Son haberler

Haber Arşivi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlar boýunça bäsleşik yglan edýär

0
35996
Adres:
Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy.
Telefon:
40-04-79
Son güncelleme:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlar boýunça görkezilen lukmançylyk enjamlaryny, lukmançylyk hem-de sarp ediş serişdelerini olaryň öndürijilerinden we öndürijileriň resmi wekillerinden satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Lot ¹1 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi üçin lukmançylyk serişdelerini satyn almak;
Lot ¹2 — Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi üçin sarp ediş serişdelerini hem-de test-ulgamlaryny satyn almak;
Lot ¹3 — Halkara okuw-ylmy merkezi üçin sarp ediş serişdelerini hem-de test-ulgamlaryny satyn almak;
Lot ¹4 — Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Daşoguz Saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezi üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almak zerur.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazuw görnüşindäki arza tabşyrylanda berilýär.
Bäsleşik teklipli bukjalar şu bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda şu aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.
Habarlaşmak üçin telefon: 40-04-79.

 

Metinde bir hata fark ederseniz lütfen onu vurgulayın ve Ctrl+Enter tuşlarına basın.

Yorumlar
Yorum yapmak için lütfen giriş yapın veya kayıt olun
Bu konuda