Последние новости
Архив новостей
Türkiýe syýahatçylyga gitmek üçin türk diline terjime
0
5353
Türkiýe syýahatçylyga gitmek üçin gerekli resminamalaryň türk diline terjimesi
Wiza almak isleýän adam işleýän bolsa, onuň iş ýerinden wezipesi, aýlyk haky hem işleýän döwri beýan edilen, şol kärhananyň möhüri bilen tassyklanan güwänama we onuň türk diline terjimesi;
Ýüz tutyjy iş bilen üpjün edýän bolsa, onda kompaniýanyň eýesidigini tassykalýan resminama;
Ýüz tutyjy pensiýa çykan bolsa, pensiýa çykandygyny tassyklaýan resminama we türkçe terjimesi
Ýüz tutyjy talyp bolsa, talypdygyny subut edýän talyp şahadatnamasy;
Eger-de ol işlemeýän bolsa, onda onuň hemaýatkäriniň notarius tarapyndan taýýarlanan arzasy we onuň girdeýjisini görkezýän güwänamasy (Ikisiniň hem türk diline terjimeleri);
18 ýaşa ýetmedikler üçin ene-atasynyň ikisiniň hem notariusda resmileşdirilen razylygy, soňra Adalat we Daşary işler ministrliginde tassyklanmaly hem-de türk diline terjime edilip, Türkiýeniň Aşgabatdaky konsullygynda tassyklanmalydyr (hatda ene-atasy aýrylyşan bolsalar hem olaryň ikisiniň-de razylyk bermegi zerurdyr); - 18 ýaşa ýetmedikler üçin Dogluş hakynda şahadatnamasy – ilki bilen notariusda, soňra Adalat we Daşary işler ministrliginde tassyklanan bolmaly (türk diline terjime edilip, Türkiýeniň Aşgabatdaky konsullygynda tassyklanmalydyr);
Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме