Как найти идеальный зал для семейных торжеств: основные критерии выбора

Türkmenistanyň «Türkmenistan» Döwlet täjirçilik banky damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak üçin aşakdaky lotlar boýunça bäsleşik yglan edýär.
Lot ¹ 1 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Üzümçilik» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän meýdanyň 200 gektar ýer böleginde ekilen agaç nahallaryna damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak.
Lot ¹ 2 — Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Altyn asyr» daýhan birleşiginiň çäginde (Aşgabat — Daşoguz awtoulag ýolunyň gündogarynda, 45 kilometrliginde) ýerleşýän meýdanyň 215,50 gektar ýer böleginde ekilen agaç nahallaryna damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak.
Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumatlary bankyň merkezi edarasyndan sagat 9:00-dan 17:00-a çenli alyp bilerler.
Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 79-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 44-02-94, 44-02-96.
Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter