Top.Mail.Ru

Son haberler

Haber Arşivi

Faberlic Purtužur hoşboý yslaryň tapawudy. Soraglara-Jogap Aýbölek Faberlic Türkmenistan

0
857
Telefon:
+99361704962
Posta:
aybolek.faberlic@gmail.com
Müşderilerimizden gelýän iň köp soraglardan biri: «Faberlik Purtužur hoş boý yslarynyň ikisiniň näme tapawudy bar?»


✅Olaryň tapawudy— biriniň (gapagynyň üsti kepderili) Parfýum, beýlekisiniň bolsa (gapagy togalak) Parfýum suwy bolmagydyr.

Parfýum bilen parfýum suwunyň esasy tapawudy olaryň esans ýaglarynyň konsentrasiýasyndadyr. Ine, birnäçe esasy tapawut:

•Esans ýaglarynyň konsentrasiýasy:

1. Parfýum: Esans ýaglarynyň iň ýokary konsentrasiýasyna eýedir, adaty ýagdaýda 20% - 30% aralygy. Bu sebäpli parfýumyň ysy has güýçli we uzak wagtlap dowam edýär (12 sagatdan gowrak).

2. Parfýum suwy (Eau de Parfum, EDP): Esans ýaglarynyň konsentrasiýasy 15% - 20% töweregi. Ysynyň dowamlylygy adaty ýagdaýda 6-8 sagat aralygyndadyr.

•Dowamlylygy:

1. Parfýum: Uzak dowamlylygy we güýçli ysy sebäpli diňe bir-iki damja ulanylsa ýeterlik bolýar.

2. Parfýum suwy: Uly konsentrasiýa bolmadyklygy sebäpli has köp ulanylýar we günüň dowamynda täzeläp ulanmaly bolýar.

•Bahasy:

1. Parfýum: Has ýokary esans ýag konsentrasiýasy sebäpli has gymmat bolýar.

2. Parfýum suwy: Birneme arzan bolup, gündelik ulanylmaga has amatly bolýar.

•Ulanylyşy:

1. Parfýum: Adatça ýörite günler üçin saklanýar, sebäbi onuň ysy has güýçli we gymmat.

2. Parfýum suwy: Has köp ulanylýan we gündelik ulanmak üçin has amatlydyr.



Aýbölek Faberlic Türkmenistan
+99361704962

5 welaýata dostawka hyzmatymyz bar
Yorumlar
Yorum yapmak için lütfen giriş yapın veya kayıt olun
Bu konuda