Eýranyň Abadan şäheriniň ýaşaýjysy Pars aýlagynda gaýykly ýüzüp ýörkä, deňizde äpet kit akula sataşdy. Erkek kişi batyrlyk bilen suwa böküp, akulanyň arkasyna mündi we halk tansyny ýerine ýetirdi. Wideony «Abzas» Telegram-ýaýlymy çap etdi diýip, «Rambler.ru» ýazýar.
Joşgunly tansdan soňra eýranly akula minnetdarlyk bildirip, onuň kellesini sypalady. Soňra owadan, güýçli balygyň arkasyndan düşüp, gaýygyna dolandy.
Žurnalistler bu sebitde kit akulalaryny münmegiň giňden ýaýrandygyny belleýärler. Emma alymlar we daşky gurşawy goraýjylar muny oňlamaýarlar.
Eýranly wakadan soňra ýyrtyjy balygyň özüne hüjüm etmän, ýüzüşini dowam edendigini gürrüň berdi.
