Top.Mail.Ru

Son haberler

Haber Arşivi

Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

0
12015
Adres:
Mary ş., Kemine köçesi, 33.
Telefon:
4-66-65, 4-63-42, 4-66-10.
Son güncelleme:

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Nebit, gaz känleriniň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.

2. Nebit we gaz ýataklarynyň gözlegi we olary ulanmak.

3. Nebitgaz geçirijilerini we nebitgaz ammarlaryny gurmak we ulanmak.

4. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek.

5. Elektrik beketler, ýaýlymlar we ulgamlar.

6. Himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.

7. Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary.

8. Awtomatlaşdyrylan elektrotermiki ulgamlaryň önümçiligi.

9. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.

10. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.

11. Maglumat ulgamlary.

12. Elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy.

13. Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak.

14. Maşyngurluşygyň tehnologiýasy.

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Mary şäherinde 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 19-njy aw­gus­ty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2024-nji ýy lyň aw gust aýy nyň 22-23-i, 25-i we 26-sy gün­le­rin­de «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde (Mary ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Mary ş., Kemine köçesi, 33, tel.: 4-66-65, 4-63-42, 4-66-10.

Metinde bir hata fark ederseniz lütfen onu vurgulayın ve Ctrl+Enter tuşlarına basın.

Yorumlar
Yorum yapmak için lütfen giriş yapın veya kayıt olun
Bu konuda