Soňky habarlar

Arhiw

Ertir "Balkan" topary AFK-nyň Kubogynda toparçalara düşmek ugrunda duşuşyk geçirer

19:2108.02.2016
0
2829

Ertir Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalaryna düşmek üçin saýlama duşuşyklar geçiriler. Olaryň birine geçen ýyl ýurdumyzyň çempionatynda kümüş medala mynasyp bolan Balkanabadyň «Balkan» futbol topary gatnaşýar. Liwan döwletiniň Saida halkara stadionynda geçiriljek duşuşykda ildeşlerimiziň garşydaşy Siriýanyň «Al-Wahda» topary bolar. Duşuşygyň Türkmenistanyň wagty bilen 17:15-de başlamagyna garaşylýar.

«Balkan» topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara öz taryhynda dördünji gezek gatnaşýar. Topar bu ýaryşda iň soňky gezek 2007-nji ýylda çykyş edip görüpdi. Olaryň garşydaşlary bolsa geçen ýyl Siriýanyň Kubogyna mynasyp boldular. «Al-Wahda» öz taryhynda Aziýanyň Çempionlar ligasyna bir gezek (2005-nji ýylda), AFK-nyň Kubogyna 3 gezek gatnaşdy. Topar geçen ýyl AFK-nyň Kubogynda saýlama oýun geçirmesizden, ýaryşy göni toparçalardan başlap, «A» toparçada çykyş etdi we toparçada ikinji orny eýeledi. 1/16 finalda bolsa «Al-Wahda» Täjigistanyň «Istiklol» toparyndan 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde ýeňildi.

Eger türkmen futbolçylary bu duşuşykda ýeňiş gazanyp bilseler, AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalarynda çykyş etmäge hukuk gazanarlar. «Ç» toparçada duşuşyklary geçirjek ildeşlerimiziň topardaşlary Omanyň «Al-Oruba», Yragyň «Al-Kuwa Al-Jawiýa» we Palestinanyň «Şabab Al-Dhahiriýa» toparlary bolar.

Ertir biz oýnuň gidişi barada «Line» sosial-aragatnaşyk ulgamyndaky @tpsport resmi hasabymyzda onlaýn görnüşine habar berip durarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň