SAGLYGYŇ GADYRY
Käte-käte arzuwlarňa ýetmeseň,
Ýapylan dek bolýar ähli gapylar.
Ýöne ynanýaryn jan saglyk bolsa,
Galan zadyň bir alajy tapylar.
Kime derkar solup barýan bägüller,
Ter gülleriň hyrydary kän bolýar.
Şoň üçinem ynsanlaryň zynaty
Eziz ýaşlyk bile sagat jan bolýar.
Perişdeleň nazar salan ýurdunda
Has belentde jan saglygyň goragy.
Şohratly günlerden bagtly ertire
Gorap ýetireliň bireg biregi.
Köpelse-de täze hassahanalar
Azalsyn şonçarak hassalaň sany.
Bedenmizi derman bilen gynaman,
Sporta höwrügip goralyň jany.
Çünki bu watanyň ogul gyzlarna
Sagdyn pikir hem sagdyn ruh ýaraşýar.
Biz ýaşlara baýdagmyzy parladyp
Gidilmeli beýik ýollar garaşýar.
Saglygyň dikelýär Saglyk ýolunda,
Duýulýar şypaly daglaryň güýji.
Sagdyn yaşaýyşly eziz ilimde
Göwünler giňişdir günlermiz süýji.
Berkarar döwletiň bagtyýar döwri,
Ömürlermiz ýaz günlerne beslenýär.
Lukman Arkadagyň mährem ýüregi
"Döwlet adam üçin!"diyip seslenýär.
Atanyýaz HANGELDIÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.