Ýaryş tertibini özgerden tapgyr ýa-da ýokary liganyň 17-nji tapgyryndan soňra gyzykly hasaplamalar

0
959

Ýene bir 13 golly tapgyr: Tapgyrda geçirilen 5 duşuşykda derwezelere 13 pökgi girizildi. Indi bassyr iki tapgyr 13 gol bilen tamamlanýar. Ýatladýarys, 16-njy tapgyryň duşuşyklarynda hem derwezelere 13 gol geçirilipdi. 
Ýekeje penalty: Tapgyryň gollarynyň diňe birisi 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi.
Myhman hormaty: Tapgyrda geçirilen duşuşyklaryň diňe birinde ýer eýeleri (HTTU) ýeňiş gazandy. Edil şonuň ýaly hem bir duşuşyk deňlik bilen tamamlandy. 3 duşuşykda bolsa ýeňiş myhmanlaryň tarapynda boldy. 
Öňki ýeňijileri, täze ýeňijiler: 16-njy tapgyrda ýeňiş gazanan 5 toparyň 4-si şol üstünligini şu tapgyrda hem gaýtalamagy başardy.

 

 

HTTU 1 – 0 “Merw”
Gol: Begenç Seýitmämmedow 89’
HTTU daýanýar:
HTTU duşuşygyň 89-njy minudyndaky goly bilen möhüm ýeňşi gazanyp, ýaryş tertibinde 6-njy orna geçdi
“Merwe” ikinji urgy: Elbetde, birinji urgy ýeňliş. Ýöne ikinji urgy tapgyra 6-njy orunda gelen toparyň tapgyrdan soň 8-nji orna düşmegidir. 
Hem ýeketäk, hem ilkinji: Duşuşykda Begenç Seýitmämmedowyň ýeketäk goly şol bir wagtyň özünde goragçynyň şu möwsümdäki ilkinji goludyr. 
Ýeňlişem bolsa, ýubileý: “Merw” Ýokary ligada 250-nji, milli ýaryşlarda 280-nji gezek ýeňildi.
777-nji gol: Begenç Seýitmämmedowyň şu duşuşykdaky goly HTTU-nyň milli ýaryşlardaky 777-nji goly hökmünde taryha girdi. 
Geçiren goly hem, geçirden goly hem: Şu tapgyrdan soň, HTTU-nyň garşydaş derwelere geçiren goly hem, öz derwezesine geçirden goly hem 18-e deň boldy.
Ilkinji gezek: HTTU şu möwsümde ilkinji gezek bassyr iki duşuşykda ýeňiş gazandy.

 

“Energetik” 0 – 2 “Hazyna”

Gollar:
0 – 1, Guwanç Abylow 21’
0 – 2, Yhlas Saparmämmedow 70’
“Hazynanyň” Messisi:
Soňky 5 tapgyr bäri her oýunda gol geçirip gelýän Guwanç Abylow Messi Argentinanyň milli ýygyndysyny nähili goldaýan bolsa, hut şonuň ýaly hem goldap gelýär. i
Ilkinji gol: Duşuşykda “Hazynanyň” ýeňşini ymykly berkiden Yhlas Saparmämmedowyň goly futbolçynyň Ýokary ligadaky ilkinji goludyr.
Möhüm ýeňişden soň: Hazyna ýaryş tertibinde 7-nji orna geçdi
24=24: Şu tapgyrdan soň “Hazynanyň” garşydaş derwezelere girizen goly hem, öz derwezesine geçirden goly hem 24-e deň boldy.

 

“Daşoguz” 0 – 4 “Altyn asyr”
Gollar:
0 – 1, Didar Hajyýew 4’
0 – 2, Ahmet Ataýew 13’
0 – 3, Bahtiýar Hojaahmedow 53’
0 – 4, Ahmet Ataýew 59’
Kapitanyň göreldesi:
“Altyn asyryň” kapitany  Ahmet Ataýew soňky tapgyrlarda geçirýän gollary bilen toparynyň ýeňşine uly goşant goşýar. 
Hojaahmedowdan ilkinji gol: Tejribeli hüjümçi Bagtyýar Hojaahmedow şu möwsümdäki ilkinji goluny “Daşoguzyň” derwezesinden geçirdi. 
Ýubileý duşuşyk: Şu tapgyrda “Altyn asyr” milli ýaryşlardaky 240-nji duşuşygyny geçirdi.
Kapitanyň ikinji dubly: Ahmet Ataýew şu möwsümde ikinji dublyny amala aşyrdy
Möwsümdäki iň gowy netijesi: “Altyn asyr” eýýäm yzygider geçirilen 5-nji duşuşygynda ýeňiş gazanyp gelýär. Bu bolsa toparyň şu ýylky iň gowy netijesidir. Mundan öň topar diňe 4 duşuşykda yzygiderli ýeňiş gazanypdy.
Ikisinde-de şol bir hasap: “Daşoguz” bilen “Altyn asyryň” arasynda şu möwsümde geçirilen duşuşyklaryň ikisi hem 4:0 hasabynda “Altyn asyryň” ýeňşi bilen tamamlandy.

 

“Aşgabat” 1 – 3 “Ahal”
Gollar:
0 – 1, Altymyrat Annadurdyýew 25’
1 – 1, Ruslan Kurbanow 42’ (pen)
1 – 2, Altymyrat Annadurdyýew
1 – 3, Altymyrat Annadurdyýew
Bombardirligiň täze talapkäri:
Soňky tapgyrlardaky ajaýyp oýunlary we gollary bilen Altymyrat Annadurdyýew bombardirlik ýaryşynda 14 gol bilen 3-nji orna geçdi.
Geçen ýylky ýerine geldi: Ahyrsoňy “Ahal” futbol topary ýaryş tablisasynda  2-nji orna geçdi.
Ýene bir ýubileý: “Ahal” futbol topary Ýokary ligadaky 440-njy, milli ýaryşlardaky 480-nji duşuşygyny geçirdi.
200-e 40 ädim: Şu tapgyrdaky gazanylan ýeňiş “Ahalyň” milli ýaryşlardaky 160-njy ýeňşidir. 
Bir derwezä 320 gol: Altymyrat Annadurdyýewiň het-trigi bilen “Aşgabat” Ýokary ligada 320-nji goluny geçirtdi.
Ilkinji het-trik: Şu tapgyrda Altymyrat Annadurdyýewiň möwsümdäki ilkinji het-trigini amala aşyrdy.
2, 3, 4: Altymyrat Annadurdyýew diňe şu möwsümi hasaba alanyňda bir duşuşykda, 1, 2, 3, 4 gol geçirip gören ýeketäk oýunçydyr. Ýatladýarys, Myrat Ýagşyýew möwsümde bir oýunda 3, 4, 5 gol geçirip gördi, ýöne täsin hem bolsa, futbolçy entek dubl (bir oýunda 2 gol) edip görenok. 
Möwsümdäki iň gowy netijesi: Bassyr 3-nji duşuşygynda ýeňiş gazanan “Ahal”, şeýlelikde, şu möwsümdäki iň gowy netijesini gazandy. “Ahal” mundan öň yzygider geçirilen duşuşyklaryň diňe 2-sinde ýeňiş gazanyp görüpdi, 3-nji duşuşykda ýa-ha ýeňilýärdi, ýa-da şol oýun deňlik bilen tamamlanýardy.
3 tapgyr bäri 3 gol: Iki tapgyr bäri şol bir hasap (3:1) bilen ýeňiş gazanyp gelýän “Ahal”, eýýäm, 3 tapgyr bäri garşydaşlarynyň derwezesinden 3 pökgi girizip gelýär.

 

“Balkan” 1 – 1 “Şagadam”
Gollar:
1 – 0, Amir Gurbany 52’
1 – 1, Döwlet Baýramow 63’ 
Ýarymgoragçylaryň hüjümi:
Duşuşykda iki tarapdan hem ýarymgoragçylar hasaby açdy
Ýene şol hasap: Şeýlelikde, şu möwsümde “Balkan” bilen “Şagadamyň” arasyndaky duşuşyklaryň ikisi hem 1:1 hasaby bilen tamamlandy.
Ýitirilen utukdan soň: “Balkan” ýaryş tertibinde  3-nji orna düşdi
4 tapgyrdan bäri:Indi 4 tapgyrdan bäri, “Balkan” geçirýän duşuşyklarynda 1-den kän gol geçirip bilenok.

--------------------------------------------------------------------

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynyň ähli täzeliklerini LINE-de yzarlaň.    

Добавить

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru