Top.Mail.Ru

Son haberler

Haber Arşivi

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edildi

0
2505
Adres:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.
Telefon:
39-46-32, 39-46-38, 39-46-39.
Son güncelleme:

1. LOT ¹ 204.
Ministrligiň ýanyndaky «Awaza» sport toplumynyň UPS enjamy üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, Köpetdag sport toplumynyň myhmanhanasyna gerekli mebelleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

2. LOT ¹ 256.
Türkmenabat şäheriniň Aşgabat köçesiniň ugrundaky boş duran ýerleri abadanlaşdyrmak, ýanýodalarda bejeriş işlerini geçirmek, şäherde guruljak awtomenzile barýan ýoluň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

3. LOT ¹ 329.
Ministrlige gerek bolan harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

4. LOT ¹ 339.
Ministrlige gerek bolan enjamlary we tehniki serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

5. LOT ¹ 384.
Gökdepe etrabynyň Täze eýýam geňeşligindäki 1 gatly ipoteka ýaşaýyş jaýlarynyň 106-synyň daşky elektrik geçiriji ulgamyny geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

6. LOT ¹ 385.
Gökdepe şäheriniň gündogar tarapynda gurulýan 2 gatly, 16 öýli 6 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

7. LOT ¹ 416.
Ministrligiň müdirligi üçin ýük we ýörite awtoulaglaryň howa hem-de ýag-ýangyç süzüjilerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

8. LOT ¹ 424.
Ministrligiň merkezi edara binasynyň ýangyna garşy we tüsse habar beriji ulgamyna tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.

9. LOT ¹ 426.
Mary welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň düzümindäki müdirlikleriň awtoulaglaryna we mehanizmlerine tekerleri satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

10. LOT ¹ 443.
Büzmeýin etrabynyň «Abadan» ýaşaýyş toplumynda 4 gatly, 32 öýli 1 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

11. LOT ¹ 444.
Büzmeýin etrabynyň Altyn asyr köçesiniň ugrunda 4 gatly, 32 öýli 1 sany, 4 gatly, 48 öýli 1 sany ýaşaýyş jaýlaryny daşky hem-de içki inženerçilik ulgamlary bilen bilelikde gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

12. LOT ¹ 447.
Daşoguz şäheriniň Aşgabat köçesiniň ugrundaky 3 girelgeli, 4 gatly, 24 öýli 2 sany we 2 girelgeli, 4 gatly, 16 öýli 1 sany ýaşaýyş jaýlarynyň daşky inženerçilik ulgamlarynyň hem-de ýanaşyk ýerleriniň gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

13. LOT ¹ 454.
Büzmeýin etrabynda 4 gatly, 32 öýli 2 sany ýaşaýyş jaýyny (II tapgyr) gurmak hem-de içki inženerçilik ulgamlary üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

14. LOT ¹ 449.
Gullugyň binalarynyň gurluşyk işleri üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

15. LOT ¹ 465.
Welaýat jemagat hojalygy birleşigi üçin zir-zibil atylýan gutulary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

16. LOT ¹ 468.
Kosmos müdirliginiň Hemrany ýer üstünden dolandyryş merkeziniň we Hemrany ýer üstünden dolandyryş stansiýasynyň wajyp enjamlaryny üznüksiz elektrik togy bilen üpjün edýän UPS enjamlarynyň akkumulýator batareýalaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi.

