Soňky habarlar

Arhiw

Meredowyň het-trigi, Ataýew bilen Nurmyradowyň dubly we Annadurdyýewiň nobatdaky goly

17:4409.07.2015
0
13404

Suratda: Ahmet Ataýew geçiren goluna şatlanýar.

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 18-nji tapgyry ikinji aýlawy jemläp, altyn we kümüş medallar ugrundaky göreşde “Altyn asyr” bilen “Ahalyň” eýeleýän orunlaryny has-da pugtalandyrdy.

Iki topar hem birmeňzeş 4:0 hasabynda öz garşydaşlaryndan üstün çykdy. Ýurduň häzirki çempiony “Altyn asyr” “Köpetdag” stadionynda kän güýç sarp etmän, Marynyň “Energetigini” ýeňdi. Wise çempion we Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi “Ahal” bolsa “Aşgabat”stadionynda ýeňillik bilen “Daşoguzy” ýeňlişe sezewar etdi.

Ýeňiş gazanan iki toparyň hem futbolçylarynyň netijeliligi aýratyn ünsi çekýär. Mysal üçin, “Altyn asyrdan” Kazanyň “Rubininiň” ozalky hüjümçisi Selim Nurmyradow bilen milli ýygyndynyň kapitany Ahmet Ataýew dubl (bir oýunda iki gol) tapawutlandylar. Şunlukda bu Ahmediň soňky dört oýundaky üçünji dublydyr. “Ahal” toparynda bolsa Begli Meredow het-trik etdi (bir oýunda üç gol), şeýle hem bassyr dördünji duşuşykda Altymyrat Annadurdyýew meýdandan golsuz gitmedi. Ol häzir 15 pökgi bilen netijeli hüjümçileriň bäsleşiginde üçünji orunda barýar we öňde barýan “Balkanyň” oýunçysy Myrat Ýagşuýewden 3 pökgi yza galýar.

Hemra Amanmämmedow hem netijeli hüjümçileriň ilkinji üçlüginiň yzydan ýetmäge çalyşýar, onuň “Aşgabada” garşy bolan oýnuň 29-njy minutynda geçiren pökgüsi “Şagadamyň” bäş oýunlyk ýeňişsiz tapgyryny tamamlady. Bu ýeňişden soň, deňizýaka futbolçylar dördünji orna geçdiler, olaryň netijeli hüjümçisi bolsa şu çempionatdaky 13-nji goluny geçirdi.

Günbatar sebitiň beýleki bir topary — öňdäki orna dalaş edýän “Balkan” utuk ýitirmegini dowam etdirýär. Ikinji aýlawyň soňky tapgyrynda at gazanan tälimçi Aly Gurbanynyň şägirtleri Baýramalyda “Merw” bilen deň oýnap (1:1), ýeňişsiz ýoluny dowam etdirdi.

“Hazyna” bilen HTTU-nyň arasyndaky duşuşyk hem hut şeýle hasap bilen tamamlandy — 1:1.

Bu duşuşyklardan soň, ikinji aýlaw tamamlanyp, milli çempionatda arakesme yglan edildi. Üçünji aýlaw awgustda başlanar.                

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşyklaryň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

"Hazyna" – HTTU – 1:1 (0:1)

8-nji iýul. Aşgabat. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň stadiony. 600 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Kemal Gurbanow 90+3 – Azat Şamyradow 22.

Duýduryş alanlar: Nurgeldi Astanow 62, Dawid Sarkisow 65 (ikisi hem – HTTU).

Emin: Begenç Allaberdiýew.

Duşuşygyň inspektory: Wadim Baratow.

 

"Merw" – "Balkan" – 1:1 (1:1)

8-nji iýul. Baýramaly. "Sport desgasy". 1 000 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Ilýa Tamurkin 40 – Begenç Annagurbanow 44.

Duýduryş alanlar: Бегенч Аннакурбанов 45, Гуйчмурад Аннагулыев 76 (ikisi hem – "Balkan").

Emin: Çarymyrat Gurbanow.

Duşuşygyň inspektory: Serdar Ýaryýew.

 

"Şagadam" – "Aşgabat" – 1:0 (1:0)

8-nji iýul. Türkmenbaşy. "Şagadam" stadiony. 200 tomaşaçy.

Pökgini geçiren: Hemra Amanmämmedow 29.

Duýduryş alanlar: Ýunus Orazmämmedow 60 – Boris Iwanow 8, Batyr Jumaýew 40, Wugar Abdullaýew 49.  

Emin: Jumamyrat Jumamyradow.

Duşuşygyň inspektory: Hudaýnazar Rejepow.

 

"Ahal" – "Daşoguz" – 4:0 (1:0)

8-nji iýul. Aşgabat. "Aşgabat" stadiony. 200 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Begli Meredow 36, 53, 79, Altymyrat Annadurdyýew 90+2.

Duýduryş alanlar: Berdi Hotdyýew 29, Annasähet Annasähedow 89 – Hudaýguly Satyýew 36, Yhlas Nepesow 62.

Oýundan çykarylan: Hudaýguly Satyýew (Daşoguz) 78 (2 sary petek).

Emin: Berdi Nyýazdurdyýew.

Duşuşygyň inspektory: Batyr Orazsähedow.

 

"Altyn asyr" – "Energetik" – 4:0 (2:0)

8-nji iýul. Aşgabat. "Köpetdag" stadiony. 100 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Selim Nurmyradow 22, 67, Ahmet Ataýew 42, 90+3.  

Duýduryş alan: Sapar Töräýew 82 ("Energetik").

Emin: Alibek Sapaýew.

Duşuşygyň inspektory: Çaryýar Ataýew.

 

Ikinji aýlawdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi

Iň köp pökgi geçirenler:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 18 pökgi (2 – 11 metrlik urgudan).

Süleýman Muhadow ("Altyn asyr") – 16.

Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal") – 15.

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 13 (6).

--------------------------------------------------------------------

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynyň ähli täzeliklerini Line-de yzarlaň.    

Добавить

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň