Top.Mail.Ru

Son haberler

Haber Arşivi

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň Ylmy-önümçilik merkezi aşakdaky ugurlar boýunça gysga möhletli okuwlara çagyrýar

0
17316
Adres:
Aşgabat şäheri, Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň 51-nji jaýy
Telefon:
33-52-70, 39-26-05, Mobil tel.: +993 65-56-80-28, +993 64-14-26-39
Son güncelleme:

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň Ylmy-önümçilik merkezi aşakdaky ugurlar boýunça gysga möhletli okuwlara kabul edilýändigini yglan edýär:
1. Dizaýn (inteýer bezegi, landşaft dizaýn, floristika) — 10 aý;
2. Buhgalter-kassir — 10 aý;
3. Kompýuter sowatlylygy — 2,5 aý;
4. Iňlis dili;

Başlangyç dereje — 4 aý;
Orta dereje — 4 aý.
Okuwlara Türkmenistanyň orta we hünär bilimli raýatlary kabul edilýär. Kompýuter sowatlylygy we iňlis dili boýunça okuwlara mekdep ýaşyndakylar hem kabul edilýär. Okuwlar Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň döwrebap, iň kämil enjamlary üpjün edilen okuw otaglarynda, tejribeli mugallymlar tarapyndan geçirilýär. Okuwlar şertnamalaýyn esasda tölegli geçirilýär. 
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen tertipde müdiriň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
— bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölüminden) häsiýetnama;
— 3x4 sm möçberindäki alty sany surat;
— pasportynyň, eger pasport almadyk bolsa, dogluş hakynda şahadatnamanyň nusgasy;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasynyň, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasynyň nusgasy, ýazylan ýeri boýunça Harby wekillikden güwähat.
Resminamalar Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň Ylmy-önümçilik merkezinde kabul edilýär. Okuwy doly tamamlanlara döwlet nusgasyndaky şahadatnamalar berilýär.
Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.
Telefonlar: 33-52-70, 39-26-05, Mobil tel.: +993 65-56-80-28, +993 64-14-26-39.

Metinde bir hata fark ederseniz lütfen onu vurgulayın ve Ctrl+Enter tuşlarına basın.

Yorumlar
Yorum yapmak için lütfen giriş yapın veya kayıt olun
Bu konuda