Son haberler
Haber Arşivi
Türkmen döwlet medeniýet instituty 2024/2025-nji okuw ýyly üçin bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär
Türkmen döwlet medeniýet instituty 2024/2025-nji okuw ýyly üçin bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
I. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):
1. Sahna sungatlary we edebi döredijilik (taýýarlygyň ugurlary: aktýorçylyk sungaty (drama we kino aktýory); aktýorçylyk sungaty (gurjak teatrynyň aktýory); drama režissurasy; horeografiýa sungaty (folklor toparyny döretmek we dolandyrmak); horeografiýa sungaty (milli tans toparyny döretmek we dolandyrmak).
II. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):
1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugurlary: telewideniýe (teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak); kitaphana işi; telewideniýe (operatorçylyk işi we montažyň režissurasy); kitaphana-maglumat işleri; telewideniýe žurnalistikasy).
2. Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar (taýýarlygyň ugurlary: muzeýi öweniş hem-de medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak; medeniýeti öwreniş; art-menejment).
3. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (taýýarlygyň ugry: dikeldiş işleri).
4. Ekran sungatlary (taýýarlygyň ugurlary: ses režissurasy; yşyklandyryş tehnologiýalary; kino režissurasy).
5. Taryh we arheologiýa (taýýarlygyň ugurlary: arheologiýa; resminama we arhiw öwreniş).
6. Serwis we syýahatçylyk (taýýarlygyň ugurlary: myhmanhana işi; syýahatçylyk).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary institutda (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilim hakyndaky wagtlaýyn şahadatnamanyň nusgasy;
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 möçberde sekiz sany fotosurat;
- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
- şahsy pasportyny;
- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2023-nji ýylda aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
- Lebap welaýaty — — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;
- Daşoguz welaýaty — — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;
- Mary welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 4-i we 5-i günleri;
- Balkan welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 4-i we 5-i günleri;
- Ahal welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri.
- Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýynyň 9-y, 10-y we 11-i günleri.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
- aktýorçylyk sungaty (drama we kino aktýory); sirk sungaty; drama režissurasy; dramaturgiýa taýýarlygyň ugurlary — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (sahnada hereket üsti bilen işlemek we öz pikiriňi ýazuw üsti bilen etmek), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
- telewideniýe (teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak; telewideniýe režissurasy; operatorçylyk işi we montažyň režissurasy) taýýarlygyň ugurlary — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (ýatdan, görkezmek arkaly), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
- durmuş-medeni işler (medeni-köpçülik çärelerini guramak we goýmak; höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak); horeografiýa sungaty (folklor toparyny guramak we dolandyrmak; milli tans toparyny guramak we dolandyrmak) taýýarlygyň ugurlary — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
- ses režissurasy taýýarlygyň ugry — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (akustika, saz ugrundan ukyby), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
- yşyklandyrma tehnologiýasy taýýarlygyň ugry — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (fizikanyň we optikanyň kanuny, teatr we kino boýunça umumy düşünje), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
- medeniýeti öwreniş, rejelemek işi; arheologiýa; muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak; resminama we arhiw öwreniş; kitaphana işi; kitaphana-maglumat işleri; myhmanhana işi; syýahatçylyk; ykdysadyýet we dolandyryş (medeniýet ulgamynda); art-menejment taýýarlygyň ugurlary — jemgyýeti öwreniş; türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114, tel.: 48-28-60.
Metinde bir hata fark ederseniz lütfen onu vurgulayın ve Ctrl+Enter tuşlarına basın.