Hususy kompaniýalar Türkmenistanda 28 milliard amerikan dollarlyk 5000-den gowrak taslamany durmuşa geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyndaky çykyşynda mälim etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde hususy pudagyň möhüm ornuna ünsi çekdi we uniwersitetiň açylmagyny telekeçiligi we innowasiýalary goldamakda taryhy waka diýip atlandyrdy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredilen wagtyndan bäri onuň agzalary tarapyndan 97 milliard manada golaý ýa-da 28 milliard amerikan dollaryna golaý 5 müň 300-den gowrak taslama üstünlikli durmuşa geçirildi. 425 müňe golaý iş orny döredildi diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Munuň özi «Telekeçiler ýurdumyzyň altyn hazynasydyr» şygarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Ilkibaşda türkmen telekeçileriniň ýöredýän kärhanalary kuwwatlylygy kiçiräk, ýönekeýje kärhanalardy. Döwletiň berýän hemaýat-goldawlaryny netijeli peýdalanyp, bu günki gün şol kiçi kärhanalar uly kuwwatly önümçilige öwrüldi. Olar dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýärler. Şeýle kuwwatly kärhanalaryň sany ýylsaýyn artýar.
Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 29 müňden gowrak agzasy bar. Olar ýurtda kabul edilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýarlar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady taýdan rowaçlygyny, ägirt uly mümkinçiligini görkezýän Arkadag şäheriniň gurluşygyna hem birleşmäniň agzalary mynasyp goşant goşýarlar. «Akylly» şäheriň birinji tapgyrynda birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagynda jemi bahasy 11 milliard 500 million manada golaý bolan 337 sany desga gurlup ulanmaga berildi. Onuň ikinji tapgyrynda birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagynda jemi bahasy 3 milliard 400 million manada golaý bolan 120 sany desganyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.
Mundan başga-da, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary jemi bahasy 2 milliard 300 million amerikan dollaryna deň bolan, umumy uzynlygy 600 kilometre ýetýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny hem ýerine ýetirdiler. Häzirki günde bu döwrebap ýoluň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler esasynda hereket edýän hususy kärhanalar alyp barýan işiniň gerimini has-da giňeldýärler. Olar innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan häzirki zaman kärhanalaryny gurýarlar we döwrebap önümçilikleri, täze iş orunlaryny döredýärler. Hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Şeýle hem içerki bazary azyk önümleri we halkyň sarp edýän harytlary bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň artýan möçberini dünýäniň 50-den gowrak ýurduna eksport edýärler.
2010-njy ýylda telekeçileriň «Rysgal» gazetiniň, 2011-nji ýylda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, 2012-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi hususy pudagy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimler boldy.
