11-nji sentýabrda Ankaranyň ýanynda güýji 4,1 bal ýer yranmasy boldy diýip, ILKHA neşirine salgylanýan «rbc.ru» portaly habar berdi.
Ýerasty sarsgyny ýerli wagt bilen sagat 8:24-de hasaba aldylar. Onuň merkezi Ankaradan 62 km.-likde 11,3 km çuňlukda ýerleşdi.
Habarda paýtagtyň we onuň eteginiň ýaşaýjylarynyň öýlerde uly bolmadyk titremäni duýandyklary aýdylýar. Şikes alanlar barada habar berilmedi. Seýsmologik ýagdaýa Adatdan daşary ýagdaýlaryň netijeleriniň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça edara (AFAD) we beýleki degişli edaralar gözegçilik edýar.
Pes ýertitremeleriniň uly heläkçiliklere getirip bilmejekdigine garamazdan, bu waka iki sany litosfera gatlaklarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkiýedäki seýsmologik töwekgelçilikleri aňladýar diýlip, habarda bellenýär.
