Son haberler

Haber Arşivi

Daşoguz welaýat häkimligi potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

0
3342
Adres:
Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy, welaýat häkimligi.
Telefon:
800322-9-03-02, faks belgisi: 800322-9-03-14.
Son güncelleme:

Daşoguz welaýat häkimligi welaýatyň bilim, terbiýeçilik edaralarynyň binalarynda ýangyn habar beriji we duýduryjy enjamlary oturtmaga, suw howdanlarynda, içerki ýangyn suw gidrantlarynda hem-de Şabat etrabyndaky 7, 42, 43-nji, Görogly etrabyndaky 16-njy, Boldumsaz etrabyndaky 52-nji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 15, 19, 20, 81-nji, Akdepe etrabyndaky 59, 63, 66, 106-njy orta mekdepleriň, şeýle hem Daşoguz şäherindäki 16, 26, 33-nji, Şabat etrabyndaky 8-nji, Akdepe etrabyndaky 1-nji çagalar baglarynyň binalarynda düýpli abatlamak işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 12-nji apreline, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Salgysy: Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy, welaýat häkimligi.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 800322-9-03-02, faks belgisi: 800322-9-03-14.

Metinde bir hata fark ederseniz lütfen onu vurgulayın ve Ctrl+Enter tuşlarına basın.

Yorumlar
Yorum yapmak için lütfen giriş yapın veya kayıt olun
Bu konuda