17. LOT ¹ 487.
Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşligindäki täze, döwrebap obanyň daşky we içerki ýollarynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

18. LOT ¹ 491.
Olimpiýa şäherçesiniň binalarydyr desgalaryndaky UPS enjamy üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

19. LOT ¹ 496.
Şabat etrabynyň Şatlyk geňeşliginiň Täzebazar obasyndaky 200 orunlyk medeniýet öýüniň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

20. LOT ¹ 502.
Ministrligiň zerurlygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

21. LOT ¹ 514.
Köneürgenç şäherindäki 1500 orunlyk sport desgasynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

22. LOT ¹ 520.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin nikaplaýjy toplumy satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

23. LOT ¹ 521.
Aşgabat şäher häkimliginiň Ulag jaýynyň edara binasyna degişli binalarda we desgalarda bölekleýin abatlaýyş işlerini geçirmek üçin enjamlary we harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

24. LOT ¹ 528.
Aşgabat şäherindäki 39-njy orta mekdebiň we 125-nji çagalar bagynyň elektrik ulgamlarynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

25. LOT ¹ 532.
Balkanabat şäheriniň yşyklandyryş ulgamy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Energetika ministrligi.

26. LOT ¹ 534.
Mary şäheriniň N.Halmämmedow köçesiniň ugrunda guruljak 4 gatly, 24 öýli 1 sany ýaşaýyş jaýynyň daşky lagym üpjünçiligi üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

27. LOT ¹ 535.
Ministrligiň garamagyndaky binalaryň we desgalaryň abatlaýyş işleri üçin polietilen turba önümlerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

28. LOT ¹ 539.
Görogly etrabynyň Aksaraý geňeşliginiň Ilaman obasyndaky güýjenmesi 10/0,04 kW bolan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

29. LOT ¹ 542.
Baş gözegçilik müdirligi üçin ýol belgilerini we ýol çyzgylarynyň boýaglaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi.

30. LOT ¹ 562.
Gulluga degişli binalaryň daşky inženerçilik ulgamlaryny (suw, gaz, elektrik) geçirmek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy.

31. LOT ¹ 566.
Balkanabat şäheriniň Nebitçiler we Weterançylar köçeleriniň çatrygynda ýerleşýän 500 orunlyk medeniýet öýüniň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

32. LOT ¹ 587.
«Balkanwelaýatagyzsuw» birleşigine degişli suw beketleriniň ýokary basyşly nasos enjamlarynyň elektrohereketlendirijilerine tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Balkan welaýat häkimligi.

33. LOT ¹ 588.
«Balkanwelaýatagyzsuw» birleşigine degişli suw beketleriniň ýokary basyşly nasos enjamlarynyň elektrohereketlendirijilerini düýpli abatlamak üçin enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

34. LOT ¹ 590.
Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäherindäki kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20000 kub metr bolan suw arassalaýjy desganyň täze gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

35. LOT ¹ 591.
Tagtabazar etrap prokuraturasynyň edara binasynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

36. LOT ¹ 595.
Merkezi patologik anatomiýa edarasynyň binasynyň sowadyjy, howalandyryjy we ýyladyjy ulgamlaryna, şeýle hem dürli görnüşli sowadyjy we doňduryjy enjamlaryna yzygiderli tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

37. LOT ¹ 602.
Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy, Parahatlyk seýilgählerini, Ruhnama, Magtymguly, Baýdak, Adalat, Al-Horezmi, Görogly, Nurmuhammet Andalyp we Nowruz meýdançalaryny, Dostluk, Galkynyş we Ýeňiş seýilbag meýdançalaryny düýpli abatlamak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

38. LOT ¹ 603.
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

39. LOT ¹ 604.
Bagtyýarlyk etrabynyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň daş keşbini we ýumşak üçeklerini düýpli abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

40. LOT ¹ 605.
Berkararlyk etrabynyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny, girelgelerini we ýumşak üçeklerini hem-de liftleriniň üçegini düýpli abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

41. LOT ¹ 606.
Şäherdäki ýerasty pyýada geçelgeleri, köprüleri abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

42. LOT ¹ 607.
Köpetdag etrabynyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny, girelgelerini we üçeklerini düýpli abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

43. LOT ¹ 611.
Şäheriň ýaşaýyş toplumlaryndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny agyz suwy bilen üpjün etmek üçin suw sorujy beketleriň we agyz suwuny arassalaýjy desgalaryň 30-synyň durkuny täzelemek (kuwwatlylygy 150 müň kub metr bolan «Gündogar» suw arassalaýjy desgasy) üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

44. LOT ¹ 613.
Institutyň okuw binalaryna sowadyjy-ýyladyjy enjamy we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: degişli döwlet edarasy.

