Maglumatlar baradaky alada bilen: MUK Veritas-yñ distribýutory bolýar.

0
616
Почта:
kumik.tagiev@gmail.com
МУК kompaniýlaryñ topary we maglumatlary dolandyrmak we saklamak üçin programma üpçünjilikleri döredýän Veritas Technologies kompaniýasy Azerbeaýjanyñ, Ermenistanyñ, Gruziýanyñ, Gazagystanyñ, Gyrgyzstanyñ, Molodowanyñ, Täjigistanyñ, Türkmenistanyñ, Özbegistanyñ we Ukrainanyñ territoriýalarynda distribýutorlyk şertnamasyny kabul etdiler.
Veritas-yñ çözgütleri islendik ölçegdäki guramalara olaryñ esasy aktiwlerinden maksimal ýagdaýda peýda almaga - maglumatlary almaga, sanly transformasiýany çaltlandyrmaga we birnäçe bulut gurşawlarda maglumatlary dolandyrmak, maglumat goragy, saklanyşhananyñ optimizasiýasy iş ýüklemeleriniñ geçirijiligi, talaplary berjaý etmek we ş.m. wezipeleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Veritas-yñ önümleriniñ portfeli esasy üç ugry öz içine alýar. Onuñ birinjisi çaklanylýan mümkinçilik derejesini üpjün etmäge, programmalaryñ işlemezlige garşy çykmagyna, köp bulutly, wirtual we fiziki gurşawlarda maglumat goraýyş ulgamlaryñ täsirli ulanylmagyna mümkinçilik berýär, şeýle hem köp bulutly gurşawda programmalaryñ işlemezlige garşylygyny üpjün etmek üçin gibrid bulutlarynda we Resiliency Platform-da maglumatlary dolandyrmak üçin InfoScale ýaly çözgütleri özünde jemleýär.
Önümleriñ ikinji liniýasy normatiw sazlaşygy üpjün etmäge, guramalaryñ goraglylygyny we elýeterligini üpjün etmäge gönükdirilendir. Onuñ düzümine ulgamyñ köp wagtlap duranyndan we serwerleriñ, kompýuterleriñ we noutbuklaryñ näsazlyklardan soñ çalt ýagdaýda dikeldilmegi üçin System Recovery çözgüdini, maglumat goragy üçin NetBackup çözgüdini, Windows we MacOS enjamlarynda goraglylyk we sinhronizasiýa üçin Desktop and Laptop Option çözgüdini we ş.m. çözgütleri girýär.
Üçünji ugur maglumatlar baradaky analitiki detallary almak üçin çözgütleri, töwekgelçiliklere gözegçilik etmäge we IT-infrastrukturany dolandyrmak üçin gorag ulgamlary we rezerw kopirleme infrastrukturasy üçin çözgütleri öz içine alýar. Onuñ düzümine APTARE IT Analytics atly giñeldilýän IT-analitika platformasy, Information Studio atly wizualizasiýa platformasy Enterprise Vault atly maglumat arhiwlenmesine gönükdirilen çözgüt, töwekgelçilikleri azaltmak üçin we öndürijiligi ýokarlandyrmak we beýleki önümler üçin Data Insight çözgüdi girýär.
Veritas-yñ çözgütlerini satyn almak baradaky anyk maglumaty +38 (044) 492-29-29 telefon belgisi arkaly ýa-da turkmenistan@muk.ua elektron salgysy arkaly anyklap bilersiñiz.
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме