadyk zatlaryň bolup bilýändigini ýene bir ýola görkezdi. HTTU ýene şol ýeňşini gaýtalar diýmek kyn, ýöne bolman hem bilmez. Ýokary liganyň ýaş tälimçileri Guwançmuhammet Öwekow («Ahal») bilen Röwşen Meredow (HTTU) biri-birine belet. Toparlar hem biri-birini gowy tanaýar. Şonuň üçin hem janköýerler bu duşuşygyň tapgyryň iň gyzykly oýunlarynyň biri boljakdygyna ynanýarlar. Duşuşykda gazanylan ýeňiş «Ahalyň» ýaryş sanawnamasynda eýeleýän ornuny ýokarlandyryp biler, ýöne diňe «Aşgabatdyr» «Şagadamyň» haýsydyr biri ýeňläýen halatynda. «Ahal» HTTU-dan ýene-de asgyn gelse welin, häzirki eýeleýän 5-nji ornuny gidermez. HTTU «Ahal» bilen arany diňe 3 utuga çenli ýygryp biler.

Ýene bir gezek ýatladýarys: toparlaryň arasynda 1-nji aýlawda bolan duşuşykda HTTU 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

 

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru