Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy geçen şenbede sesleriň 120-siniň goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasy bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada» Kararnama kabul etdi. Bu barada ŞHG-niň metbugat gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
«Resminamanyň taslamasy ŞHG-da 2024-2025-nji ýyllarda başlyklyk edýän Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan işlenip düzüldi. Kararnamanyň awtordaşlary 37 döwlet, şol sanda ŞHG-niň agza-döwletleri çykyş etdiler» diýlip, habarda aýdylýar.
Kararnamada ŞHG-niň sebitde howpsuzlygy berkitmekde möhüm gurama öwrülendigi bellenýär.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2004-nji ýylyň 2-nji dekabryndan bäri BMG-niň Baş Assambleýasynda synçy derejesine eýedir.
