14-nji dekabrda Balkanabat şäherindäki sport toplumynda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda geçirilýän ýaryşyň jemleýji duşuşygy boldy. Onda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyr” we Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” toparlary duşuşdylar. Duşuşygyň beýanyna geçmezden ozal, toparlaryň final duşuşygyna çenli geçen ýoluny yzarlalyň!
“Altyn asyr”: “Aragatnaşykçylar” Kubok ýaryşyna ¼ finaldan goşuldylar. Geçen ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem olaryň ilkinji garşydaşy Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň topary boldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl HTTU iki duşuşygyň netijesinde “aragatnaşykçylardan” üstün çykyp, ýarym finala çykmagy başarypdy. Bu gezek welin, “Altyn asyr” HTTU-ny iki duşuşygyň netijesinde 4:1 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykdy. Ýarym finalyň ilkinji duşuşygynda Balkanabat şäheriniň “Balkanyny” 8:1 hasabynda ýeňen “aragatnaşykçylar” final duşuşygyna doly artykmaçlyk bilen çykdylar.
“Şagadam”: Edil “Altyn asyr” ýaly, Kubok ýaryşyna ¼ finaldan goşulan “kenarlylaryň” ilkinji garşydaşy “Eneregetik” boldy. “Köpetdag”, “Merw”, “Daşoguz” ýaly toparlary ýaryşdan çykaryp, çärýek finala gelen “energetikçiler” Kubok ýaryşynyň “weteranyna” mynasyp garşylyk görkezdi. “Şagadam” Ýokary liganyň täze wekilini iki oýnuň netijesinde bir pökgi artykmaçlykda kynlyk bilen ýeňdi.
“Şagadam” üçin ýarym final hem ýeňil düşmedi. Hatda topar ilkinji duşuşykda “Hazynadan” 1:0 hasabynda ýeňildi. Ýöne öz meýdanynda geçirilen ikinji duşuşykda “Hazynanyň” derwezesinden jogapsyz 3 pökgi geçiren “kenarlylar” 8 ýyldan soň, adyny Kubok ýaryşynyň finalyna ýazdyryp bildiler.
Final: “Şagadam” şu ýyl “Altyn asyr” üçin iň agyr garşydaşlaryň biri boldy. Hatda “aragatnaşykçylaryň” şu möwsümdäki ilkinji utulyşyna-da “Şagadam” sebäp bolupdy. Garaşylyşy ýaly, final duşuşygy hem çekeleşikli boldy. Iki tarapdan hem hem ýiti hüjümler gurnalsa-da, 90 minudyň dowamynda hasaby açmak toparlaryň hiç birine-de başartmady. Şeýlelikde, duşuşyk ýene-de ýarym sagatlyk goşmaça wagtda dowam etdi. Munda-da netije ýok. Üstesine iň soňky sekuntlarda “Altyn asyryň” derwezewany Mämmet Orazmuhammedow gyzyl kart alyp, oýundan çykaryldy. Duşuşygyň ykbaly 11 metrlik jerime urgularyna galdy. Jerime urgularda her topar garşydaş derwezä 6 pökgini dürs geçirdi. Ýöne “Şagadamdan” Hydyr Ýakubow toparynyň 7-nji pökgüsini derwezä dürs gönükdirip bilmedi. “Altyn asyrdan” Şöhrat Söýünowyň hasaby 7:6-a çykarmagy bilen hem “aragatnaşykçylar” öz taryhynda ikinji gezek ýurdumyzyň Kubogyna mynasyp boldular.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň Kubogy ugrunda ýene bir ýaryş tamamlandy. Ýaryşyň iň netijeli hüjümçisi Süleýman Muhadow (8 pökgi) hem ýörite baýraga mynasyp boldy.
Kubok ýaryşynyň finalyndan soňra, käbir sanlar we maglumatlar:
- “Şagadam” Türkmenistanyň Kubogynyň finalyna üç gezek çykyp, şolaryň ikisinde ýeňildi. Iki utulyş hem 11 metrlik jerime urgularynyň netijesindedir;
- “Altyn asyr” dört final geçirip, şolaryň diňe birinde ýeňiji 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde kesgitlenildi;
- Indi 1992-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň Kubogyna iki gezek (üns beriň, üç ýa dört däl, diňe iki) mynasyp bolan toparlaryň sany dörde çykdy. Bu Kubogy iki gezek muzeýine äkiden toparlaryň arasynda HTTU, “Merw” we “Ahal” toparlary hem bar.
- Bu final ýeňijisi 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde kesgitlenen bäşinji finaldyr. Şol sanda 2006-njy ýylda HTTU we “Köpetdag” toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy 7:6 hasabynda talyplaryň peýdasyna tamamlandy.
- Şu wagta çenli finala çykyp, ýeňiş gazanyp bilmedik toparlar: “Asudalyk”, “Aşgabat”;
- Şu wagta çenli finalda ýeňilmedik toparlar: “Ahal”, “Garagum”.