Последние новости

Архив новостей

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edildi

0
2916
Адрес:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.
Телефон:
39-46-39, 39-46-38, 39-46-32.
Последнее обновление:

1. LOT ¹ 9.
Gullugyň degişli desgalary üçin serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

2. LOT ¹ 27.
Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň gündogar tarapynda gurulýan 2 gatly, 16 öýli, 6 sany ýaşaýyş jaýynyň daşky meýdançalaryny abadanlaşdyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

3. LOT ¹ 65.
Gullugyň degişli bölümleri üçin goş emläklerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

4. LOT ¹ 66.
Gullugyň degişli bölümleri üçin goş emläklerini we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

5. LOT ¹ 78.
Baýramaly şäheriniň 1-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň çäginde gurulýan 2 gatly, 8 öýli, 9 sany ýaşaýyş jaýynyň agyz suw üpjünçiligi üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

6. LOT ¹ 79.
Baýramaly şäheriniň 1-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň çäginde gurulýan 2 gatly, 8 öýli, 9 sany ýaşaýyş jaýynyň lagym geçirijiler üpjünçiligi üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

7. LOT ¹ 94.
Ministrligiň degişli bölümleri üçin arassaçylyk serişdelerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

8. LOT ¹ 100.
Ministrligiň degişli edaralaryna şahsy arassaçylyk serişdelerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

9. LOT ¹ 150.
Mary şäherindäki desgalarynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.

10. LOT ¹ 154.
Institutyň işini sanly ulgama geçirmek we onuň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça en-jamlary gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Hazar deňzi instituty.

11. LOT ¹ 155.
Institutyň işini sanly ulgama geçirmek we onuň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça en-jamlary gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Hazar deňzi instituty.

12. LOT ¹ 160.
Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesiniň ugrundaky köp gatly ýaşaýyş jaý toplumynyň I, II, III tapgyrlarynyň daşky inžener ulgamlarynyň gurluşygy hem-de abadanlaşdyryş işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

13. LOT ¹ 173.
Gullugyň Mary welaýatynda ýerleşýän binalar toplumynyň daşky elektrik üpjünçiligi üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

14. LOT ¹ 174.
Gullugyň Mary welaýatynda ýerleşýän desgasynyň elektrik üpjünçiligi üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

15. LOT ¹ 177.
«Altyn asyr» Türkmen kölüniň şor suw akabalaryny gurmak, Garagum derýasynyň 744-nji kilometrliginde täze suw göteriji bekedi gurmak, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň 1500 gektar ekerançylyk ýerleriniň durkuny täzelemek, Ahal welaýatynyň suwarymly ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak (II tapgyr, Ak bugdaý etrabynyň «Wa-tan» daýhan birleşigi), Gökdepe etrabyndaky 21-nji suw göteriji bekediň durkuny täzelemek, suwaryş hem-de şor-zeý akaba ulgamlaryny üýtgedip, gaýtadan gurmak bilen, Aşgabat şäheriniň oba hojalyk ähmiýetli ýerlerini abadanlaşdyrmak (I tapgyr) we şäheriň arassalanan lagym suwlary bilen suwarymly täze ýerleri özleşdirmek (I tapgyr) üçin gur-luşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi.

16. LOT ¹ 199.
Mary şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we en-jamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

17. LOT ¹ 208.
Serwer enjamlaryny gurnamak işlerini ýerine ýetirmek.
Buýrujy: Aşgabat şäher häkimligi.

18. LOT ¹ 209.
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň binalaryndaky liftlere tehniki hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

19. LOT ¹ 214.
Gullugyň degişli bölümleri üçin UPS enjamynyň akkumulýator batareýasyny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

20. LOT ¹ 215.
Ministrligiň desgalary üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

21. LOT ¹ 216.
Ministrligiň degişli edaralaryna dürli görnüşli gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

22. LOT ¹ 217.
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çäginde agaç na-hallaryny ekmek üçin bölünip berlen 214,4 gektar ýeriň suwaryş ulgamynyň gurluşyk işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti.

23. LOT ¹ 220.
Ministrligiň degişli binasyna ýagly görnüşli transformator enjamyny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

24. LOT ¹ 221.
Ministrlige degişli binalardyr desgalar üçin gaz we suw ölçeýji enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

25. LOT ¹ 222.
Ministrligiň degişli bölümleri üçin suwuk görnüşli gap-gaç ýuwujy serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

26. LOT ¹ 238.
Gullugyň degişli bölümleri üçin dürli görnüşli mebel enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

27. LOT ¹ 239.
Gullugyň edaralarynda ulanylýan elektron we sanly gümrük amaly ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.

28. LOT ¹ 248.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň abadan-laşdyryş işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi.

29. LOT ¹ 253.
Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş jaý toplumynda 720 orunlyk 1 sany umumybilim berýän orta mekdebi gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

30. LOT ¹ 260.
Balkanabat şäheriniň yşyklandyryş nokatlary üçin dürli görnüşli harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Energetika ministrligi.

31. LOT ¹ 282.
Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň binasynyň sowadyjy, ýelejirediji we ýyladyjy ulgam-laryna yzygiderli tehniki hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

32. LOT ¹ 302.
Şäheriň B.Japarow köçesini düýpli abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

33. LOT ¹ 303.
Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly bilen Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň çatrygynda demir germewleri gurnamak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

34. LOT ¹ 304.
Ministrlige degişli bölümleri üçin howa sowadyjy enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

35. LOT ¹ 305.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň günbatar tarapyndaky köçäni abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

36. LOT ¹ 306.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň günbatar tarapyndaky köçäni abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak (2-nji bölegi).
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

37. LOT ¹ 307.
Şäheriň Çoganly şäherçesinde Döwlet baýdagynyň sütünini oturtmak üçin harytlary we en-jamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

38. LOT ¹ 314.
Welaýatyň çäginde gurulýan ýokary tizlikli awtoulag ýoluna barýan birikdiriji ýollary gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

39. LOT ¹ 315.
Çärjew etrabyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 000 m3 bolan agyz suw desgasyn-dan ilatly nokatlara çenli agyz suw geçirijileri gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjam-lary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

40. LOT ¹ 316.
Türkmenabat şäher prokuraturasynyň edara binasynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

41. LOT ¹ 317.
Gurluşyk işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

42. LOT ¹ 318.
Gullugyň täze web-saýtyny işläp taýýarlamak.
Buýrujy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe göze-gçiligi gullugy.

43.LOT ¹ 319.
Owganystanyň degişli serhet gözegçilik-geçiriş nokadyndaky awtoulaglary, tirkegleri zyýansyzlandyrýan desgany hem-de zyýansyzlandyryş geçelgesini gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

44. LOT ¹ 326.
Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs gümrükhana — Döwlet serhedi awtoulag ýolunyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi.

45. LOT ¹ 327.
Aşgabat — Mary awtoulag ýolundan Kaka etrabynyň Artyk obasyna çenli awtoulag ýolunyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi.

46. LOT ¹ 328.
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň gündogar tarapyndan halkaly aýlaw ýoluna birigýän, uzynlygy 7800 metr bolan awtoulag ýolunyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi.

Bäsleşik 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda hem-de e.fineconomic.gov.tm internet sahypasyndan alyp bilersiňiz: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38, 39-46-32.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме