2 — 4-nji dekabrda Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynda tebigaty goramakda «SMART-gözegçilik» ulgamyny ornaşdyrmak we peýdalanmagyň häzirki zaman usullaryny öwrenmek boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Uly Landşaftlary goramak merkeziniň arasynda Özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde geçirildi diýlip, ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
«SMART-gözegçilik» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça ýerli bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde gözegçiligi güýçlendirmek we biologik köpdürliligi, seýrek duş gelýän we adaty bolan landşaftlaryň abat saklanylmagyny hem-de dikeldilmegini üpjün etmekde şeýle hem, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny yzygiderli öwrenmekde hem-de ösdürmekde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Maslahatyň birinji güni «SMART-gözegçilik» ulgamyny peýdalanmagyň usullaryny öwrenmek boýunça okuw çärelerine bagyşlandy. Maslahatyň dowamynda ministrligiň wekili ýurtda biodürlüligi gorap saklamak boýunça öňde goýulan wezipeleri ýerine ýetirmekde şunuň ýaly usulyýetleri ornaşdyrmagyň wajyplygyny belläp geçdi. Ministrligiň hyzmatdaş guramasy bolan Conservation X Labs tarapyndan «SMART-gözegçilik» ulgamyny ornaşdyrmak we goraghananyň hünärmenleriniň peýdalanmaklry üçin ýörite enjamlar (smartfonlar, kompýuter) bilen üpjün edildi.
Okuw maslahatyň soňky günleri döwlet gözegçileri meýdan şertlerinde «SMART-gözegçilik» ulgamyndan peýdalanmagyň tärlerini öwrenmäge sarp etdiler.
Döwlet gözegçileri «SMART-gözegçilik» ulgamynyň tejribeli hünärmenleri bilen bilelikde meýdan şertlerinde ýol ugry boýunça hereket edip, geçirilen gözegçililk okuwynda «gabat gelen» haýwanlaryň yzlarydyr, bikanun awçylaryň duzaklary ýaly maglumatlary, wakalary öz smartfonlarynda resmileşdirmegi öwrendiler. Mundan başga-da olar takyk GPS nokatlaryny, wakalary bada-bat fotosurata düşürmegi hem-de ýol ugrunyň has zerur meýdanlaryny smartfonda bellige almagynyň aýratynlyklaryny öwrendiler.
