Последние новости

Архив новостей

TÜRKMENISTANYŇ OGUZ HAN ADYNDAKY INŽENER-TEHNOLOGIÝALAR UNIWERSITETI

0
23186
Последнее обновление:

2018/2019-njy okuw ýyly üçin Hünär bilimi (Inženerçilik we tehniki dersleri okatmagyň usulyýeti) taýýarlygynyň ugry boýunça magistratura kabul edýändigini yglan edýär:
Magistraturada okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.
Magistratura ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolanlar söhbetdeşlikleriň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
Bulardan başga-da, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:
— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär magistratura kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Uniwersitetiň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärlerden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Söhbetdeşlikler we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) awgust aýynyň 12-13-ine geçirilýär.
Söhbetdeşlikler iňlis dili we matematika dersleri boýunça geçirilýär.
Dersler boýunça söhbetdeşlik Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça söhbetdeşlikden geçip bilmedikler ondan soňky söhbetdeşlige goýberilmeýär.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inzener-tehnologiýalar uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Köşi köçesiniň 100-nji jaýy, tel.:39-16-00.

 

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме