Государственный комерческий банк Туркменистана «Дайханбанк»

0
4717
Адрес:
744000, Республика Туркменистан, г. Ашхабад, пр-т Битарап Туркменистан, 465
Телефон:
(993 12) 380222, 920571
Веб адрес:
www.dayhanbank.gov.tm

Beýik Galkynyşlar zamanynda ýurdymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegi Türkmenistanyň bank ulgamynyň we şol sanda Türkmenistanyň “Daýhanbank”döwlet täjirçilik bankynyň hem ykdysady taýdan ösmegine oňaýly täsirini ýetirdi. Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ulgamynda häzirki wagtda 5 sany welaýat dolandyrmasy, 50 sany şahamça olaryň düzüminde 390 sany bank gulluklary hereket edip, bankyň müşderilerine giň gerimli bank hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.1998-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 3970 belgili “Türkmenistanyň bank ulgamyny pugtalandyrmak baradaky çäreler hakyndaky” Karary bilen 1999-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky döredildi we Daýhanbankda ýurduň Agrosenagat toplumyna hyzmat edýän döwet täjirçilik bankynyň derejesi berildi. Bu konsepsiýa önümçiligi gurnamaklygyň we dolandyrmaklygyň, zähmete bolan höweslendirmäni we oba hojalyk önümini öndürijileriň özbaşdaklygyny üpjün etmegiň esasynda kärende gatnaşyklaryny ösdürmegiň, maddy-tehniki bazanyň, ýeriň we suwuň netijeli peýdalanmagynyň giň meselelerini özünde jemleýär. Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky 2010-njy ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, halkyň, esasanda oba ilatynyň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmaklyga gönükdirilen möhüm çäreleri amala aşyrmagy başardy. Şol sanda bank, döwletimiziň durmuş-ykdysady maksatnamalary esasynda, azyk maksatnamasyny çözmeklige gönükdirilen Türkmenistanda oba hojalyk pudagynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň çäginde döwlet tabşyrygyna degişli oba hojalyk önümlerini öndürijileri, olary gaýtadan işleýän we olara hyzmat edýän pudaklary, telekeçileri, raýatlary we oba ýerlerinde ýaşaýyş jaýlaryny gurmaklygy karzlaşdyrmak işlerini hem alyp bardy. 2010-njy ýylyň dowamynda bugdaý we pagta öndürijileri bilen hasaplaşyklar örän gysga wagtda bökdençsiz geçirildi, munuň özi babadaýhanlarymyzyň zähmete bolan höwesini has-da ýokarlandyrdy. Milli pulumyzyň dolanşyga girizilmegi ykdysady garaşsyzlygy gazanmaga, ýurdumyzda maliýe-ykdysady we pul karz syýasatyny özbaşdak alyp barmaga esas döretdi. Milli türkmen manady Türkmenistanyň döwlet berkararlygynyň binýadyny berkitmekde, gazanylan ykdysady üstünlikleri pugtalandyrmakda, öňde goýlan maksatlara ýetmekde öz möhüm wezipesini ýerine ýetirdi. Milli manadymyz hasaplaşyk pul serişdesi bolmak bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gülläp ösmegine ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derjesini düýpli ýokarlandyrmaga möhüm maliýe serişdesi bolup çykyş edýär. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde bank ulgamynyň ornuny güýçlendirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny karzlaşdyrmagyň möçberini artdyrmak, banklaryň maliýe hasabatyny halkara standartlaryna geçirmek, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bankara we halkara hasaplaşyk-töleg ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bank kartlaryň üsti bilen amal edilýän nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmek, ipoteka karzyny ösdürmek, täze bank önümlerini ornaşdyrmak we hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak hem-de işgärleriň ussatlyklaryny artdyrmak bank ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipedir. Täze Galkynyş we Beýik özgertmeler zamanasynda alyp barýan netijeli maýa goýum we pul karz syýasatymyzyň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysadyýetimiziň ileri tutulyp ösdürilýän pudaklary boýunça uly sepgitlere ýetildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagy üçin biz milli pulumyzyň hümmetini mundan beýläk-de berkitmegi, ony ýurdumyzyň her bir bagtyýar raýatynyň baýlyk serişdesine öwürmegi wezipe edip goýýarys. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň sagdyn ösüşi, amala aşyrylýan oba hojalygyny özgertmegiň toplumlaýyn maksatnamasyny durmuşa geçirmeklik bankyň mundan beýläkde ösmegi üçin amatly şertleri we täze mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmegiň ugurlary esasynda, oba hojalygynda öndürilen önüm üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary wagtynda geçirmekligiň häzirki zaman ulgamyny döretmek, obada kärhanalary gurmak üçin uly bolmadyk möçberdäki karzlaryň berilmegini ýola goýmak, şol sanda obada bank ulgamyny kämilleşdirmek bankyň öňünde goýlan esasy wezipeler bolup durýar. 

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Читайте так же
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь