«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar

0
14358
Adres:
Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň 201-nji jaýy
Telefon:
(+99312) 39-25-03, 39-25-16, faks: (+99312) 95-72-98
Son güncelleme:

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralarda daşary ýurtlardan getirilýän ýeňil we ýük awtoulaglarynyň, oba hojalyk we gurluşyk tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny, synag edýän barlaghana enjamlar toplumlaryny we stendleri satyn almak boýunça öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli we bäsleşige degişli resminamalary almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler iki sany aýry bukjada berilmeli. Birinji bukjada doly tehniki häsiýetler, ikinji bukjada teklip edilýän bahalar görkezilmeli. Ady agzalan tehnikalary satyn almak we işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hyzmatlaryň maliýeleşdirilmegini milli manatda göz öňünde tutmaly.

Bäsleşik boýunça teklipler 2020-nji ýylyň 2-nji martyndan Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň 201-nji jaýynda ýerleşýän «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň binasynda kabul edilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalar 30 (otuz) iş gününe çenli kabul edilýär.

Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgilerimiz: (+99312) 39-25-03, 39-25-16, faks: (+99312) 95-72-98.

Metinde bir hata fark ederseniz lütfen onu vurgulayın ve Ctrl+Enter tuşlarına basın.

Yorumlar
Yorum yapmak için lütfen giriş yapın veya kayıt olun
Bu konuda