45. LOT ¹ 614.
Şabat etrabynyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşligindäki 4 gatly, 24 öýli 2 sany ýaşaýyş jaýynyň daşky inženerçilik ulgamlaryny geçirmek hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

46. LOT ¹ 618.
Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» ýaşaýyş jaý toplumyndaky hem-de 91-nji, 92-nji ýaşaýyş jaý toplumlarynyň suw geçiriji ulgamlarynyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

47. LOT ¹ 619.
Balkanabat şäheriniň «Balkan — 1» we «Balkan — 2» ýaşaýyş jaý toplumlarynyň suw geçiriji ulgamlarynyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

48. LOT ¹ 622.
Garagöl obasynyň suw geçiriji ulgamynyň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

49. LOT ¹ 624.
Türkmen oba hojalyk institutynyň okuw binasyna hem-de talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlaryna mebel harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi.

50. LOT ¹ 627.
Degişli binalaryň gurluşyk işleri üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

51. LOT ¹ 634.
Ahal welaýatynyň suwarymly ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak üçin (II tapgyr) harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi.

52. LOT ¹ 636.
Jemagat hojalygy müdirliginiň «Aşgabatagyzsuw» birleşigi üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

53. LOT ¹ 638.
Büzmeýin etrabynyň Täjir we Diýar köçeleriniň yşyklandyryş ulgamy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

54. LOT ¹ 639.
Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesiniň suw geçiriji ulgamlary üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

55. LOT ¹ 640.
Gökdepe etrabynyň Ýaňgala we Hurmantgökje geňeşlikleriniň suw geçiriji ulgamy üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

56. LOT ¹ 641.
Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň suw geçiriji ulgamy üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

57 LOT ¹ 642.
Gökdepe şäherinde uzak möhletleýin karzyň hasabyna gurulýan 2 gatly hususy ýaşaýyş jaýlarynyň 156-synyň daşky elektrik üpjünçiligi, suw hem-de daşky lagym geçirijileri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

58. LOT ¹ 643.
Gökdepe şäherindäki 2 gatly köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregini abadanlaşdyrmak, gurulýan 2 gatly, 16 öýli 24 sany ýaşaýyş jaýynyň suw, daşky lagym geçirijileri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

59. LOT ¹ 644.
Türkmenabat şäherinde guruljak awtomenzile barýan ýoluň durkuny täzelemek we Aşgabat köçesinde hem-de ýanýodalarynda abadanlaşdyryş işlerini geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

60. LOT ¹ 645.
Saýat etrabynyň Mülk geňeşliginiň yşyklandyryş ulgamy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

61. LOT ¹ 646.
Hojambaz etrabynyň Beşir geňeşliginiň yşyklandyryş ulgamy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

62. LOT ¹ 648.
Jemagat hojalygy müdirliginiň şäher arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň «Zeýsuw we suwaryş» müdirligi üçin nasoslary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

63. LOT ¹ 651.
Mary şäheriniň Baýram han köçesiniň ugrundaky lagym nasos bekedinden Murgap köçesindäki 31-nji lagym nasos bekediniň üsti bilen baş lagym bekedine çenli geçirijini gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

Bäsleşik 2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan hem-de ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. 

Telefon belgileri: 39-46-32, 39-46-38, 39-46-39.

Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm internet sahypasynda hem ýerleşdirildi.

Metinde bir hata fark ederseniz lütfen onu vurgulayın ve Ctrl+Enter tuşlarına basın.

Yorumlar
Yorum yapmak için lütfen giriş yapın veya kayıt olun
Bu konuda