Последние новости

Архив новостей

Государственный цирк Туркменистана

0
4708
Адрес:
г. Ашгабат, проспект Махтумкули 134 «А»
Телефон:
36-32-05, касса 36-10-95, 36-10-34

Sirkiň salgysy:  Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 134-nji “A” jaýy. 

Sirkiň telefon belgileri: kabulhana 36-32-05, kassa 36-10-95, 36-10-34.


Garaşsyz, baky  Bitarap  Türkmenistanda  milli   sirk  sungatyny    ösdürmek, şan-şohraty  bütin  dünýä ýaýran ahalteke bedewleriniň, türkmen jigitleriniň  gatnaşmagynda  sirk  sungatynyň  dürli ugurlary boýunça  tomaşa çärelerini  guramak, milli sirkiň  medeni derejesiniň  yzygiderli  ýokarlandyrylmagyny  gazanmak we  ilatyň medeniýetli dynç  alyşyny  guramagy  düýpli  gowulandyrmak, geljekde  milli  sirk  sungatyny  has-da  ösdürjek  ýaşlary  terbiýeläp  ýetişdirmek  üçin  oňaýly  şertleri  döretmek  maksady bilen, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň  tagallasy  bilen   2010-njy ýylyň aprel aýynyň  23-inde  Türkmenistanyň döwlet sirki täzeden dikeldildi.

Tehniki-üpjünçilik taỳdan dünỳä ülňülerine laỳyk gelỳän sirkiň kaşaň binasy paỳtagtymyzyň merkezinde ỳerleşỳär. Sirkiň  esasy merkezi sirk çykyşlaryny görkezmek üçin niỳetlenen diametri 13 metr tegelek meỳdançadan ybarat bolup, ondan sirkiň iň ỳokarky nokadyna çenli aralyk 18 metrdir. Bu meỳdançanyň daşynda tomaşaçylar üçin 1 müň 500 adamlyk oturymly ỳerler göz öňünde tutulan.

Sirk çykyşlaryny görkezmek üçin türkmeniň genji hazynasy bolan türkmen ahalteke atlary, eldekleşdirilen itler we beỳleki haỳwanlar peỳdalanylỳar. Sirkiň her bir tomaşasynda dünỳä belli ahalteke bedewleriniň ajaỳyp çykyşylary ỳörite maksatnama esasynda üstünlikli görkezilỳär.


Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

По теме
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь