Son haberler
Haber Arşivi
Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edildi
1. LOT ¹ 156.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda dö-wlet, welaýat, etrap we şäher merkezi kitaphanalaryny birleşdirýän bitewi elektron ki-taphana ulgamynyň (BEKU) işini kämilleşdirmek we onuň bökdençsiz işlemegini ýola goýmak maksady bilen, yzygiderli tehniki hyzmaty ýerine ýetirmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi.
2. LOT ¹ 189.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty, «Watan mukaddesligi» muzeýlerinde, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerinde hem-de Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýinde (7 muzeýde) sanly ulgam arkaly wirtual syýahaty guramak üçin web-saýty döretmek hem-de ornaşdyrmak.
Buýrujy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi.
3. LOT ¹ 286.
Ministrlige degişli binalarda çillerlere tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
4. LOT ¹ 291.
Gullugyň binalarynda gurluşyk hem-de abadanlaşdyryş işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
5. LOT ¹ 292.
Gullugyň desgalarynda gurluşyk işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
6. LOT ¹ 296.
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň täze obasynyň 28-nji köçesiniň gurluşyk-gurnama işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
7. LOT ¹ 297.
Boldumsaz etrabynda gurulýan, kuwwatlylygy bir gije-gündizde 40 000 m3 agyz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşyk-gurnama işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
8. LOT ¹ 303.
Gullugyň binalar toplumynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
9. LOT ¹ 306.
Gumdag şäherindäki 160 orunlyk çagalar bagy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
10. LOT ¹ 312.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy üçin okuw partalaryny we oturgyçlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi.
11. LOT ¹ 314.
Ministrligiň degişli edaralary üçin arassaçylyk serişdelerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
12. LOT ¹ 394.
Aşgabat şäheriniň ýaşaýyş toplumlarynyň köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça 30 sany suw sorujy bekediň hem-de agyz suwuny arassalaýjy desga-laryň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
13. LOT ¹ 395.
Türkmenistanyň Hökümet münberiniň ikinji böleginiň gurluşygy üçin harytlary we en-jamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
14. LOT ¹ 405.
Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň «Ahal» köçesiniň ugrunda gurulýan 2 gatly 20 sa-ny ipoteka ýaşaýyş jaýynyň elektrik üpjünçiliginiň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
15. LOT ¹ 408.
Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde gurulýan 2 gatly ipo-teka ýaşaýyş jaýlarynyň daşky elektrik üpjünçiliginiň gurluşygy üçin harytlary we enjam-lary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
16. LOT ¹ 409.
Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan şäherindäki güýjenmesi HU-10/0,4 kW bolan el-ektrik bekediniň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
17. LOT ¹ 414.
Baýramaly şäherindäki 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy üçin harytlary we en-jamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
18. LOT ¹ 415.
Mary şäheriniň Güneş şäherçesindäki 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
19. LOT ¹ 419.
Ministrligiň degişli müdirligi üçin gap-gaçlary, enjamlary hem-de inwentarlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
20. LOT ¹ 446.
Ministrligiň maliýe-hojalyk ulgamy üçin niýetlenen ýörite programma üpjünçiligini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
21. LOT ¹ 452.
Ministrligiň degişli müdirliginiň gulluk atlary üçin ot-iýmleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
22. LOT ¹ 453.
Ministrligiň degişli müdirligi üçin alýumin ýa-da polietilen mytara hem-de ýarym ýüň ýorgan serişdelerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
23. LOT ¹ 454.
Ministrligiň degişli müdirligi üçin kir ýuwujy serişdesini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
24. LOT ¹ 455.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň zerurlygy üçin «Motorola» aragatnaşyk serişdele-riniň akkumulýator batareýalaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
25. LOT ¹ 457.
Gullugyň edaralarynda peýdalanmak üçin kompýuterleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.
26. LOT ¹ 458.
Suwaryş hem-de şor-zeý akaba ulgamlaryny üýtgedip, gaýtadan gurmak bilen, Aşgabat şäheriniň oba hojalyk ähmiýetli ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi.
27. LOT ¹ 460.
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Abadan ýaşaýyş toplumynyň «Ahal» köçesiniň günbatar bölegindäki gurluşyk desgalary üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
28. LOT ¹ 466.
Aşgabat şäherindäki 35-nji orta mekdebiň içki elektrik ulgamynda hem-de 90-njy çagalar bagynyň daşky yşyklandyryş ulgamynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary we en-jamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
29. LOT ¹ 467.
Aşgabat şäherindäki 113-nji orta mekdebiň ýylylyk ulgamynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
30. LOT ¹ 468.
«Daşoguzwelaýatgurluşyk» önümçilik birleşiginiň binasyny 1-nji orta mekdebiň şahamçasyna, 1, 2, 3 we 4-nji synplary wagtlaýyn okatmak mekdebine öwürmek üçin dur-kuny täzelemek, Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde gurulýan täze, dö-wrebap şäherçede geňeşligiň edara binasynyň, Daşoguz şäheriniň Nowruz — 2 şäherçesindäki ýaşaýyş jaýlar toplumynyň (6 sany 4 gatly, 16 öýli we 6 sany 4 gatly 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň) gurluşyk işleri, Görogly etrabynyň Ýagtylyk geňeşliginiň Boýun-baş obasyndaky saglyk öýüniň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
31. LOT ¹ 472.
«Türkmenabat — Mary» awtoulag ýolunyň Bitarap Türkmenistan köçesinden, Zerger — Üçajy demir ýolundan geçýän ýolüsti geçelgesine çenli aralygynda täze ýagtylandyryş ul-gamyny gurnamak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
32. LOT ¹ 473.
Kerki şäherindäki sagatda 100 ýolagça hyzmat edýän Halkara howa menziline çenli barýan awtoulag ýolunyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
33. LOT ¹ 474.
Türkmengala etrap kazyýetiniň edara jaýy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
34. LOT ¹ 476.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň degişli müdirliginiň ýangyn söndürijilerini doldurmak, kuwwatlandyrmak işlerini ýerine ýetirmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
Bäsleşik 2021-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdys-adyýet ministrligi. Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38, 39-46-32.
Metinde bir hata fark ederseniz lütfen onu vurgulayın ve Ctrl+Enter tuşlarına basın.