Gyzykly gezelench | second issue | trip to Nohur

3
9903
Comments
To leave a comment, log in or register
Kseniyaabramovaa ( 13.07.2022 )

Salam Hormatly Türkmen portal web saýtynyň işgärleri! Meniň ilki bilen belläsim gelýän zat, size köp-köp sagbolsun aýdasym gelýär! Sebäbi, siz hakykatdanam gowy işleri edip, türkmen dilinde bize görkezýäňiz. Dogry, Gyzykly gezelenjiňiziňem, beýleki käbir rubrikalaryňam öň prototipleri bardyr, ýöne siz şolary ilkinji Türkmen mediasyna getirmegi başaranlar! Gepleşigiň ozem gyzykly, ozüneçekiji, birhili başga ýurtlaryň komandalarynyň işlerine meňzeýär, ýöne şol bir sanda düşnükli we türkmençe. Ol uly zat! Ýunusam özüni erkin duýýar, her zady gorkezjek bolýar, aýtjak bolýar ol hem gaty gowy zat. Sizden on, dogryžy aýtsam men kän Nohur barada bilemokdym, son sizde gorüp hasam gyzyklandym we beren soraglarynyza jogaplam şeýle: 1. Nohur obalary: Giren ýeriňde Garry Nohur, soň Garawul we Könegümmez obalary. Esasy şol üçisi sizin aýlanan towerekleriniz bolmaly. 2. Nohur diýmek "Nou" we "Hur ýa-daHar" sozünden gelip çykýar. Wersiýalary kop, ýone esasan ol 9 melek we 9 eşekli diýen manylary berýär. Iki ýagdaýda-da Aleksadr Makedonsiý bilen bagly rowaýat. 3. Şu ýerde, alypbaryjyn durup soran ýeri hem beýik depesi sol Nohuryn, maglumata laýyklykda hem ady Abadere bashgaça Manoman bolmaly. Beýikligem 1800 metr toweregi. Sagboluň!

6
By topic