Последние новости

Архив новостей

Türkmenistanda 2022-nji ýylda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige gatnaşmagyň tertibi

0
11313
Последнее обновление:

ASPIRANTURA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 9378 belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama» laýyklykda, aspirantura ýokary bilimli, azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolan, saýlan ugry boýunça ylmy gözlegleri geçirmekde başarnygyny görkezen şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär. Lukmançylyk ylmy ugry boýunça kliniki ordinaturany doly geçen we saglygy goraýyş ulgamynda azyndan 3 ýyl ýa-da kliniki ordinaturany geçmezden, azyndan 5 ýyl işlän şahslar aspirantura bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Aspirantura girmek hakynda aspirantlary taýýarlamagy amala aşyrýan ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arza şu resminamalary goşmak bilen berilýär:
— ýokary bilim hakynda diplomyň nusgasy we onuň goşundysy (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar üçin — degişli diplomyň we onuň deň derejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamasynyň nusgasy);
— işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;
— № 086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy;
— 4x6 sm ölçegdäki üç sany fotosurat;
— neşir edilen ylmy işleriniň sanawy, eger-de okuwa girýäniň ylmy işleri boýunça oýlap tapmalary bar bolsa, ylmy-barlag işleriniň we oýlap tapmalarynyň, hasabatlarynyň sanawy;
— hünärine laýyklykda, saýlap alan temasy boýunça ylmy referat;
— zähmet depderçesiniň nusgasy.
Aspirantura girýän raýat ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakynda diplomy (daşary ýurtda bilim alan adamlar üçin — diplom we onuň deň derejelidigi hakynda ykrar şahadatnamasyny) we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasyny getirip görkezýär.

YLYMLARYŇ KANDIDATY ALYMLYK DEREJESINE DALAŞGÄRLERI BERKITMEGIŇ TERTIBI
Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärler ýokary bilimli bolmalydyrlar. 
Aspiranturada doly okuwy geçenler ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde kabul edilmeýär.
Dalaşgärleri kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin berkitmek üç ýyldan köp bolmadyk möhletde amala aşyrylýar.
Bir wagtyň özünde iki ýa-da birnäçe ýokary okuw mekdebinde hem-de ylmy edarada dalaşgär bolmaga rugsat edilmeýär.
Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgäriň ýokary okuw mekdebine ýa-da ylmy edara berkidilmegi üçin:
— ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy-barlag edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arza;
— hünärine laýyklykda saýlap alan temasy boýunça ylmy referat;
— ýokary bilimi hakynda diplomyň nusgasy (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar üçin — degişli diplomyň we onuň deň derejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamasynyň nusgasy).
 Şahsyýetini tassyklaýan resminamany we ýokary bilimi hakyndaky diplomynyň (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar üçin — degişli diplomy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen we onuň deň derejelidigini tassyklaýan ykrar şahadatnamasyny) asyl nusgasyny dalaşgäriň özi getirip görkezýär.

YLYMLARYŇ DOKTORY ALYMLYK DEREJESINE DALAŞGÄR HÖKMÜNDE HASABA ALMAGYŇ TERTIBI
Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgäriň ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi bolmaly.
Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ylmy işini doktorlyk dissertasiýasy görnüşinde taýýarlamak üçin 4 ýyl möhlet bilen ýokary okuw mekdebinde ýa-da ylmy edarada hasaba alynýar. 
Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ýokary okuw mekdebinde ýa-da ylmy edarada hasaba alynmagy üçin ýolbaşçynyň adyna:
— ylymlaryň kandidaty diplomynyň nusgasy goşulan arza;
— dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy işleri alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň dissertasiýanyň 2/3 böleginiň taýýardygy baradaky güwänamasy.
Şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň we ylymlaryň kandidaty diplomynyň asyl nusgasyny dalaşgäriň özi getirip görkezýär.

DOKTORANTURA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI
Doktorantura ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi we doktorlyk dissertasiýasynyň üçden iki böleginiň ýerine ýetirilenligi barada şol ylmy ugurdan işleri alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň güwänamasy, şeýle hem şol Alymlar geňeşi tarapyndan berlen hödürnamasy bolan şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Doktoranturada okuwyň möhleti üç ýyl. 
Doktorantura girýän adamlar doktorantura döredilen edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arza bilen ýüz tutýarlar we şu resminamalary goşup berýärler:
— işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;
— terjimehal;
— № 086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy;
— 4õ6 sm ölçegindäki üç sany fotosurat;
— ylymlaryň kandidaty diplomynyň nusgasy;
— zähmet depderçesiniň nusgasy;
— neşir eden ylmy işleriniň, oýlap tapyşlarynyň, patentleriniň sanawy we nusgalary, ýerine ýetiren ylmy barlaglary we işläp taýýarlamalary hakynda hasabatlarynyň sanawy;
— üç ýylyň dowamynda tamamlamak göz öňünde tutulýan doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlamagyň meýilnamasy;
— dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy barlaglary alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň doktorlyk dissertasiýasynyň 2/3 böleginiň taýýarlygy hakynda güwänamasy;
— dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy barlaglary alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň hödürnamasy;
— dissertasiýanyň temasynyň ylmy ugry boýunça ylmy barlaglary geçirýän iki sany ylymlaryň doktorynyň syny, olarda temanyň ylmy esaslandyrmasyna we derwaýyslygyna hem-de dissertasiýany taýýarlamagyň hödürlenýän meýilnamasyna baha berilmelidir we üç ýylyň dowamynda ony ýerine ýetirmegiň mümkinçiligi görkezilmelidir.
Doktorantura girýänler ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi hakynda diplomynyň we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgalaryny getirip görkezmelidirler.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY
2022-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça aspirantura kabul etmegi yglan edýär:

12.00.03 — Raýat hukugy; telekeçilik hukugy; maşgala hukugy; halkara hususy hukugy — 1 ýer 
Şeýle-de aşakdaky hünär boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar: 
12.00.05 — Zähmet hukugy; durmuş üpjünçilik hukugy — 1 ýer 
Salgysy: Aşgabat ş., 2022-nji (Bitarap Türkmenistan) köçe, 86. 
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 38-07-92, 38-04-59, 38-06-00.

TÜRKMENISTANYŇ SPORT WE ÝAŞLAR SYÝASATY MINISTRLIGI
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

2022-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar: 
13.00.04 — Bedenterbiýäniň, sport türgenleşiginiň, sagaldyjy we uýgunlaşdyryjy bedenterbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti — 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 22-65-47, 22-65-36.

TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET MINISTRLIGI
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy 2022-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça aspirantura kabul etmegi yglan edýär: 

17.00.02 — Saz sungaty — 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., 1984 (Puşkin) köçesi, 22.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 92-31-61, 92-51-14.

Türkmen döwlet medeniýet instituty
2022-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar: 

17.00.03 — Kino-, tele- we beýleki ekran sungatlary — 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., 1945-nji (10-ýyl abadançylyk) köçe, 114
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 48-10-99, 48-21-47.

TÜRKMENISTANYŇ IÇERI IŞLER MINISTRLIGINIŇ INSTITUTY
2022-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar

12.00.08 — Jenaýat hukugy we kriminologiýa; jenaýat ýerine ýetiriş hukugy — 1 ýer 
Salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 588.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 38-94-12.

TÜRKMENISTANYŇ MILLI HOWPSUZLYK MINISTRLIGI
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk instituty 2022-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin dalaşgärleri saýlap almagy amala aşyrýar: 

05.26.02 — Adatdan daşary ýagdaýlardaky howpsuzlyk (pudaklar boýunça) — 1 ýer
19.00.01 — Umumy psihologiýa, şahsyýet psihologiýasy, psihologiýanyň taryhy — 1 ýer
21.01.01 — Milli howpsuzlygy üpjün etmegiň esaslary — 1 ýer
21.01.02 — Milli howpsuzlyk edaralarynda maglumat seljeriş işi — 1 ýer
21.05.01 — Milli howpsuzlygy üpjün etmekde kiberhowpsuzlygyň usullary we ulgamlary — 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 72.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 21-03-90.

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGI
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2022-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar: 

07.00.15 — Halkara gatnaşyklaryň we daşary syýasatyň taryhy — 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., Galkynyş köçesi, 25.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 22-69-65, 22-69-60.

TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA MINISTRLIGI
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2022-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça aspirantura kabul etmegi yglan edýär: 

05.14.08 — Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleriniň esasyndaky energogurnawlar — 3 ýer
Salgysy: Mary welaýaty, Mary şäheri, Baýram han köçesi, 62.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 5-75-17, 5-75-02.


«TÜRKMENGAZ» DÖWLET KONSERNI
Ylmy-barlag tebigy gaz instituty 2022-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar: 

25.00.17 — Nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek we ulanmak — 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 58.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-06-30.

TÜRKMENISTANYŇ “TÜRKMENNEBIT” DÖWLET KONSERNI
“Nebitgazylmytaslama” instituty 2022-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar: 

25.00.17 — Nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek we ulanmak — 1 ýer
Salgysy: Balkanabat ş., Magtymguly köçesi, 40.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 6-39-73, 6-44-57.

TÜRKMENISTANYŇ YLYMLAR AKADEMIÝASY
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2022-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin dalaşgärleri saýlap almagy amala aşyrýar:

02.00.01 — Organiki däl himiýa — 1 ýer
02.00.03 — Organiki himiýa — 1 ýer
02.00.05 — Elektrohimiýa — 1 ýer
03.01.04 — Biohimiýa — 1 ýer
03.01.06 — Biotehnologiýa (şol sanda bionanotehnologiýalar) — 1 ýer
03.03.01 — Fiziologiýa — 1 ýer
05.09.03 — Elektrotehniki toplumlar we ulgamlar — 1 ýer
05.13.19 — Kiberhowpsuzlyk — 2 ýer
05.16.08 — Nanotehnologiýalar we nanomateriallar (pudaklar boýunça) — 1 ýer
05.27.01 — Gaty jisim elektronikasy, radioelektron düzüjiler, kwant hadysalarynyň esasyndaky mikro we nanoelektronika — 1 ýer
08.00.05 — Ykdysadyýet we halk hojalygyny dolandyrmak — 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., Köşi köçesi, 100.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-16-22.

Himiýa instituty
2022-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça aspirantura kabul etmegi yglan edýär

02.00.03 — Organiki himiýa — 2 ýer
02.00.13 — Nebit himiýasy — 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., 2029-njy (Esgerler) köçe, 92.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 34-05-08, 34-41-11.

Taryh we arheologiýa instituty
2022-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça aspirantura kabul etmegi yglan edýär:

07.00.03 — Ählumumy taryh (degişli döwür boýunça) — 1 ýer 
şeýle-de, aşakdaky hünärler boýunça kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin dalaşgärleri saýlap almagy amala aşyrýar:
07.00.03 — Ählumumy taryh (degişli döwür boýunça) — 1 ýer 
07.00.02 — Watan taryhy — 1 ýer 
07.00.07 — Etnografiýa, etnologiýa we antropologiýa — 1 ýer 
17.00.09 — Sungatyň nazaryýeti we taryhy — 1 ýer 
şonuň ýaly-da, aşakdaky hünär boýunça doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar:
07.00.07 — Etnografiýa, etnologiýa we antropologiýa — 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, 18.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 94-17-60, 94-08-22. 

Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty
2022-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça aspirantura kabul etmegi yglan edýär:

07.00.09 — Taryhnama (istoriografiýa), taryhy çeşmeleri öwrenmek we taryhy derňewleriň usullary — 1 ýer
10.01.02 — Türkmen edebiýaty — 2 ýer 
10.02.20 — Deňeşdirme-taryhy, tipologiki we degşirme dil bilimleri, terjimäniň nazaryýeti — 1 ýer
şeýle-de, aşakdaky hünär boýunça doktorantura kabul etmegi yglan edýär:
10.02.02 — Türkmen dili — 1ýer
şonuň ýaly-da, aşakdaky hünärler boýunça kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin dalaşgärleri saýlap almagy amala aşyrýar:
07.00.09 — Taryhnama (istoriografiýa), taryhy çeşmeleri öwrenmek we taryhy derňewleriň usullary — 1ýer
10.01.02 — Türkmen edebiýaty — 2ýer 
10.02.02 — Türkmen dili — 1ýer
şeýle-de, aşakdaky hünär boýunça doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar: 
10.01.02 — Türkmen edebiýaty — 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., Puşkin köçesi, 13 a.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 94-01-42.

