Balkan welaýat häkimligi potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

0
3690
Adres:
Balkanabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy — welaýat häkimligi.
Telefon:
(800222) 2-00-25, 2-00-55.
Son güncelleme:

Balkan welaýat häkimligi Esenguly etrap prokuraturasynyň täze edara binasynyň gurluşygyny ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan edara-kärhanalar we kompaniýalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;

— soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;

— edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.    

Bäsleşik teklipli bukjalar şu salgyda kabul edilýär: Balkanabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy — welaýat häkimligi.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (800222) 2-00-25, 2-00-55.

Metinde bir hata fark ederseniz lütfen onu vurgulayın ve Ctrl+Enter tuşlarına basın.

Yorumlar
Yorum yapmak için lütfen giriş yapın veya kayıt olun
Bu konuda