Son haberler

Haber Arşivi

«Туркменстандартлары» повторно объявляет конкурс на закупку стандартных контрольно-измерительных приборов

0
8438
Adres:
Aşgabat şäheriniň Oguz han köçesiniň 201-nji jaýy
Telefon:
95-73-49, 95-73-48, 95-73-47.
Son güncelleme:

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralara aşakdaky lotlar boýunça nusgalyk synag ölçeg serişdelerini satyn almak üçin bäsleşigi gaýtadan yglan edýär.

Lot ¹ 1 — Dürli görnüşli çelekleri (rezerwuarlary) deňeşdirip barlamak üçin nusgalyk elektron taheometri ýa-da lazerli skaneri.

Lot ¹ 2 — Ýagtylyk ölçeýjileri we lýuksmetrleri deňeşdirip barlaýan nusgalyk synag enjamlar toplumyny.

Lot ¹ 3 — Dürli görnüşli termometrleri deňeşdirip barlamak üçin niýetlenen nusgalyk sanly termometri.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly. Bäsleşik boýunça teklipler bukjada berilmeli. Bukjada synag ölçeg enjamlaryny satyn almak boýunça işleriň we şol işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hyzmatlaryň maliýeleşdirilmegini milli manatda göz öňünde tutmaly.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda Aşgabat şäheriniň Oguz han köçesiniň 201-nji jaýynda ýerleşýän «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň binasynda kabul edilýär.

Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 95-73-49, 95-73-48, 95-73-47.

Metinde bir hata fark ederseniz lütfen onu vurgulayın ve Ctrl+Enter tuşlarına basın.

Yorumlar
Yorum yapmak için lütfen giriş yapın veya kayıt olun
Bu konuda