Son haberler

Haber Arşivi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini 2021-nji ýylyň 12-nji maýyna çenli uzaldýar

0
6886
Adres:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.
Telefon:
44-46-36, 44-46-64, 44-46-77.
Son güncelleme:

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň buýurmagynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde täze desgalar toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça yglan edilen bäsleşigiň möhletini 2021-nji ýylyň 12-nji maýyna çenli uzaldýar.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar şu bildirişiň gazetde çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 12-nji maýyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-36, 44-46-64, 44-46-77.

Metinde bir hata fark ederseniz lütfen onu vurgulayın ve Ctrl+Enter tuşlarına basın.

Yorumlar
Yorum yapmak için lütfen giriş yapın veya kayıt olun
Bu konuda