Tehnologiýalar merkezi
2022-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça aspirantura kabul etmegi yglan edýär:

02.00.02 — Analitiki himiýa — 1 ýer 
05.13.01 — Ulgamlaýyn seljerme, informasiýany dolandyrmak we işlemek (pudaklar boýunça) — 1 ýer 
25.00.35 — Geoinformatika — 1 ýer 
25.00.36 — Geoekologiýa — 1 ýer 
şeýle-de, aşakdaky hünärler boýunça kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin dalaşgärleri saýlap almagy amala aşyrýar:
02.00.02 — Analitiki himiýa — 2 ýer 
03.01.06 — Biotehnologiýa (şol sanda bionanotehnologiýalar) — 1 ýer 
Salgysy: Aşgabat ş., 2011-nji (Bekrewe) köçe, 180.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-84-06.

Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty
2022-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça aspirantura kabul etmegi yglan edýär:

25.00.10 — Geofizika, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gözleginiň geofiziki usullary — 1 ýer 
şonuň ýaly-da, aşakdaky hünär boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar: 
25.00.10 — Geofizika, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gözleginiň geofiziki usullary — 1 ýer 
Salgysy: Aşgabat ş., Akademik Tagan Berdiýew köçesi, 20 a.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 94-07-49, 94-08-01.

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2022-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça aspirantura kabul etmegi yglan edýär:

12.00.03 — Raýat hukugy; telekeçilik hukugy; maşgala hukugy; halkara hususy hukugy — 1 ýer
19.00.01 — Umumy psihologiýa, şahsyýet psihologiýasy, psihologiýanyň taryhy — 1 ýer
şeýle-de, aşakdaky hünär boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar:
12.00.03 — Raýat hukugy; telekeçilik hukugy; maşgala hukugy; halkara hususy hukugy — 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 94-63-19.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
2022-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça aspirantura kabul etmegi yglan edýär:

05.13.06 — Tehnologiýa proseslerini we önümçiligi awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (pudaklar boýunça) — 1 ýer
şeýle-de, aşakdaky hünär boýunça kandidatlyk dissertasiýany taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar: 
05.17.01 — Organiki däl maddalaryň tehnologiýasy — 1 ýer 
Salgysy: Aşgabat ş., 1916-njy (Baba Annanow) köçe, 136.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 28-18-66.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty
2022-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin dalaşgärleri saýlap almagy amala aşyrýar: 

08.00.05 — Ykdysadyýet we halk hojalygyny dolandyrmak — 4 ýer
08.00.12 — Buhgalter hasaby, audit, statistika — 1 ýer
08.00.14 — Dünýä ykdysadyýeti — 1 ýer
şonuň ýaly-da, aşakdaky hünär boýunça doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar: 
08.00.05 — Ykdysadyýet we halk hojalygyny dolandyrmak — 1 ýer 
Salgysy: Aşgabat ş., 1972-nji (Atatürk) köçe, 73.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 48-62-28, 48-62-27.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
2022-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça aspirantura kabul etmegi yglan edýär: 

10.02.20 — Deňeşdirme-taryhy, tipologiki we degşirme dil bilimleri, terjimäniň nazaryýeti — 1 ýer
13.00.02 — Okatmagyň we terbiýelemegiň nazaryýeti we usulyýeti (bilimiň basgançaklary, derejeleri we ugurlary boýunça) — 1ýer
şeýle-de, aşakdaky hünär boýunça kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin dalaşgärleri saýlap almagy amala aşyrýar: 
13.00.02 — Okatmagyň we terbiýelemegiň nazaryýeti we usulyýeti (bilimiň basgançaklary, derejeleri we ugurlary boýunça) — 2 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., Aba Annaýew köçesi, 47.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-90-83, 36-87-41.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
2022-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin dalaşgärleri saýlap almagy amala aşyrýar: 

25.00.17 — Nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmek we ulanmak — 2 ýer
25.00.36 — Geoekologiýa (tehniki ugry) — 1 ýer 
şonuň ýaly-da, aşakdaky hünär boýunça doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar: 
25.00.17 — Nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmek we ulanmak — 1 ýer 
Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 48-97-28, 39-13-03.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty
2022-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça aspirantura kabul etmegi yglan edýär:

01.04.10 — Ýarymgeçirijileriň fizikasy — 1 ýer
şeýle-de, aşakdaky hünär boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar: 
05.12.13 — Telekommunikasiýa ulgamlary, torlary we gurnawlary — 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 68.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 94-13-56, 94-21-57.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty
2022-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça aspirantura kabul etmegi yglan edýär:

