Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bäsleşik yglan edýär

0
16813
Adres:
Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 461-nji jaýy.
Telefon:
44-00-08, 44-00-32, 44-00-39
Son güncelleme:

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň binalarynda we onuň daş-töwereginde, şeýle hem Döwlet muzeýiniň binalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin potratçylary saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 17-nji martyna, her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Salgymyz: Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 461-nji jaýy.

Telefon belgilerimiz: 44-00-08, 44-00-32, 44-00-39.

Metinde bir hata fark ederseniz lütfen onu vurgulayın ve Ctrl+Enter tuşlarına basın.

Yorumlar
Yorum yapmak için lütfen giriş yapın veya kayıt olun
Bu konuda