Demirgazyk bengaliýaly (Hindistan) balykçylar tor bilen agramy 2 sentnere golaý bolan akula tutdular. Şeýle äpet balygy ýylda iki-üç gezek awlamak başardýar, şonuň üçin aw köpleriň ünsüni çekdi.
Akulany satmak üçin Halkara balyk senagaty merkezine eltdiler. Birnäçe derman kärhanalary ony satyn almaga isleg bildirdiler. Akulanyň dürli bölekleri derman önümçiliginde peýdalanylýar.
Ertesi söwdalaşyklarda balygy satdylar. Balykçylar köp mukdarda girdeji aldylar, emma onuň möçberi habar berilmeýär diýip, «Odisha TV» teleýaýlymyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