10.02.20 — Deňeşdirme-taryhy, tipologiki we degşirme dil bilimleri, terjimäniň nazaryýeti — 1 ýer
13.00.02 — Okatmagyň we terbiýelemegiň nazaryýeti we usulyýeti (bilimiň basgançaklary, derejeleri we ugurlary boýunça) — 1 ýer
şeýle-de, aşakdaky hünär boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar:
13.00.02 — Okatmagyň we terbiýelemegiň nazaryýeti we usulyýeti (bilimiň basgançaklary, derejeleri we ugurlary boýunça) — 1 ýer
şonuň ýaly-da, aşakdaky hünär boýunça doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar:
13.00.01 — Umumy pedagogika, pedagogikanyň we bilimiň taryhy — 1 ýer
Salgysy: Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 3-67-02, 3-67-05.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty
2022-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar: 

05.22.01 — Ýurduň, onuň sebitleriniň we şäherleriniň ulag we ulag-tehnologiki ulgamlary, ulagda önümçiligi gurnamak — 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., Büzmeýin etraby, Senagat köçesi, 51.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-26-05.

TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY MINISTRLIGI
Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi 2022-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça aspirantura kabul etmegi yglan edýär: 

14.01.12 — Onkologiýa — 2 ýer 
Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 22.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 48-98-07, 48-98-01.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi
2022-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça kandidatlyk dissertasiýany taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar:

14.01.01 — Akuşerçilik we ginekologiýa — 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., Görogly köçesi, 80.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 36-82-99. 

Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana
2022-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar:

14.03.03 — Patologiki fiziologiýa — 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 60.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 45-49-73.

Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana
2022-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin dalaşgärleri saýlap almagy amala aşyrýar:

14.01.05 — Kardiologiýa — 2 ýer
14.01.26 — Ýürek-damar hirurgiýasy — 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., A.Nyýazow şaýoly, 192.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 36-92-05.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
2022-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça aspirantura kabul etmegi yglan edýär:

14.01.09 — Ýokanç keseller — 1 ýer 
şeýle-de, aşakdaky hünärler boýunça kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin dalaşgärleri saýlap almagy amala aşyrýar: 
03.02.02 — Wirusologiýa — 1 ýer
05.26.06 — Himiki, biologiki we bakteriologiki howpsuzlyk — 2 ýer
14.01.07 — Göz keselleri — 1 ýer
14.01.16 — Ftiziatriýa — 1 ýer
14.01.17 — Hirurgiýa — 1 ýer
14.02.02 — Epidemiologiýa — 2 ýer
14.02.03 — Jemgyýetçilik saglygy, saglygy goraýyş we lukmançylyk diplomatiýasy — 2 ýer
14.03.09 — Kliniki immunologiýa, allergologiýa — 1 ýer 
şonuň ýaly-da, aşakdaky hünär boýunça doktorlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin dalaşgärleri saýlap almagy amala aşyrýar: 
14.02.03 — Jemgyýetçilik saglygy, saglygy goraýyş we lukmançylyk diplomatiýasy — 2 ýer 
Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 18.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 92-71-46, 48-98-71.

TÜRKMENISTANYŇ OBA HOJALYK WE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK MINISTRLIGI
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
2022-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin dalaşgärleri saýlap almagy amala aşyrýar: 

05.20.01 — Oba hojalygyny mehanizmleşdirmegiň tehnologiýalary we serişdeleri — 1 ýer 
06.01.04 — Agrohimiýa — 1 ýer 
06.02.02 — Weterinar mikrobiologiýasy, wirusologiýasy, epizootologiýasy, mikotoksikologiýaly mikologiýa we immunologiýa — 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., 2009-njy (Görogly) köçe, 143.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 34-26-80, 34-01-00.

Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty
2022-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin dalaşgärleri saýlap almagy amala aşyrýar:

03.02.04 — Zoologiýa — 1 ýer 
03.02.05 — Entomologiýa — 1 ýer 
Salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 15.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 94-07-03.

Aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige gatnaşmak üçin arzalar 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 10-yndan 28-ine çenli kabul edilýär. 
Aspirantura kabul etmek üçin giriş synaglary hem-de doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak boýunça çäreler 2022-nji ýylyň mart aýynyň 1-inden 25-ine çenli geçirilýär. Aspirantura, doktorantura kabul etmek we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almaklyk 2022-nji ýylyň 1-nji aprelinden amala aşyrylýar.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме