Türkmenistanyň futbol boýunça Milli çempionaty tamamlandy.

0
582
45
1

22-nji dekabrda Türkmenistanyň futbol boýunça 23-nji Milli çempionatynyň Ýokary ligasynda jemleýji, ýagny 36-njy tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Çempion we kümüş medalçy geçen tapgyrlarda kesgitlenen hem bolsa, çempionatyň iň soňky tapgyry bürünç medalyň we 6-njy ornuň eýesini kesgitlemekde ähmiýetli boldy. 

Üçünji orun ugrundaky duşuşyk Türkmenbaşy şäherinde ýerli "Şagadam" bilen paýtagtymyzyň adybir toparynyň arasynda geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu tapgyra çenli "Şagadam" ýaryş tertibiniň üçünji basgançagyndady. Ýöne bu günki duşuşykda "paýtagtlylar" ýer eýelerini Boris Iwanowyň 10-njy minutdaky ýeketäk dürs urgusy bilen ýeňlişe sezewar edip, 23-nji Milli çempionatymyzy üçünji orunda tamamlamagy başardylar.

Çempionatyň 6-njy ornunyň eýesini kesgitlejek duşuşyk Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň futbol meýdanynda geçirildi. Ol ýerde institutyň "Hazyna" topary HTTU-nyň kabul etdi. Golsuz geçen duuşygyň netijesinde, HTTU çempionaty 6-njy basgançakda tamamlady. Ýokary ligada çykyş edýän ilkinji möwsüminde ýaryşy 7-nji basgançakda tamamlap bilmek, "ykdysadyýetçiler" üçin hem özboluşly üstünlikdir.

Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda "Ahal" "Daşoguzy" 5:2, "Altyn asyr" "Energetigi" 2:0 hasabynda ýeňdi. "Merw" bilen "Balkanyň" arasyndaky duşuşykda bolsa derwezelere pökgi girizilmedi.

Hormatly okyjylar! Saýtymyzyň habarçylary tarapyndan möwsümiň dowamynda käbir sanlar, hasabatlar ýöredildi. Şol hasabatlaryň netijesinde Ýokary liganyň 23-nji möwsümi baradaky gyzykly maglumatlar bilen hem ýakyn günlerde tanşyp bilersiňiz. Onda ýaryş tertibinde, iň netijeli hüjümçileriň sanawyndan başlap, has içgin we gyzykly hasaplamalara çenli bolar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru