Son haberler
Haber Arşivi
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi atçylyk toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi üçin Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Kasamly jülge» böleginde atlaryň 500-sini saklamak üçin niýetlenen atçylyk toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär we resmileşdirilýär.
Haýyşnamalar 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwaryna çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-36, 44-47-56.
Metinde bir hata fark ederseniz lütfen onu vurgulayın ve Ctrl+Enter tuşlarına basın.